18:04
Meşhur kezzaplar
MEŞHUR KEZZAPLAR

Beýik adamlaryň şan-şöhradynyň Ýeriň ýüzüne jar bolşy ýaly, ynsanyýetiň taryhynda meşhurlyga eýe bolan kezzaplaram bar. Şolaryň käbiri barada gysgaça maglumatlar okyjylar üçinem gyzykly bolmagy ahmal.

Wiktor Lýustig – Eýfel diňini satan kezzap

Özüniň ilkinji kezzapçylygyny Wiktor Lýustig 1910-njy ýylda – 20 ýaşyndaka amala aşyrypdyr. Ol ynanjaň işewürleriň birine özi tarapyndan oýlanyp tapylan ýüz dollarlyk puly neşir edýän ykjamja enjamy görkezipdir we bu enjamyň ýekeje ýetmeziniň bardygyny – onuň örän haýal işleýändigini, ýagny her alty sagatda birje ýüz dollarlyk puly çykarýandygyny aýdyp, ony ynandyrmagyň hötdesinden gelipdir. Wiktor Lýustig öz enjamynyň işleýşini müşderisine doly derejede subut edenden soňra, ol 30 000 amerikan dollaryna ony şoňa satypdyr-da, dessine-de ökjesine tüýkürip, şol jelegaýlardan gürüm-jürüm bolupdyr. Pul çykarýan enjamyň eýesi bolsa, öýüne gelip, enjamy işledende ol on iki sagadyň dowamynda hakykatdanam iki sany ýüz dollarlyk puly çap edipdir...Soňra bolsa ol arassa kagyz bölejiklerini çykaryp ugrapdyr. Çünki, W.Lýustig müşderini ynandyrmak üçin, şol enjamyna bary-ýogy dört sany ýüz dollarlyk pul salyp goýan ekeni.
Ýöne, W.Lýustig özüniň iň meşhur kezzapçylygyny, şondan 15 ýyl soň, Parižde Eýfeliň diňiniň abatlaýyş işlerini geçirmekligiň meýilleşdirilýändigini eşidenden soňra amala aşyrypdyr. Ol bu myş-myş gulagyna ilen badyna öz adyna Fransiýanyň Poçtalar we telegraflar ministrliginiň ýokary wezipeli emeldarynyň galp resminamalaryny taýýaplapdyr we şol döwürde Parižde ýaşaýan köne-küşül demir (metallolom) söwdasy bilen meşgullanýan işewürleriň bäş sanysyna özüniň täze, galp adyndan çakylyk hatyny ýollapdyr.
Işewürler bilen duşuşanda-da, Eýfeliň diňiniň öz garamagyndadygyny, onuň halys könelendigi we ýykylmak howpunyň bardygy sebäpli, Parižiň häkimliginiň ony ýykyp aýyrmagy meýilleşdirýändigini, ýöne bu maglumatyň Eýfeliň diňine buýsanýan şäherlileriň gaharyny getirmeginiň mümkindigi sebäpli, özüne Eýfel diňini ýykmak we onuň demrini satmak boýunça potratyň ýapyk auksionyny (kim ýokary söwdasyny) geçirmegiň tabşyrylandygyny aýdypdyr. W.Lýustig şol ýerde-de ýapyk auksion geçirip “bäşleşikde utan” işewüre Eýfel diňini 250 000 franka satypdyr-da, şol günüň özünde-de ýurduň çäginden sumat bolupdyr.

Wilgelm Foýgt – häkimligi basyp alan galp-serkerde

1906-njy ýylda, ýurtda hiç hili rugsatnamasyz ýaşaýan işsiz ykmanda Wilgelm Foýgt Berliniň etegindäki Kýopenik şäherçesinde prus (nemes, german) goşunynyň kapitanynyň köneräk lybasyny satyn alypdyr-da, bada-bat ony geýip, şäherçäniň garnizonynyň ýerleşýän ýerine ugrapdyr. Ol ýerde dört sany esger bilen bir seržanta gabat gelip, W.Foýgt olara öz yzyna düşmek hakynda buýruk beripdir. Düzgün-nyzam aňlaryna berk guýlan esgerler serkerdäniň buýrugyna ikirjiňlenmesiz tabyn bolupdyrlar.
W.Foýgt soňra şol esgerleri yzyna düşüribem haýbat bilen şäheriň häkimligine giripdir-de, ol ýerde işläp oturan emeldarlara, olaryň döwlet gaznasynyň serişdelerini bikanun eýeländikleri üçin olaryň hemmesiniň tussag edilýändiklerini yglan edipdir. Soňra W.Foýgt ýanyndaky esgerlere tussag edilen emeldarlary garawullamagy tabşyryp, özem maddy subutnama hökmünde alnan häkimliginiň gaznasyndaky ähli pullary alyp, demirýol menziline ýönelipdir.
Kezzap 10 günden soňra tutulyp saklanypdyr we kazyýet tarapyndan 4 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Emma, bu waka üstünden iki ýyl geçenden soň German kaýzeri (imperatory) Wilgelm II gulagyna ýetipdir we onuň hoşuna gelipdir. Şonda-da Wilgelim II gülüp keýpden çykandan soňra özüniň şahsy permany bilen W.Foýgta rehim edip, ony azatlyga goýberdipdir.
1909-njy ýylda bu täsin waka barada kitap ýazylypdyr, soňra bolsa çeper film düşürilipdir hem-de sahna eseri döredilipdir. Häzirki wagtda bolsa Kýopenik şäheriniň häkimliginiň basgançagynyň öňünde rowaýaty “kapitan” Foýgtyň heýkeli lowurdap dur. W.Foýgtyň özi bolsa baý adam bolup nepaga çykypdyr.

