16:33
Mährem enäniň ýazgylary -10/dowamy
MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY

Ikinji bölüm
IV bap

Ýürek hakynda.

Göwündir ýürek bir-biri bilen şeýlebir birleşip gidipdir welin, göwnüňe bolmasa, olaryň arasynda hiç hili tapawut ýok ýaly adamlar şol bir zady iki hili at beren ýaly bolup görünýär; gürrüňdeşlikde, kitaplarda olary birsyhly garjaşdyrýarlar; ýöne welin, az-kem böwrüňi diňleseň, olary tapawutlandyrmak onçakly kyn däl. Göwün sahawatlyklaryň enesi bolsa, ýürek biziň duýgularymyzyň çeşmesidir; göwnümiz bizi söýgä mynasyp edip ýetişdirse, ýüregimiz bize söýmäni öwredýär; biz bagtymyz üçin minneti göwnümizden çeksek, şol bagtdan peýdalanmagyň ýollary üçin minneti ýüregimizden çekýäris. Göwün birsyhly işde bolup, mydam tutanýerliligi talap edýär, ýürek bolsa mähremligi, alçaklygy gowy görýär, sebäbi ol hemişe söýýär. Göwün has kämil bolup, ýürek has ajapdyr. Açyk göwün, göwnüňe bolmasa, hiç bir azaşma sezewar bolýan däldir, ýöne iň gowy ýürek ýalňyşyp bilýändir. Onçakly tejribäm, delilim bolmasa-da, men bütin ömrüme bir zada anyk göz ýetirdim: erkekleriň hemişe göwünleri açyk-da, aýallaryň hemişe ýürekleri gowy. Munuňam sebäbi: olaryň güýçli bolup, biziňem ejizligimizdir. Biziň ýüregimiz kämillige ýakyn boldugyça, oňa gözegçilik etmek hem şonça kyndyr. Men onuň aňsatja ýalňyşyp bilýändigini eýýäm aýdypdym; onsaňam muny menden gowy bilýän adam barmyka, sebäbi meniň ähli azaşmalarym ýürek zerarly bolup geçýär ahyryn!
Mähremlik, syzgyrlyk, näziklik, açyklyk — ynha, ýüregiň iň möhüm taraplary. Ýöne birneme çişiriberseň, olaryň erbet netijelere eltmegi hem mümkindir. Mähremlik aňsatlyk bilen ejizlige ýazýan bolsa, syzgyrlyk begenje ýa-da düşünmeklikdir duýmaklygyň ýalan ýoluna sapyp bilýändir. Näziklik öýkelemeklige geçse, açyklyk gödeklige geçýändir. Ýüregi bagtyýarlyk üçin zerur serhediň çäklerinde saklamagyň ýeketäk serişdesi onuň hereketlerine akylly-başly erk etmegi paýhasa ynanmakdyr. Ýöne muňa näme diýjek! Özüm-ä saňa ýüregiň ajap gylyklaryna hyýanat etmezligi öwredip otyryn, şol bir wagtyň özünde-de şol gylyklaryň haýsylardygyny synap geçmändirin! Liza jan, munuň üçin sen meniň günämi ötgün, şu zat baradaky öte geçmelerim maňa şeýle bir hupbatlar ýuwutdyrdy welin, ökünip yzyndan ýetip bilemok, şol sebäpli hem şol barada gürrüň gozgaýan welin, ýüküm ýeňlän ýaly bolaýýar. Yzgytsyz, doňýürek, gödek we içimtap adamlaryň bardygy barada men gürrüňi uzaldyp oturjak däl; olar doganda şeýle dogýarlarmy ýa-da bu biderek terbiýäniň, ters göreldäniň netijesimi — bu hakda men takal okap oturjak däl. Men muny has ylymly, has tejribeli adamlara goýaýyn. Maňa Liza janymyň ýüreginiň mährem hem syzgyrdygyny bilsem besdir. Bu bellikler bilen men bir täzelik açjak ýa könäni täzelejek bolamak, bu mümkinem däldir; men diňe seniň ýüregiň iň gowy sypatlaryny göz öňüne getirip, olaryň gadyryny bilmegiňi, şol sypatlary öwrenmäge jan etmegiňi, öwrenibem olara hiç haçan hyýanat etmezligiňi isleýärin.
Mähremligi ýazyp beýan edip biljek adam barmyka? Mähremlik iň ajaýyp duýgularyň biridir, duýgularyň diýýänimiň sebäbi ony sahawatlyk saýyp bolýan däldir, sebäbi, meniň pikirimçe, adam onçakly kämil däldir, şonuň üçinem tas sahawatlyk diýäýjek zadyň hem käbir tagallalary talap edýändir we ony amal etmek üçin pidalar zerurdyr. Diýmek, alçaklykdan aňsat zat ýokdur; onuň ýagşylyk etmek, duşmanyny-da söýmek, öýkesini unudyp, öňýetene eglişik etmek bilen mekan tutan ýeri bolan ýürek özüniň näme edip, näme goýýanyny onçakly bilýän däldir, etjek işi barada oýlanman, islän zadyny edip ýörendir. Alçaklyk Hudaýyň eçilen kämilliginiň hakyky şöhlesidir; ol biziň bütin ömrümize bagt saçýandyr. Onsuz sahawatlylyk onçakly ajap, onçakly kämil bolup bilmez; ol zenan maşgalanyň iň esasy bezegi bolmak bilen, erkekleriň hem iň gowy sypatydyr.
Ýöne alçaklyk şeýle ajaýyp sypat bolansoň, oňa hyýanat etmek hem mümkindir, şonda ol, eýýäm aýdyp geçişim ýaly, ejizlige ýazýandyr. Çendenaşa alçaklygyň howply netijeleri çakdanaşa eglişikdir, kesekiniň pikirine dilsiz-agyzsyz tabyn bolmakdyr, çakdanaşa geçirimlilikdir we ähli kişini özüň ýaly saýmakdyr. Tutanýerlilik we bolşuňy saklamaklyk hatda zenan maşgala üçin hem zerurdyr. Gereg-u-gerek däl ýagdaýlarda ýüze çykýan ak göwünliligiň gadyry gaçýandyr. Durnuksyz häsiýetli zenana hiç haçan bil baglap bolýan däldir: ol edil ýumşajyk mum kysmydyr, ol nähili keşbe salynsa, şol keşpde bolguçdyr, köplenç hem töweregindäki adamlara we ýagdaýlara baglydyr. Liza, gowşak häsiýetli bolmajak bolgun, gaýtalap aýdýaryn, seniň alçaklygyňa, goý, paýhasyň özi erk etsin. Kakaňa, adamyňa, ululara sarpa goýup, şolaryň diýenleri bilen bolgun, ýöne sen muny diňe sahawatlyga ters gelmeýän zatlartalap edilip duran ýagdaýlarda şeýtgin. Ulalyp, kemala geleniňden soň bolsa, hiç kime göwnüňe degdirmegin: kimde-kim özüni sylap bilmese, ony il hem hiç haçan sylamaz. Özüňe juda uly baha bermek bolmaz, ýöne öz arzyňy gaçyrmak hem dogry däldir... Sen welin, Liza jan, özüňe hakykatyň gözi bilen garagyn: kemçilikleriňi düzetjek bolgun, ýöne özüňe käbir adalatlylyklary hem eçilgin.
Her bir zat barada, aýratyn-da her bir ýagdaý barasynda öz pikiriň bolsun; pikirlenmezden netijä gelmejek bolgun, emma onuň hakykatdygyna göz ýetirseň, ony hiç haçan terk etmegin, ony mylaýymlyk bilen goragyn, oňa görä hereket etmek üçin eliňde baryny etgin...
Elbetde, mähremligiň iň ajaýyp taraplarynyň ýene biri göwne degilmäni geçmek we başga birine geçirimli bolmakdyr. Ýöne bu babatda-da çeniňi bilmek gerekdir. Bir meşhur fransuz alymy: «Kimde-kim bolgusyzlara ýol berýän bolsa, ol sahawatlylyga garşy dildüwüşme gurýandyr» diýip, adalatly aýdypdyr. Liza, seniň ters ýola düşenlere haýpyň gelsin, sen olaryň takdyry barada matam tutgun, gyzym, sen olara, başarsaň, maslahat bergin, ýöne hiç haçan olara geçirimlilik etmegin. Uzagyndan özüň hyzmatkärli bolsaň, çaga-çuga edinseň, olary mähremligiň bilen azdyrmagyn, ýöne olara gazaply hem daramagyn, hemişe adalatly bolgun. Hojaýyndyr ata-eneleriň hülli-hüllüleriniň iň elhenç netijelere getirmegi mümkindir. Etmişiň günäsini aňsatja geçmek uly ýalňyşlykdyr — munuň özi täze etmişlere meçew bermekdir, Ýöne birentek adamyň edişi ýaly, olaryň etmişleri üçin gazaba münmek ýa olara beleň bermek din üçinem, göwnüň üçinem ýürekbulançdyr. Mähremligi paýhaslylyk bilen ytgaşdyrmak üçin, kim göwnüňe degse, sen öz ýanyňdan bada-bat onuň günäsini ötgün, ýöne muny oňa bildirmegiň, goý, seniň göwnüňe degen adam etmişine tüýs ýürekden puşman etsin we seniň günäsini geçmegiňe mynasyp bolsun.
Hemme kişini özümiz ýalydyr öýtdürýän çendenaşa mähremligiň adatdaky netijesi biziň adamlar barada edýän çakymyzyň ýalan çykýanlygydyr, onsoň ol aldanmalarymyz näçe az garaşan bolsak, bize şonça-da agyr degýändir. Eger biz nätänyş bir zenana duşanymyzda onuň bizde galdyrýan ilkinji täsiri yzgytsyzlyk bolmasa, onda munuň özi ynanmak hem sylamak duýgusydyr, ýöne bu-da hemişe hakykat bolup durýan däldir. Liza, sen öňýetene jan ynanmagyn, aldanmaz ýaly, adamlar barada howul-hara netije çykarmakdan seresap bolgun. Başga bir ýerde men bada-bat dostlaşmagyň howplulygy barada giňişleýin gürrüň berjekdirin, häzir bolsa, gyzym, bir zady aýdyp geçeýin: çendenaşa mähremligiň netijesi her hili bolsa- da, meniň pikirimçe, zenan maşgalada mähir az bolandan, köpräk bolany gowumyka diýýärin.
Duýgurlygy — mähremligiň süýtdeş dogany, onuň aýrylmaz hemrasy hasap etse bolar, kimde- kim tüýs mährem bolsa, ol duýgurdyram. Derdi- hasratlarda gözýaşa, şatlykda şadyýanlyga duşmak, kesekiniň gününe ýanmak, kesekiniň şatlygyna öz şatlygyň ýaly begenmek, ýakyn adamyň eşreti üçin pida çekmek, bir söz bilen, söýmegi başarmak — duýgurlygyň alamaty, ynha, şulardyr. Başlangyjyny alçaklykdan alýan duýgurlyk seni gitdigiçe kämilleşdirp, saňa täzeçe öwüşgin berer. Mähremlik ýaly, ol hem haýsydyr bir instinktiň netijesi bolmalydyr, sebäbi ol hiç haçan oýlanmaýar, ol bizden biygtyýar ýüregimize teselli berip, ony edara edýär. Köplenç haýsy hem bolsa bir asylly etmiş barada gürrüň gidenin-de, biriniň derdi-hasratyna duşanyňda, onuň ýüregimizde gozgalaň tapanlygyny entek bilmesek-de, onuň bardygyny ýuwaşjadan aýan edýär. Ýöne men bu ýerde duýgurçyllygyň ajaplyklary barada köp gürläp durjak däldirin: ol, mümkin boldugyça, erkeklerde köpräk bolsa gowudyr, zenanlar barada aýdanyňda bolsa, ol olarda adaty zat we şeýle bir köp welin, käte ondan saklanmaly hem bolýandyr. Köplenç ol biziň jynsymyzyň ähli azaşmalarynyň sebäpkärine öwrülýändir, käte onuň uly etmişiň üstünden eltýän halatlary-da bolýandyr. Lizam, gowy gylyk ýalam bolsa, çendenaşa duýguçyllygyň zyýanly netijelerine göz ýetirmek üçin ýekeje mysal hem ýeterlikdir, özi zerarly birtopar zenanyň möhüm borçlaryny ýatdan çykardýan zat barada-ha gürrüň edibem oturjak däl: men ony beýan edeýin diýsemem, edibiljek däl, şonuň üçinem gyzymyň beýle öwüt-nesihatlara mätäç bolmajakdygyna Hudaýa bil baglamaly bolýaryn. Meniň şu çaka çenli köteklenýän we ol barada seniň bilen gürleşmek isleýän duýguçyllygym iň gowy pursatlaryňa awy gatýandyr, kelledir ýüregiňi howply-howply arzuwlar bilen doldurýandyr; bize daş-töweregi, adamlary nädogry röwüşde görkezip, ol bizi gadyr bilmezek, adalatsyz we betbagt edip ýetişdirýändir, sebäbi hemme kişini özümiz ýaly etjek bolup, biz sagdyn paýhasy doňýüreklik diýip, hakyky ýagdaýy bolsa elhenç perwaýsyzlyk diýip hasap edýändiris. Beýle hyýallara uçran zenan özüne bolan iň päk hamraklykda diňe gowşajyk bir duýgy görýändir, sebäbi ol hamraklyk zenanyň duýgusy ýaly hujuwly dälmiş; şunuň netijesinde hem ol hyýalynda lowlap duran adatdan daşary bagta ymtylmak bilen, ol dynuwsyz gam çekýändir we özüni barypýatan bagtlyka-da betbagt saýýandyr. Onsoňam bu duýgynyň gynançly hem howply ýeri, meniň eýýäm aýdyp geçişim ýaly, ol öz ajaýyplyklary bilen bize al salýandyr we sahawatlyk bolan bolup, kalbymyza aralaşýandyr. Ýöne onuň jadysy uzaga çekýän däldir: wagt we tejribe bize nämäniň nämedigini düşündirýändir. Onsoň biziň kä şatlykly, kä gaýgyly arzuw-hyýallarymyzdan diňe gijigen ökünç galýandyr. Gyzym, men saňa ýene bir gezek sargaýaryn: sen ýalançy hem çendenaşa duýgurlykdan seresap bolgun, men ir çagalygyňdan başlap, saňa hakyky, çyn duýgulary öwretjek bolup jan çekipdim. Sen häzire çenli romanlary okap göreňok, ýogsa ol kitaplar zenan maşgalalardaky dogruçyl duýgurlygy küteldip, olarda inçe hem zyýanly duýgulary oýarýandyr; sen şol duýgularyň birinjisini saklagyn-da, ikinjisinden gaça durgun: olaryň biri näçe şatlyk getirse, beýlekisi şonça gussa uçraýandyr.
Kimde-kim hakyky merhemetli paýhasly duýguçyllyk bilen aralaşýandyr. Ol hiç haçan ýeterlik aňladylyp we beýan edilip bilinmez, ýogsam ol ýatlanylyp geçilen iki duýgynyň ajaýyp netijesi, biziň jynsymyza mahsus bolan terbiýäniň miwesidir. Hatda şol näzikligiň özünde barlygyny aňýan, duýýan, onuň gadyryny bilýän adam hem,aýdyşym ýaly, onuň ähli öwüşginlerini, ähli gözelliklerini doly beýan edip bilmez. Ol galam astyndan gaýyp bolmak bilen özi barada gür bereýin diýýän däldir. Pikirem ony idili gurşap alyp bilýän däldir, şonuň üçin ony diňe ýürek aňyp, ýürek duýyp bilýändir. Ol alçaklykdyr duýgurlygyň ajaýyplyklaryny iki esse artdyrýandyr, ol taryplama täze ýakym bermegi, igenmäniň gazabyny ýumşatmagy, öwüt-ündewe ýakymly röwüş çaýmagy öwredýändir. Onuň kömegi bilen adam durmuşyň dürli ýagdaýlarynda özüni nähili alyp barmalydygyny öwrenýändir. Beýleki duýgular we sahawatlyklar adamy ýaramaz hem zyýanly hereketlerden saklaýandyr, näziklik bolsa ýaramaz pikirlere-de ýol berýän däldir. Näzik kalp ýalan öwgüden adalatsyz igenç eşidenini has gowy görýändir. Onuň üçin uly-uly ýalňyşlyklaryny gizläninden, olary boýun alan has gowudyr. Eger hoşallyk ýürek ýadygäri bolýan bolsa, onda hoşamaýlyk onuň gözleri ýa nazary diýip atlandyrsa bolar, çünki ol keseki ýüreklere barýan ýola şeýle belet, şeýle çalt aralaşýandyr welin, göwnüňe, onuň gözi bar ýaly duýulýandyr. Her näçe kämil bolsa-da ol instinktiň işi däldir, ýöne mähremlikdir duýgurlygy ele alanyňdan, hoşamaýlygy ele almak aňsadrakdyr. Gepiň tümmek ýeri, bu üç duýgynyň şeýle bir ajaplyklary köpdür welin, meniň pikirimçe, gadymy adamlaryň üç gözelligi gowy görmeleriniň sebäbi şu esasdamyka diýýärin. Olar ähli babatda biri- birlerine meňzeşdir. Olaryň aýal hudaýlarynyň keşplerini ýalaňaç görnüşde ýa horaşaja geýimde çekipdirler, alçaklyk, duýgurlyk we näziklik diňe tebigy ýagdaýlarda gözeldirler. Kaddy-kamatlar hemişe juwan bolupdyrlar, ýöne wagtyň kalp gözelligine edip bilýän zady ýokdyr. Kaddy-kamat hemişe el-ele berip duran görnüşde bile şekillendirilipdir. Gürrüňini edýän sypatlarymy hem biri-birinden jyda düşürmek şunuň ýaly kyndyr we bu pikiriň delile gelmesiniň sebäbi: gadymy adatlar kaddy-kamata, haýyr-sogaba hemra bolmaga ajap hukuk beripdirler. Mähremligi, duýgurlygy we näzikligi bolmadyk haýsy bir adam hakyky haýyr-yhsançy bolup bilsin? Hatda bu üçüsini bilelikde öz ýüreginde birleşdirip bilmeýän adam hem hakyky haýyr-yhsançy bolup bilmez. Alçaklyk görgüsi ýamana diňe kömek edip bilýändir, duýguçyllyk onuň gözýaşyny paýlaşyp, ony sylýandyr, näziklik ony öz mätäçligini hem, ýagşylygyny hem unutmaga, mejbur edýändir. Ýagşylyk diňe kömekdir sadaka bilen çäklenýän bolsa, ol diýseň gadyrdan gaçýandyr: ýagşylyk eçilýän oňa mylaýym sadyklygyny hem goşmasa we öz ýagşylygyny esli wagtlap ýadyňdan çykarmasa, ol ýagşylyk özüniň birentek artykmaçlyklaryny ýitirýändir.
Ýürege mahsus bolan öte geçmeler barada aýdylanda bolsa, näzikligiň hem aldanyp biljekligini, oňa hyýanat edilende onuň zyýanly netijelere getirýändigini men eýýäm ýaňzydypdym. Ol diýseň düşgür bolansoň, başga kişileriň ýalňyşlyklaryny derrew görýändir. Başga kişileriň aýdanlaryny we işlerini yhlas bilen saldarlap, olary derrew seljerýändir, ýöne oňa paýhas erk etmese, onuň durşy bilen ýalan zada öwrülmegi mümkindir. Şonda oňa öýkeleklik diýilýändir. Öýkeleklik köplenç duýgurlygyň düýpden ýetmezçiligi zerarly hem döräp bilýändir, ýöne meniň gürrüňini berýän näzikligim diýseň muşakgatly: daşdan görüji ol göwni galmaklyk üçin birsyhly sebäp tapyp durandyr, biziň imi-salalygymyza darygýandyr we hamraklyga zyýanly täsirini ýetirýändir.
Indi maňa açyk ýüreklilik barada gürrüň beräýmek galýar. Açyklyk köpler üçin geň bolup görünýän, köpleriň gaçalak atýan, emma hiç haçan muny etmäge ýetişmeýän, sebäbi her kimiň tebigatynda bolan Hudaýyň — hakykatyň söýgüsidir. Açyklygy duýgy diýip atlandyrman, sahawatlyk diýip atlandyrmaly eken, ýöne onuň her bir dogruçyl ýürekde mekan tutany üçin, men ony ýüregiň gowşajyk beýanynda ýerleşdirýärin. Eziz balam, goý, ol hemişe seniň ýan ýoldaşyň bolsun! Ajaýyp sypat bolan açyk göwünlilik duýgur ýüregi bezeýändir. Ondaky zatlary okamaga mümkinçilik berýändir. Eger biziň etmişimizde gizläp oturasy zat ýok bolsa, ol ony aňsatlyk bilen ele alýandyr. Goý, hakykat mydama seniň diliň senasy bolsun; sen hiç haçan duýmaýan zadyňy duýan kişi bolmagyn, pynhan saklamaly zadyňy duýjak hem bolmagyn. Hakykat söýgüsi şeýle bir gymmatly bolany üçin oňa her bir ownuk zatda dil ýetirip durmak bolýan däldir, sen ony diňe bir etmişleriňde we duýgularyňda däl, eýsem gürrüňleriňde hem synlagyn. Ýöne biziň dünýämizde düýpden aç-açan bolmak mümkin däldir, munuň üçin adamlar juda kämil bolmalydyr. Her kimiň kemçiligini ýüzüne basmak we hakykaty aýtmak howply zatdyr. Köplenç adam jyny jynkyryşmaýan adamlar bilen ýaşamaly, sylamaýan adamlaryna kömek etmeli bolýar: şeýle ýagdaýlarda bu dogruçyl ýürek üçin her näçe kynam bolsa, hakykaty gizlemeli bolýandyr, sebäbi şeýle ýagdaýlarda biziň tüýs ýürekden syzdyryp aýdýan hakykatymyz gönümellik däl-de, duranja gödeklik bolup çykýandyr.

Terjime eden:Daňatar Berdiýew

"Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 28 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Daňatar Berdiýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: