22:35
Gorkynyñ gözbaşy çöññelikde
GORKYNYÑ GÖZBAŞY ÇÖÑÑELIKDE

Şarbon
Keselli haýwanlardan gönüden-göni ýa-da başga ýollar bilen adamlara-da ýokuşyp bilýän bakterial kesel.
Lui Pasteriñ 1870-nji ýyllarda sygyrlarda synagdan geçiren waksinasy ilkinji öñüni alyş çäresidi.
Emma, Pasteriñ ölümüniñ yüzünji ýyly bolan 1995-nji ýylda "New York Times" gazeti “Pasteriñ aldawy” atly makala çap etdi. Ylmyñ taryhyny öwreniji alym Jerald L.Geýson Pasteriñ laboratoriýa işlerini geçirende edýän belliklerine salgylanyp, synag üçin ulanylýan şarbon waksinasynyñ taýýarlanşy boýunça ýalñyş kesgitleme berendigini ýazdy. Şol ýyl tanymal biolog Maks Perus "New York Review of Books"-da “Pasteriñ garşylygy” makalasy bilen çykyş etdi.
Ýagny... şarbon waksinasynyñ jedeli üstünden ýüz ýyl geçensoñam edildi.
Häzir dünýäde Pasteriñ waksinasy däl-de, awstriýaly immunolog Mak Sterniñ 1935-nji ýylda taýýarlan waksinasy ulanylýar.
Geleliñ, adam şarbonynyñ waksinasyna…
SSSR otuzynjy ýyllarda öndürdi, kyrkynjy ýyllarda adamlarda synag edilmäge başlandy.
ABŞ-da häzir ulanylyp (Azyk we derman önümçiligi edarasy FDA-nyñ tassyklan) ýörlen waksina altmyşynjy ýyllarda taýýarlandy.
Bugün koronawirus waksinasynyñ üstünde turýan "Hytaýyñkymy ýa ABŞ-Germaniýanyñ waksinasymy?" jedelleri "Sowuk uruş" döwründe şarbon waksinasynyñ üstünde turupdy! SSSR-iñ (we Hytaýyñ) öndüren şarbon waksinasyny Günbataryñ habar beriş serişdelerinde garalap çykyş etdiler.
Bolýa-la, sizi "güýji peseldilen ştamm näme?" diýen ýaly jikme-jik maglumatlara we satyn alynýan haýwanlar bilen gelen şarbon hakyndaky faktlara güýmäp durmaýyn, meñ aýtjak bolýan zadym başga...

■ [BİOLOGIKI ÝARAG[/b]

Şarbon biologiki ýarag hökmünde ulanylýar.
Gaty daşa gidip durjak däl…
Dünýäde şarbonyñ biologiki ýarag hökmünde ulanylmagy Günbataryñ habar beriş serişdeleriniñ üsti bilen togsanynjy ýyllarda Pars aýlagy urşy sebäpli üns merkezine düşdi: Saddam biologiki ýarag öndürýärmiş!
Stanford uniwersitetinde biologiýa, Garward uniwersitetinde medisina ugrundan okan we halk saglygy boýunça barlagçy (TED-däki “Dermanlary nähili gowulandyryp bileris?” nutugy bilen tanalan) professor Atul Gawande Pars aýlagy urşundan dolanan amerikan esgerleriniñ sindromy barada "Slate" žurnalyndaky makalasynda şu meseläni orta atdy: Şarbon waksinasynyñ goşmaça täsiri!
Prezident Klintonyñ hökümeti 1997-nji ýylda "Şarbon waksinasiýasy maksatnamasyny" (AVIP) herekete girizip, amerikan goşunynyñ şahsy düzüminiñ waksinasiýasyny zor bilen amala aşyrmak islände, çekişme möwç alyp ýetjek derejesine ýetdi.
ABŞ-da federal hökümete serenjam berýän "kongresiñ sakçysy" diýilýän döwlet edarasy bar: GAO. bu ofis şarbon waksinasynyñ ynamlylygyny-täsirliligini derñeýän we mahal-mahal düýpli goşmaça täsirlere (agyry-yzalara) sebäp bolýandygyny görkezýän maglumatnamalary çap etdi. Şol sanda, kongresem mejbury waksinasiýanyñ kanunylaşdyrylmagyna garşy çykyş etdi. Bu aýgytly çykyşlar togsanynjy ýyllarda şarbon waksinasiýasy “kampaniýasyny” şowsuzlyga uçratdy.
Gürrüñimiz gutarmady…