Jozef Ueýl – Benito Mussolinini aldan kezzap

Jozef Ueýl XX asyryň ortalarynda öz meşhurlygy sebäpli “kezzaplaryň patyşasy” diýen lakamy hem göteripdir. Bir gezek, J.Ueýl saý-sebäp bilen Italiýanyň Milli Söwda Banky – Munsiniň täze ýere göçýändigini eşidipdir. Şonda ol boş ýatan jaýy satyn alypdyr-da, onuň içini bankyň içi ýaly goş-golamlar bilen üpjün edip, galp kätipleriň we galp müşderileriň toparyny hakyna tutup, şol ýerde gyzgalaňly bank işiniň gidýändigini şekillendiripdir. Bu uly sahnadaky hemmeje zadam J.Ueýl tarapyndan dörtden bir bahasyna hödürlenýän ýer şahamçalaryny satyn almaga meýil bildiren ýerli millioner üçin gurnalypdyr. Müşderi, ýagny şol millioner bankyň hojaýynyna – Jozef Ueýle garaşyp oturan wagtynda bankyň işiniň juda şüweleňli dowam edýändigini gyzyklanma bilen synlapdyr. Biraz wagtdan soňra bankyň hojaýyny – J.Ueýl müşderini argyn hem-de nägile keşpde kabul edipdir we çeňňege ilen millionere özüni eýdip-beýdip, ýer şahamçalaryny satmaga yrdyrypdyr. Haçan-da “söwdasy oňan” millioner ýer şahamçasy üçin tölegini geçiren gününiň ertesi bolsa, geleşigiň galpdygyny bilip, haýrany hekgeripdir. Baryp görseler, düýnki “gyzgalaňly işleýän bank” hem ýokmuş!
Şonuň ýaly usul bilen Jozef Ueýl Italiýanyň diktatory Benito Mussolinä-de Kolorado ştatyndaky baý magdanly ýerleri iki million amerikan dollaryna satmagyň hötdesinden gelipdir. Haçan-da Mussoliniň ýörite gulluklary J.Ueýliň kezzapçylygynyň üstüni açanlarynda ol diktatoryň gazabyndan gaçyp gutulmagam başarypdyr. J.Ueýl jemi 101 ýaşap, birnäçe gezek türmä düşüp-çykypdyr.

Frenk Abigneýl – FBR-de (Federal Derňew Býurosynda) işleýän eks-kezzap

Frenk Abigneýl-kiçisiniň amala aşyran kezzapçylyklary barada Golliwudda düşürilen we meşhur artist Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi janlandyran “Eger-de başarsaň, meni tut” atly çeper filminden bilmek bolar. Frenk Abigneýl 16 ýaşynda özünde çekleri (bank töleg tabşyryknamalaryny) galplaşdyrmaga bolan ägirt uly zehiniň bardygyny anyklaýar. Biraz wagtdan soňra F.Abigneýl talanty bilen “dünýä inderilen”, jemi 2,5 amerikan dollarlyk çekler Ýer ýüzüniň 26 ýurdunda dolanyşykda ýüze çykarylýar. F.Abigneýl “Pan Am” uçar kompaniýasynyň uçarmanynyň galp şahsyýetnamasyny we ýörite lybasyny edinip, bu kompaniýanyň öz işgärlerine ýeňillik hökmünde öz uçarlarynda mugt gatnamaga berýän rugsadyndan peýdalanyp, özüniň ýasan şol çeklerini “aýagynyň ýeten” ýurdunda nagtlaşdyryp gezipdir.
Täze Orlean şäheriniň uçar menzilinde F.Abigneýl tasdanam polisiýanyň eline düşmän zordan sypandan soňra, ol hemme ýerde özüni çaga lukmany (pediatr) hökmünde tanatmaga başlaýar. Ondanam beteri, ol ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky hassahananyň çagalar bölümine çaga lukmany hökmünde galp resminamalar bilen işe girip, birnäçe wagtlap şol bölümiň müdiri wezipesinde-de işleýär. Soňra bolsa F.Abigneýl ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň baş prokurorynyň edarasyna hünärmen hökmünde öz ýasan galp resminamalary bilen işe ýerleşýär. Ol işe ýerleşende-de, şol ýerde hukukçy hökmünde hünär synaglaryndan üstünlikli geçýär. Ýeri gelende, F.Abigneýliň hiç haçanam hukuk ýa-da lukmançylyk ugrundan bilim almandygyny bellemek gerekdir.
1971-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň Ýokary kazyýeti F.Abigneýli 12 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyna höküm edipdir. Ýöne ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy onuň deňsiz-taýsyz zehinini ýurtdaky dürli kezzapçylyklaryň üstüni açmak üçin ulanmagy meýilleşdiripdir we F.Abigneýle ylalaşyk baglaşmagy teklip edipdir. Şonuň netijesinde-de F.Abigneýl bary-ýogy 4 ýyldan soň azatlyga çykypdyr. Häzirki wagtda F.Abigneýl FBR-de işleýär, ol resmi millioner, onuň aýaly we üç ogly bar. Ogullarynyň biri onuň edil özi ýaly FBR-de işleýär. Ýaşlygynda birnäçe ýyllap ony tutjak bolup jepa çeken FBR-iň agenti bolsa onuň ýegre dosty.

Ferdinand Demara – lukman däl lukman

1950-1953-nji ýyllarda bolup geçen Koreýa urşy ýyllarynda “Kaýuga” atly kanada harby gämisine on bäş sany ýaraly esgerleri getiripdirler. Olaryň hemmesem gämi lukmany Jozef Kaýr tarapyndan operasiýa edilipdir we olaryň hemmesi soňra sagalypdyr. Jozef Kaýr tarapyndan geçirilen şol operasiýalaryň iň çylşyrymlysy bolan – döş kapasasyndan gülläni aýyrmak bolsa Kanadanyň ýörite lukmançylyk žurnalyna-da girizilipdir. Bu wakanyň žurnalda neşir edilmegem ula giden dawa-jenjeliň başlanmagyna sebäp bolupdyr.
Habarçylaryň geçiren derňewiniň netijesinde Jozef Kaýryň Kanadanyň harby-deňiz güýçlerine galp at bilen gulluga girendigi, hakykat-da bolsa onuň hatda Kanadanyň raýatam däldigi, onuň çyn adynyň Ferdinand Demara bolup, onuň ABŞ-nyň raýatydygy anyklanypdyr. Iň täsin ýerem, F.Demaranyň lukmançylyga düýbünden dahylly zady ýok ekeni. Paş edilen F.Demara özüniň çagalykdan fotografiki ýatkeşliginiň bardygyny we özüniň ummasyz göwrümli tekstleri sözme-söz ýat tutup bilýändigini gürrüň beripdir. Lukmançylyk bilimleri bolmazdan şol ýaraly esgerleri operasiýa edende-de, F.Demara her operasiýa girmezinden ozal hirurgiýa boýunça okuw kitabyndan degişli bölümlerini ýat tutupdyr.
Ondan başga-da F.Demara ömrüniň dowamynda gurluşykçy-inžener, şerifiň (ABŞ-da polisiýa ygtyýarly wezipeli adam) orunbasary, türmäniň başlygy, psihologiýa ylymlarynyň doktory, adwokat, Çagalaryň hukuklaryny goramak gullugynyň bilermeni, benediktin monahy, gazetiň redaktory, düwnük kesellerini bejeriji hünärmen, hirurg-lukman, mugallym bolup üstünlikli işlemegiň hötdesinden gelipdir. Iň geň galdyrýan zadam, şol kezzapçylyklaryny amala aşyranda F.Demara hiç wagtam maddy bähbit agtarmandyr. Diňe özüne we özgelere başarmagy başarýandygyny subut etmäge ymtylypdyr.

Meri Beýker – şagyzy Karabu

Meri Beýker atly kezzap zenanam öz kezzapçylyklaryndan maddy bähbit gözlemedikleriň biri bolup durýar. Ol 1817-nji ýylda Glosterşir şäherinde geň-enaýy eşiklerde, başy selleli şekilde duýdansyz peýda bolýar we şähere gele-gelmäşe baglara dyrmaşmaga, täsin, düşnüksiz dildäki aýdymlara gygyrmaga, käte bolsa çuw-ýalaňaç halda derýajykda suwa düşmäge başlaýar. Gyzyň dilini hiç kim bilmeýändigi sebäpli, ony ilkibada eýdip-beýdip ýerli dünýewi kazynyň öýünde ýerleşdirýärler, soň bolsa şäherjigiň hassahanasynda otag berýärler.
Bir gezegem şähere gelen portugal deňizçisi Manuel Eýnesso gyzyň dilini bilýändigini aýdýar, soňam onuň aýdýan sözlerini terjime edip, gyzyň Hindi ummanyndaky adanyň şasynyň gyzy Karabudygyny aýdýar. Şeýle-de, şagyzy Karabuny deňiz garakçylarynyň öýünden ogurlap gaýdandyklaryny, soňam şol garakçylaryň gämisiniň deňizde heläkçilige uçrandygyny, şeýdibem Karabunyň bu şähere gelip düşendigini habar berýär. Bu habar şäheriň ýaşaýjylarynyň şagyzy Karabu gynanç bildirmeklerine we oňa ýerli-ýerden ýardam bermäge başlamaklaryna getirýär. Emma, şagyzy Karabunyň suraty gazetde neşir edilenden soňra başga şäherli zenan onda öz goňşusy bolan ädikçiniň gyzyny tanaýar. Kazyýet kezzap zenany temmi hökmünde Filadelfiýa sürgün edýär. Emma ol ýerde-de Meri Beýker ýene-de “şagyzy Karabu” bolmagyny dowam edip ugraýar.
M.Beýkeriň terjimehalynyň esasynda Golliwud tarapyndan “Şagyzy Karabu” atly çeper film düşürilipdir.

Sergeý Mawrodi – “MMM”-iň atasy

Sergeý Mawrodi tarapyndan esaslandyrylan “MMM” atly kooperatiw kärhanasy 1993-nji ýylda gymmatly kagyzlary çykarmaga başlaýar. Kän wagt geçmänkä “MMM” Russiýanyň taryhyndaky ägirt uly maliýe piramidasyna öwrülýär. Maglumatlara görä, “MMM” kärhanasynyň gymmatly kagyzlaryny ol ýa-da beýleki möçberlerine 10-15 milliondan gowrak adam satyn alypdyr. “MMM”-iň paýnamalary 1994-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli ýagdaýda ilkibaşky bahasyndan 127 esse gymmatlap, diňe Moskwa şäherinde S.Mawrodi bir günde 50 million amerikan dollaryna barabar puly gazanmaga başlapdyr. Haçan-da S.Mawrodiniň maliýe piramidasy ýykylanda şol millionlap adamlaryň jemi 80 milliard emrikan dollaryna golaý puly ýitirendikleri çaklanýar. S.Mawrodi bolsa bary-ýogy 4,5 ýyllyk azatlykdan mahrum ediliş çäresine höküm edilýär.

Doganlar Gohmanlar – Luwry awundyran Odessaly täjirler

Doganlar Gohmanlar XIX asyrda Odessa şäherinde ýaşapdyrlar we olar özlerine degişli bolan antikwar harytlar dükanynda taryhy gymmatlygy bolan dürli harytlary satmak bilen meşgullanypdyrlar. 1896-njy ýylda olar Fransiýanyň Luwr muzeýine skifleriň patyşasy Saýtafarnyň täjini 200 000 franka satypdyrlar. Şondan soň ýedi ýyllap adamlar Luwrdaky skif şasynyň täjine aňk bolup tomaşa edip gezipdirler. Ýöne, şondan soň sekizilenji ýyl diýlende, Monmartrly nakgaş we heýkeltaraş Ellin Maýens täjiň galpdygyny çürt-kesik subut edipdir. Emma, muňa garamazdan doganlar Gohmanlar jogapkärçilige çekilmändirler.

Çeşmesi: https://pravo.ru/process/view/142944/. 23.11.2020ý.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 129 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Segonn   [Mowzuga geç]
Frenk Abigneyl baradaky kinony goren barmy.maslahat beryan gaty gyzykly

0
5 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Beybä meşhur kezzaplar diysene, biggrin

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag bol. Görüşdirerin.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mussolinini aldan bolsa halaly bolsun-la biggrin

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Dowamam bar. Elim degdiginden terjime edip, goýmakçy, öz-ä.
Golaýda, kezzapçylyk barada birki sany hekaýa başladym-da, taşladym. Şol kezzapçylygyň anatomiýasyny öwrenmek üçinem birki günüň içinde birtopar material toplapdym. Şolardan gyzyklyrak bolar öýden ýerlerimi terjime eden bolup, ýaňky hekaýalary ýazmaga ýaltanýandygym üçin ynsabymyň öňünde özümi aklan bolýaryn-da. biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: