22:12
Futbol meýdançasynda-da görmek isleýänlerimiz
FUTBOL MEÝDANÇASYNDA-DA GÖRMEK ISLEÝÄNLERIMIZ

Çempionlar ligasynda fransuzlaryñ "Paris Saint Germain" bilen biziñ "Medipol Başakşehirimiziñ" arasynda bolup geçen futbol duşuşyk eýýämden futbolyñ taryhyna geçdi.
5:1-lik hasaby bilen däl...
Asly rumyn dördünji eminiñ "Başakşehiriñ" tälimçisiniñ kömekçisi Pierre Webony kemsidip “negro” (garaýagyz) diýendigi sebäpli.
"Başakşehir" meýdançadan çykdy welin, Türkiýe aýaga galdy.
Döwlet ýolbaşçylary, syýasatçylar, sport we futbol dünýäsi, döredijilik intelligensiýasy we žurnalistler jynsparazlygy ýazgardy.
MHP “Seniñ bilendiris Webo” diýip twit atdy.
HDP “Jynsparazlyga garşy ýanyñdadyrys” diýip seslendi.
Hamala, bu sözlerden has beteri biziñ futbol meýdançalarymyzda sözlenmedik ýaly...
Öz stadionlarymyzda slogana öwrülmedik ýaly rumyn emini näletledik.
Eýse, ýadymyzdan çykaran ne utançlarymyz bardy...

ADAMHOR DIÝENDE...

"Trabzonspor"[/b] 1998-1999-njy ýylyñ futbol sezonyna tupan deýin başlady.
Asly ýamaýkaly meşhur iñlis futbolçysy Kewin Kempbell şol ýyl "Trabzonsporyñ" düzüminde çykyş edýärdi.
Emma Kempbell garaşylan netijäni bermedi.
"Trabzonsporam" ondan nägiledi.
Öñ ministr kürsüsinde-de oturan klubyñ başlygy Mehmet Aly Ýylmaz ýeñliş bilen gutaran bir oýundan soñ, Kempbele kakdyryp "Görýäñiz-ä, bir adamhor (ýamýam) alýarys. Barypýatan tüýsibozuk. Almasyna alýarys, emma oýnanok enesini sataýyn! Men salmalymy gollary?" diýdi.
Kempbelliñ gahary geldi we soñky oýuna çykmady.
Ýoldaşyna arka duran toparyñ kapitany Ogün Temizkanogly hem toparyñ düzüminden çykaryldy.
Bütin dünýä birnäçe günläp bu wakanyñ gürrüñini etdi.
Klubyñ başlygy Ýylmaz aýdan sözüne ökündi.
Onuñ ötünji bolsa başdaky ýalñyşlygyndanam erbetdi. Ol şeýle diýdi:
- Biziñ türkçämizde "ýamýam kimin üýşmek" diýen söz bar. Biz oña gaty görer ýaly zat aýdamzog-a. Hem arap diýjek boldum. Oýuna gyzyganoklar, hüjüm edenoklar. Emma hak-heşdek alanda welin, ýamýam ýaly topulýarlar diýen manyda aýtdym. Biz "ýamýam ýaly" diýen meñzetmäni köp ulanýarys, emma Türkiýede milletparazlyk bolmandygy üçin bular ýaly ýalñyş düşüniler diýip aklymyza-oýumyza gelmese näme. Men muny milletparazçylykly manyda aýtmadym, reñk manysynda aýtdym.

JYNSPARAZÇYLYKLY KEMSITMEDEN JEZA ALAN ILKINJI FUTBOLÇY

Bu ne-hä ilkinjisi, ne-de iñ soñkusydy.
"Fenerbahçe" futbol toparynyñ kapitany Emre Belözogly 2012-nji ýylda "Trabzonsporda" oýnaýan Didier Zokorany oýun gidip durka “hapysa negr” diýip kemsitdi. Kot'd-Iwuarly Zokora muny kazyýete berdi. Ol Türkiýeden gidensoñam şikaýatyndan el çekmedi.
Belözogly 2 aý 15 gün türme tussaglygynda oturdy we ol Türkiýede jynsparazlykdan jeza alan ilkinji futbolçy boldy.

OLARA BARAN ÝERI MYHMANÇYLYK

Birem öz watanynda gelmişek topar ýaly görülýänler bar.
"Diyarbakırspor" FK kürt doganlarymyz bilen ylalaşyk döwrüniñ öwüsdiren şemalynyñ ýelginine adyny üýtgedip "Amedspor" etdi welin, hemmeleriñ ýigrenjini üstüne aldy.
"Amedsporyñ" belli oýunçysy Deniz Naki sosial mediýada paýlaşan syýasy sms-leri we bir futbol duşuşygunda ýeñiş yşaratyny edendigi üçin on iki futbol duşuşygyna çykmakdan mahrum edildi. Yzyndanam terrorçylykly guramanyñ propogandasyny etmekde aýyplanyp, garşysyna derñew işi açyldy.
Suduñ birinji mejlisinde jogapkärçilikden boşadylanam bolsa, Naki Türkiýäni terk etdi.
Şol günlerde "Amedsporyñ" futbol meýdançasy ýapyldy. Polisiýa stadiony basdy.
Amedsporlylar "Çagalar ölmesin, futbol duşuşygyna gelsinler!" diýen ýazgy bilen oýuna çykandyklary üçin Professional futbol tertip-düzgüni guramasyna şikaýat edildi.
Şol ýyl, ýagny, 2016-njy ýylda...
"Başakşehirli" Semih Şentürk derwezä gol salandan soñ "Amedsporyñ" tribunasyna ylgap, elini çekgesine ýetirdi-de harby salam berdi. Ýogsam bolmasa, ol entek harby gulluk borjuny berjaý hem etmändi.
"Sivas Belediyespor" FK bilen oýnamaga myhmançylyga giden "Amedspor" düşlemäge otel tapmady. "Belediyesporly" futbolçylar oýunda türk baýdagynyñ öñünde üýşüp harby salam berdiler. Janköýerler "Amedspor" klubynyñ baýdagyny düşürip, ýerine türk baýdagyny asdylar.
"Amedsporly" ýolbaşçylar "Anlaragücü" oýnuna gelenlerinde, paýtagtda, üstesine protokol tribunasyna taýak iýdiler.
Iñ soñky gezek 2018-nji ýylda amedsporlylar meýdança çykanda, hasap görkezýän ekranda harby operasiýadan pursatlar berildi. Oýun gutaransoñ "Amedspor" hülgentçilikli hüjüme uçrady.
Ondan soñky ýyl Sakarýada, bu gezek "Vanspor" FK-nyñ oýunçylary…

"JIZRE" LIGADAN ÇEKILDI

"Cizrespor Serik" FK hem “Ölürüm Türkiye'm” marşlary bilen garşylandy. Toparyñ siwasly baş tälimçisi Ýusuf Tokuş "türkler bildn kürtleriñ arasyny bulajak bolýarlar. Meniñ özüm türk, emma edil häzir özümi kürt hasaplaýaryn" diýip, muña garşylyk görkezdi.
Ony diñlejek bolýanam ýokdy.
"Cizre" ligadan çekildi.
Klubyñ başlygy Maruf Sewinç “Jizrä gelen eminlerem jürlewügini başgaça jürledýär” diýdi.
Şol ýyl "Dersimspor" FK Kyrykhanda zordan diýen linçden halas boldy.

UTANDYRAN SYKYLYKLAR

2015-nji ýylyñ 10-njy oktýabrynda iki sany YŞYD-çy "janly bombanyñ" amala aşyran teraktynda ýüz sany ildeşimiziñ wepat bolmagyndan üç gün geçensoñ, Konýada oýnalan Türkiýe-Islandiýa futbol duşuşygynda wepat bolanlaryñ hatyrasyna bir minutlyk baş egilşik bolanda, munuñ arasy sykylyklar bilen bölündi.
Adamzat bir topbak yñdarma fanatigiñ öz pidalaryny sykylyklaýandyklaryna şaýatlyk etdi...
Şindi tutuş Türkiýe "Vanspor" we "Sivas Belediyespor" bilen birlikde “No To Racism” şygarynda birleşdi.
Ýagny, "Ýok bolsun, jynsparazçylyk!"
"Amedspor" “Soñuna çenli seniñ bilendiris Pierre Webo” diýip twit atdy.
"Sakaryaspor" şol jümläniñ iñlisçesini paýlaşdy.
"Cizrespor", "Ankaragücü" hem “Jynsparazlyk bir keseldir” diýip ýazdy.
Biz bu sözleri, çykyşlary futbol meýdançasynda-da görmek isleýäris.

Ysmaýyl SAÝMAZ.

"SÖZCÜ" gazeti, 12.12.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 81 | Добавил: Gökböri | Теги: Ysmaýyl Saýmaz | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: