07:59
Ýüregimiñ sesi
ÝÜREGIMIÑ SESI

Günlerimizi güle gaplap geçirdik,
Ýa giç galdyk, ýa-da ýakdy kejirlik.
Seni görüp gurşanynda ejizlik,
Beýnim besdir, geçmişiňi ýeň diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär,

Asman basýa, ykbal gysýa egnimi,
Elden gitdi juwanlygy, begligi,
Yza berýä ýanan söýgiň tegmili,
Ýogsa ýazgyt geljek sary eň diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Serde ýakyp oý pikirleň niçesin,
Boýlanymda öz kalbymyň köçesin,
Ýitiribem iň mähriban ejesin,
Ölenoklar alyp ýörler dem diýýär,
Men nädeýin ýürek ýene sen diýýär.

Zer seçsede öňkülerçe däl günler,
Garalypdyr gyzyl öwsen bägüller,
Çynym bilen şatlanamda kä günler,
Gülkilermem haý birzada kem diýýär,
Men nädeyin ýürek ýene sen diýýär...

Kerim HALLYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Mahymm | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Arzan bolso-da hili gowy goşgy

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Arzan goşgular...

0
2 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
@Haweran nail.bolyara by.satlyga.
çykarylan.
goşgymy.arzan.gymmat

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: