09:20
Ahy tutdy
AHY TUTDY

The Centers for Disease Control and Prevention (CDC)…
ABŞ-nyñ Kesellere garşy gözegçilik we öñüni alyş merkezleri.
Ikinji jahan urşundan soñ 1946-njy ýylda "Ysytma garşy göreş ofisi" ady bilen açyldy.
Onuñ döredilmeginde iñ uly goldawy "Rockefeller fondy" berdi. (CDC-niñ birinji işi alty ýarym milliondan gowrak öýe DDT "zyýansyzlandyryş dermanyny"-zäherini sepelemek boldy. Bolýa-la...
“Waksina” diýlende dünýäde ilkinji bolup ýada düşýän guramalaryñ biri CDC waksinalaryñ howpsuzlygyna jogapkärdir we bu gurama geçiriljek waksinasiýalaryñ sanawyny düzýär we ş.m.
Özem ýokanç kesellerden başlap azyk önümleri arkaly ýaýraýan keselleriñ barsyny seljerip, raýatlarynyñ saglygyny goramaga jan edýärler. Elbetde, olaram "ak jüýje" däl: 1951-nji ýylda Koreýa urşy döwründe Epidemologik kontrrazwedka serwisini (EIS) gurdular. Wagtyñ geçmegi bilen bu merkez biologiki uruşyñ harby bazasyna öwrüldi! Mysal üçin, 1984-nji ýyldan 1989-njy ýyla çeni Yraga botilinum toksini, "Günbatar Nil wirusy", "Ýersiniýa Pestis" wirusy we Dang lihoradkasy ýaly birnäçe biologiki uruş serişdesini ugradandygyny boýun aldy!
Garşyñyzda ölüm howply wiruslary gönderip, adamlaryñ ölmegine sebäp bolýan saglygy goraýyş edarasy bar! Ýene bir fakty mysal bereýin:

- Düýn ýazylan şarbon ýalanynyñ öñbaşçysy Juli Gerberding 2002-2009-njy ýyllarda CDC-nyñ başlygy wezipesinde oturdylyp, üsti ýörite sylaglardan gömüldi. Obama ýolbaşçy wezipeleri üýtgetmänsoñ, nirä gidendir öýdýärsiñiz: Global "Merck" derman öndüriji şereketiniñ waksinalar boýunça bölüm başlygy boldy!
Nähili tötänlik:
"Merck" şereketiniñ iñ gymmat “Gardasil” atly wirusa garşy waksinasynyñ iñ uly hemaýatkäri-de professor Gerberdingdi, ol şol wagt-2006-njy ýylda CDC-e ýolbaşçylyk edýärdi we waksinanyñ ygtybarlydygyny aýdýardy.
Bu waksina 2011-nji ýyla çenli 120 ýurtda idin berdiler. Şolaryñ biri-de Türkiýedi.

TÜRKİÝEDÄKI LOBBI

Human Papilloma Virus (HPV), bitertip jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşýan kesel...
"Gardasil" waksinasy dokuz ýaşlylardan başlap, hem-ä ýatgyda döreýän düwnügiñ öñüni almak üçin gyzlara, hemem genital siññiller sebäpli oglanlara rutina hökmünde maslahat berildi.
"Gardasil" sanjymyny urduran ýigrimiden gowrak aýal-gyz aradan çykdy. CDC ölümlere waksinasiýanyñ dahylynyñ ýokdugyny aýtdy! Muña garamazdan zenanlaryñ immun goragynyñ pesligine bagly ysmaz keseli-Guillain-Barre Sindromy (GBS) gabat geldi. Munuñam waksina dahylynyñ ýokdugy aýdyldy! Hemmesi tötänlikmiş! Şeýdip, ABŞ-da waksina satuwy dowam etdi.
Emma başga ýurtlarda beýle bolmady. Mysal üçin:
Ispaniýa ýaş gyzlarda döredýän goşmaça täsiri (agyry-yzasy) sebäpli "Gardasiliñ" ulanylmagyna çäklendirme girizdi we ş.m.
Geleliñ, Türkiýä...
"Gardasil" waksinasy Türkiýede satylýar. Özem "Gardasil"-HPV waksinasynyñ Türkiýede rutina waksinasynyñ sanawyna girizilmegi üçin giñ gerimli lobbi ýöredilýär.
Dünýäde çekişmelere sebäp bolan "Gardasil" barada giñişleýin maglumat edinmek isleseñiz iki dokumental filme tomaşa etmegiñizi maslahat berýärin:
Dokumental filmiñ biri bu waksinanyñ Daniýada maýyp edip taşlan gyzlaryndan söz açýar.
Ikinjisi, Irlandiýada waksinanyñ döreden düýpli neýrologiki bozulmalary sebäpli maşgalalaryñ inisiatiwasy bilen başlanan kampaniýa hakynda.
CDC-iñ hakyky ýüzi şu ýyl belli boldy:

SALGYLANMA SERETSEÑIZLÄÑ!

Kowid-19-dan öñ amerikanlaryñ 80%-i Kesellere garşy gözegçilik we öñüni alyş merkezlerine (CDC) ynam edýärdi. Bir ýylda bu ynam ýarpa ýarpy azaldy. Şeýle boldy:
ABŞ-da koronawirus keseli 2020-nji ýylyñ 20-nji ýanwarynda ýüze çykdy. CDC-iñ başlygy, wirusolog, ätiýaçdaky polkownik, professor Robert R.Redfield test abzallary arkaly derhal keseli berk gözegçilik astyna aljakdyklaryny aýtdy. Emma CDC-iñ test abzallary näsaz bolup çykdy, "laboratoriýada ulanylman ýatansoñ poslapdyr" diýen boldylar. Bu ýagdaý üç hepde dowam etdi. Üns beriñ:
CDC-iñ ilkinji test toparynyñ ýalandygyny bilse-de, kesele ýoluganlaryñ sanyny görnetin artdyryp berýändigi ýüze çykdy! Hatda Prezident Tramp hem bularyñ oýnuna sessiz durup bilmedi, ol hassahanalara kowid-19 baradaky ähli maglumatnamalary CDC-e däl-de, Saglyk we ilata hyzmat ediş ministrliginiñ maglumatlar bazasyna ibermegi buýurdy.
Şeýlelikde, CDC-iñ iki dürli kowid-19 test netijenamasyny şol bir kişi üçin “pozitiw” we “negatiw” berýändigi ýüze çykaryldy. "The Atlantic" žurnaly kesele ýoluganlaryñ sanynyñ ep-esli artdyrylyp berilýändigini, ýurtdaky epidemiýanyñ ýagdaýyny çişirip, ýalñyş maglumatlaryñ berilýändigini ýazdy.
CDC-iñ iki işgäri ylmy maglumatnamalaryñ ýoýulýandygyny aýtdy.
Gelen şuña meñzeş tankydy belliklerden soñ CDC kowid-19-yñ görkeziji tablisasyny web saýtyndan wagtlaýyn aýyrdy.
Bize meñzeş ýurtlarda waksinalar üçin zol-zol salgylanma hökmünde görkezilýän CDC-e ABŞ-da indi şübheli göz bilen seredilýär, her aýdan zadyna ynanylanok, oña bildirilen ynam ters ýüzüne çöwrüldi. Kim bilýär, belki-de... CDC tarapyndan waksina-autizm baglanşygynyñ üstüniñ örtülendigini habar berendigi üçin CDC-den kowulan Dr. William W.Tompsonyñ ahy tutdy!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 16.12.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Medisina | Просмотров: 102 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Gökböri   [Mowzuga geç]
Hawa @türkmentug, amerikaly öwlatlardanmyş

0
3 turkmentug   [Mowzuga geç]
Gargamasada ,gynanandyr ,olam näme arkasy güýçli,öwlatlardan diýýäler ,onsaň şo gynanjy tutan bolmagy ahmal .ýöne dükandaky käşiriň bahasyna çenli tutdy özä :-)

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Amerikanlar artdyrylyp ýazylýandygyna şübhelenýär, ruslar we türkler kemeldilip ýazylýanyna şübheli, käbir ýurtlarda asla hasaba koronawurus hasaba alynmayandygyna şübheli...

Bärde şübhe edip bolmajak bir hakykat bar, olam - hiç bir yurduñ koronawirus baradaky dogry maglumatlary paylaşmayandygy!

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tompson gargaýdymyka, görgüli sad smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: