20:38
Indi saña näme diýsem gar ýagýar...
INDI SAÑA NÄME DIÝSEM GAR ÝAGÝAR...

Saña aýdanlarmyñ neçüýn dymýanny
Aýtman galanlarmyñ ne sözleýänni,
Bir bilip bilsediñ,
bir bilsediñ sen...
Dymýan damagymy ýyrtaýjak bolup
Soralmansoñ solup giden sowalda
Berilip ýadalan jogaplarda men.
Ezdiñ meni agşamlarna ýagyş deý
Ezilmäniñ nämedigni bilmeýän
Barypýatan akmak bolan ekenim,
Şoñ üçinem aşyk bolup bilmedim.
Myhy çykan sähralarda, düzlerde
Wagtynda miwesi bişen söýginiñ
Hereketden galan parçasy kimin
Büdräp, günäñ girdabyna boýlandym.
Az boýlandym,
Uz soñlandym,
Hiç geldim!!!
Ýatyrkañam çiş kakylan gözüñde
Geçip giden otlularyñ hasabyn
Beketlerden soran jemendelikde
Ýatdan çykarylan ýalñyz kişidim.
Kalbyma girmegiñ howp-hatarynda
Ýaşamajak bolýañ idinsizlikde
A men seniñ bilen ýyrtyk ýelkende
Hernäçe gitsem-de ýene dolanyp
Şol öñki görüşen ýermize geldim.
Ahyrymy ýazar boldum başyndan
Gursakda henizem agyran nebsiñ!
Ertir-agşam gara dökýär üstüme
Ýapraklaryñ dökülipdir aklyma
Bu gün hyýalymda diñe sen bardyñ;
Aklymy sakladym bulaşyklykdan!
Indi anyk bilýän, agzym bişensoñ
Söýgi öz-özüñden ar almak eken,
Iki kişiñ ölmi bilen soñlanýan!
Yşky didiwana mündürip soñam
Hijrany gorjaýan bigäne gözleñ
üstüni kalbymyñ gabagy örtdi.
"Saña ýetip bilmän niçik giderin?"
Hem sen näçe gezek söýüldiñ şeýle?
Agyr gara gyşlaryñ
Gysgajyk fewrallañ başyny jemläp
Çalgy daşa çalynmadyk tyg deýin
Agyr agyr dymardyñ.
Erñegin kenara beren gämileñ
Barsyny portuñda oda gömerdiñ.
Ser sal, göwünsizler gidipdir senden;
Yzyndanam köñül tüýkesmeleri !!!
Ýazylmadyk setirleñden gorkarsyñ
In dereksiz zadam bilersiñ gowy.
Gözlegi unudan tapyp bilermi?
Bu gün utanç duýsa geçen gününden
Heý, ertäñ bolarmy
Häzir ne şu günüm, ne-de ertirim,
Meger, bolup bilseñ söwer ýarymsyñ,
Ýa-da ýarpy ýany gädilen dünýäm!
Pursat ýitgisinden ölen wagtlañ
Tapylmady senden ganym duşmany
Eger gelen bolsañ bile kowardyk
Sen diýip ýapyşyp ýatan özümi.
Gelmediñ... mydamky boluşyñ ýaly
Meni mensizlige terk edip gitdiñ
Geplemedim dünýäñ hiç bir dilinde
Ýöne yrsgalyny söýgüden tapan
Bir şahyry miras goýdum yzymda!
Ýoklukdan başga zat galmady içde
Ruhum öldi, meýdi tenime hopba.
Däri kimin partlamaýyn gowusy,
Ger ýarylsam dumly-duşa gam syçrar.
Men juda ýadawmy, ýa sen arkaýyn?
Mende aýyp barmy, ýa sende buýsanç?
Bilýän, lallar hergiz ýalan sözlemez,
Ýa men dymdym, ker ekeniñ ýa-da sen!
Sen şonda-da sygdyñ meniñ dünýäme
Özgelere ýer goýmadyñ içimde
Köküm uzadykça ýeriñ bagryna
Şaham gol ýaýratdy mawy asmana...
Ýolda galanlaryñ aýdymyn aýdyp
Haýsy dil özüni gandyryp biler?
Beýle söýgi dälmi näme ýogsa-da,
Her gezek özüni ele saldyran?...
Sap dönüklik... dönükligne örtenen
Señ ýalylar sessiz yşky söýerler.
Seni düýpsüz guýa gapgaran aýdym
Gözleñ suwun içenimde ýañlanar...
Gädilen dünýämiñ her bir künjüne
Señ adyñy dakyp ýigdeldim ýene.
Bary-ýogy birje pyýala suwda,
Lebleñ bentläp goýan gaýyn turuzdym.
Men näçenjiñ?
Sen meñ soñkym!..
Tygyñ ystyhana direlşi ýaly
Döz gelip bilmedim elmydam saña.
Elbetde, ýadymdan çykar gidersiñ
Bir pasyl ýatlama bolarsyñ maña.
Öwrenşerin geldi-geçer ýazlara
Emma seniñ ýoklugyñda ýene-de
Biri duşup meni toruna salar.
Bu şygyry okap durkañ,
hyýalym
Başga şygryñ ylhamyna atlanar.
Seniñ bilen külterlejek ýoluma
Başganyñ goýnunda gamsyz ätlener.
Saña aýdan zatlam dymýar barysy,
Aýtmadyk zatlarmyñ sesi batlanar...
Ýeri bolýa, 
Gitdiñ dälmi ahyryn?
Indi saña näme diýsem gar ýagýar...

24.01.2013 ý. 

Kahraman TÄZEOGLY.
Категория: Goşgular | Просмотров: 342 | Добавил: НаS | Теги: Kahraman Täzeogly | Рейтинг: 4.2/5
Всего комментариев: 5
0
5 937303taze   [Mowzuga geç]
Shahyryn ahli shygrylary diyen yaly gussaly,duygylary inceden guycli okanynda her adamyn gizlenip yatan duygylaryny can basan yerinden batly alyp gun yuzne gizlinlikde cykaryar .....

1
4 ahallydan   [Mowzuga geç]
Pikirler diýsen inçe duýgynyň ýesiri bolupdyr...

2
3 Мylayym   [Mowzuga geç]
Goşgyny sünnälläp terjime edip bilmekde-de iş bardyr. Kimiň terjimesikä?

1
2 Raziýe_Soltan   [Mowzuga geç]
Kim yazdyka diyip okamana gyssandym meger bizde beyle yiti yurekden yazyan gaty az edil bolayandada edil bu yazyjynky yaly tasiri guycli dal.

1
1 Raýdaş   [Mowzuga geç]
Hemmeleriň söýgüsi birmeňzeş ýaly... Köp sag bol.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: