21:56
Annasoltana
ANNASOLTANA

Salam saña,
Guburlaryñ beýigi,
Gubur içre ýatan dogryñ diregi,
Bu gün saña ýürek isläp getirdi,
Bu samsyk hem däli kalbym ýanyña,
Sorap idäp men-ä bu gün ynansañ,
Gelip, soñam içimdäki dökülmez
Dertden doly gam-gussany getirdim.
Wah gaýgy-gam mende dörejek däldi,
Hemem seni gynandyrmak islämok,
Ýöne welin dirileriñ içinden,
Tapyp bilmän derdinşere bir ynsan
Boýnum burup peselýärin wah arman,
(Hemme şahyrlardan, ýazyjylardan,
Döwürdeş hem seniñ garyndaşlañdan,
Öýke-gahar edip bu gün gaşyña,)
Birsalymlyk myhman alsañ galaýyn,
Guburyña gözde ýaşym damaýsa,
Öýkeleme, sen hemmäni geçirip,
Bilşiñ ýaly, bu gün menem bagyşla,
Sebäp...
Ynjydylan, geçen göwniñ jemlenip,
Her gün meniñ ýüregime sanjylýar,
Bagyşla sen geçirimli bol bize,
Zenan mähri geçirimli bolýar-a,
Bu añzakly gyşyñ birinji aýy,
Razy bolsun ruhuñ bizden elmydam,
Seniñ we señ döwürdeşleñ razysyn,
Almasak biz elmydama kösenýäs,
Sylap bilmesek biz
Ölenleñ ruhun,
Nädip biz (bu) dirileri sylaly,
Bu gün seniñ hatyrañy ýat eýläp,
Goşgularñy köñüllere saz eýläp,
Suratyñy çekip, täze boýagdan,
Görenlerme gürrüñ berdim ykbalyñ,
Ömürýoluñ duýan her bir adamzat!
(Hemem seniñ zäherli ok hak sözüñ,
Eşidenler haýran galdy, gynandy)
Eger-de meñ elimden bir geläýse,
Bodloýdäki Liberti heýkeline,
Meñzeş seniñ heýkeliñi ýasardym,
Uzap duran otly alawa derek,
Ýaldyraýan göwher daşyn goýardym,
Hawa, sen meñ üçin, şeýle heýkelsiñ,
Şonda seniñ ýadyñ dillerden düşmez,
Senem razy bolarsyñ hem bizlerden...

11.12.2020
Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Jeksparro | Теги: Çarymuhammet Sugtyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 13
0
13 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy. Ýüregindäkini aydypdyr oglan. @Haweran namesi erbeda munuñ. Her kim elinden yureginden gelenini edera.

0
12 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Onda taraşlanyp oýulyp dikilen munça daş heýkelleriñ gadyry yokdyr hä!?

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ony öçûrip goýber. Makalanyñ nusgasy bar mende, 2-3 günüñ dowamynda goylar saytda.

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hormat taraşlanyp ynsan şekiline getirilen daşlardyr, guýma sowuk betonlar bilen, mermerleriñ ýüzüne oýulyp ýazyljak haşamly zer ýazgylar bilen dikilmeýär, hormat ýüreklerde dikilýär..

0
9 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Geçmişden gününize näme üýtgedi?!
Belki, häzirki döwürem Annasoltanlar bardyr, olara-da ölüminden ýyllar geçen soñ hormat goýularmy?!
(Bellik: http://kitapcy.com/news/2020-12-16-13003 bu linkdäki makala ýazjakdym, ýöne açanok)

0
8 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Saña men Dindarsyraýan mollasumak diyemok-da, şol pikirdäkiler şeýle diyyärin.

Annasoltana döwründe dikilmedik, goyulmadyk hormat indi dikilip, goyular öydemok halypa bagyşla welin...

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Salyhatlyrak jogap ber. Men dindaram däl, molla-da...

0
6 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Ol dindarsyraýan mollasumaklar üçin şeýle, meñ üçin onuñ gubury beýik! Kim näme diyse diyibersin...

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Başy ýalñyş pikir b.n başlanýar: guburlaryñ beýgi ýa pesi ýok, "ýeriñ asty şa bolsañam, geda bolsañam parhy ýok, hemmelere birdir" diyen ýaly aýtgy bardyr, halk arasynda...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Başy ýalñyş pikir b.n başlanýar: guburlaryñ beýgi ýa pesi ýok, "ýeriñ asty şa bolsañam, geda bolsañam parhy ýok, hemmelere birdir" diyen ýaly aýtgy bardyr, halk arasynda...

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Eger Annasoltan pahyryñ özüne bu "goşgyny" okap berseñ, her dulugyña taýly şarpygyny çalaga-da, akylyña aýlardy seni wacko

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
*Annasoltana dikip biljek

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Annasoltan Kekilowa bolan hormatymyz çäksiz, emma onuñ adyny kultlaşdyrmak - oña hormat goýmak däl, onuñ prinsipi bilen ýaşamak, döwrüñ we halkyñ sesine öwrülmek - ine, Annasoltan dikip biljek iñ uly heýkelimiz, oña edip biljek iñ uly hormatymyz!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: