Salam, adamlar!
Ýadyňyzda bolsa, men şu saýta "Garagumyň" gülleri diýen kitaby gözläp gelipdim..
Häzir men şol kitaby tapyp. elektron görnüşe geçirdim hem-de ony we başga-da kän türkmeniň taryhy kitaplaryny Orsýediň talyplar üçin niýetlenen "twirpx.com" diýlen belli saýtyna goýdum.
Umuman, "Kitapcy.com"-yň agzalaryna şol saýty maslahat berýärin. Aňyrda kitaplary ilkibada muzdsyz inderse bolýar, soňra ball talap edilýär. Eger kimiň ballary azalsa maňa ýazsaňyz size ball geçirerin. Bu reklama däl, ak ýürekden kitapsöýerler üçin!
Saýtyň türkmençe eserler bölümi - https://www.twirpx.com/files/fiction/foreign/turkmen/
Türkmenistanyň taryhy bölümi - https://www.twirpx.com/files/science/historic/asia_africa/turkmenistan/
@Haweran.Salam.Menem awtorlar bölüminede goýsaňyz,öz ýazanlarymy tema edip açyp bilermikäm? Känbir ýazýan zadym-a ýok.Ýöne edebiýat bilen içkin gyzyklanýan.
Hemmelere poçtada jogap ýazdym. Oglanlar, bir zada düşüniň, ball geçirmek üçin maňa siziň şol saýtdaky nikiňiz gerek, sebäbi ol ýerde gözleg täze agzalary görkezenok, şonuň üçin meniň sahypama girip, bir zatlar ýazyň ýa-da garaz bardyňyzy bildiriň we men size ball ibererin. Meniň şol ýerdäki nikim Adam we ol gözlegde aňsat çykýar.
twripx.com örän gowy saýt dürli dillerde dürli kitaplary mugt tapyp bolýar. Ball köpeldip berme islegiňizem örän gowy welin düşünmedim tölegli köpeltýäňizmi ýada mugt?!
Shol saytdan kitap almak uchin agzada boldym alyp bolmady.Mekdep kitaplar gerekdi elektron gornushi bashka nirden alyp bilerkam taryh-edebiyat kitaplar.
Biz käbir "saytlar" yaly reklamadan howatyrymyz yok. Gowy zat ü.n berlen salgy reklama bolmayar. Sag bol, agam, gowy iş. Elektron gornuşe geçiren ile-gune peydaly yazgylaryñy barde-de paylaşsañyz köp minnetdar bolardyk..