TELEÝAÝLYMDAKY HÜNÄRMENLER

2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabry.
"Ekizekler" binasyna edilen hüjümleriñ yzysüre ABŞ-da käbir adamlara kimiñ iberendigi belli bolmadyk hatyñ içinde şarbon ugradyldy. Global mediýa “şarbon howpuny” baş tema edindi.
Teleýaýlymlara çykarylan käbir hünärmenler şarbon bakteriýalaryny mikrotolkun pejinde ýok edip boljakdygyny öñe sürdi!
Käbirleri bu "şübheli hatlary suwly ütügiñ buguna tutuñ, hiç zadam bolmaz" diýdi.
Käbir hünärmenlerem "Eliñizi şobada sabynlap ýuwuñ, bakteriýa golaýyñyza gelmez" diýip maslahat berdi.
Netijede ABŞ-da howatyrlanmalar başlady. Nädip howatyrlanmasynlar: Wekiller palatasynyñ başlygy Dennis Hastert
kongres binasınyñ howalandyrma ulgamynda şarbon bardygyny aýtdy, palatany bäş günläp ýapdylar. Demokratlar partiýasynyñ lideri Tom Deşl özüne şarbonly hat gelendigini senata mälim etdi we ş.m.
Muña ýeke-täk sebäpkär edilibem Saddam görkezildi. Prezident Jorj Buş "Bioshield" maksatnamasynyñ kanunnanamasyna gol çekdi, terrorçylykly hüjümlere garşy býužetden 50 milliard dollar bölünip berildi, ilkinji tapgyrda 5 milliard dollarlyk waksina alyndy.
Yragy okkupirlemäge giden amerikan esgerlerine zor bilen sanjym uruldy. Käbir amerikan esgeri sanjymdan ýüz öwürdi, jedeller täzeden möwjedi…
Okkupasiýadan soñ Hastert “Men muny diýjek bolmandym” diýdi, senator Deşle ugradylan hatda biologiki taýdan zyýan ýetirmäge niýetlenen täsiriniñ ýokdugy mälim edildi we ş.m.
Çekişmeler, dawalar we öweztölegler bilen geçen belli bir wagtdan soñra mejbury waksina çäresi goýbolsun edildi... (Şuña meñzeş şarbon waksinasiýasy Ysraýylda “Omar-2” ady bilen 1998-nji ýylda synag edilipdi. Sekiz ýyla çeken gizlin maksatnamanyñ çäginde 716 adamda synag-barlag işleri geçirildi. Sanjymyñ döredýän goşmaça agyry-yzasy sebäpli Ysraýyl öz islegi bilen sanjym urduran 716 raýata 6 million dollar öweztölegini töledi.)
Gaýtadan ABŞ-ly gürrüñe dolanar bolsak:
ABŞ-nyñ Goranmak ministri Donald Ramsfeld 1997-nji we 2001-nji ýyllarda "Gilead Sciences" derman öndüriji şereketi bilen birlikde golastyndaky Pentagona million dollarlyk buýurmalary etdi! ("Gilead Sciences" “dünýäni ýakyp-ýandyryp barýar” diýlen "guş dümewine" garşy “Tamiflu” dermanyny gaýtadan taýýarlap, "Roche"-a satan şereketdir!)
Öñem irginsizlik bilen aýdyp gelýärin, ýene-de aýdyp gelýärin: “waksinanyñ ykdysady-syýasy ugurlaryny bilmek gerek!”
Hergiz ýadyñyza bolsun: gorkynyñ gözbaşy bilimsizlikdir, çöññelikdir!

Soner ÝALÇYN.

15.12.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Medisina | Просмотров: 45 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: