10:10
Men saňa ýetsem...

MEN SAÑA ÝETSEM

Nälaç gözýaşlara ezilen dünýäň
Gursagyna basyp dähedem-dessem,
Ähli gussalaryň üstünden ätläp,
Men saňa ýetsem!

Gar deý ap-ak arzuwlarda gulaçlap,
Gap-gara gözlerňi gözlerme sürtsem.
Elimde eliňi görmegim üçin
Men saňa ýetsem!

Gülgüne lebiňden gül ysy gelýär,
Gözlerden ogrynça lebiňden öpsem.
Gözel arzuwlarma ýol arçar ýaly,
Men saňa ýetsem!

Owadan gijeler duýgymy seçip,
Soňsuz ejirlerden çykdym men üstün.
Bu barlykda boljak iň uly ýeňşim,
Men saňa ýetsem!

Sapa HOMMADOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 4
0
4 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Zuleyha ayydýan aydymymy

0
3 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Dahedem dessem men saña yetsem

0
2 turkmentug   [Mowzuga geç]
Owadan eken ,hawa . Şol geliniň aýdýan aýdymynyň sözlerimi şu ,ýa başgamyka ?

0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Juda owadan ýazylan goşgy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: