08:29
Gürrüñi köpelen ýolka
Kökler

GÜRRÜÑI KÖPELEN ÝOLKA

1999-njy ýylyň aýagynda, 2000-nji ýyly garşylamagyň öň ýanynda garaşylmadyk röwüşde ýolkaly mesele gozgaldy. Täze ýyl baýramçylygynyň golaýlaşmagy bilen hemişe-de ýolkanyň gürrüňi edilýärdi. Öýleriň köpüsinde oýunjaklar bilen bezelen ýolkalaryň peýda bolmagy dünýewi döwletde ýaşaýan raýatlar üçin ýakymly zerurlyk bolup gelýärdi. Gelin toýlarynyň aýdym-sazsyz bolmaýşy ýaly, täze ýyly ýolkaly garşylamagam kada öwrülipdi. Birdenem: “Musulmançylygyň ündelýän ýurdunda ýolka oturtmak düzüw zatmydyr?”  diýen sowal onda-munda eşidilip başlady. Has mojugy-da, täze dörän mollalar ýolkanyň garşysyna wagyz edip başladylar, bu närse dinsizleriň tapan oýny, muny musulmançylyk götermeýär diýdiler.
Bu mesele “Azatlyk” radiosyna-da baryp ýetdi, dawaly gürrüňlere ýol açyldy. 2000-nji ýylyň üçünji ýanwarynda aşgabatly, örän köpbilmişlige dalaş edýän bir ahun ýolka hakynda berlen sowala, öz sözlerimiz bilen aýtsak, şeýle jogap berdi: ýolka hakynda Kurany kerimde-de, Injilde-de, Töwratda-da hiç zat aýdylmaýar, ol çagalara oýun üçin döredilen bir zat, onuň daşyna aýlanylmagyna-da hiç kim başga bir ýana gitmesin, gyşarmasyn, öwredilen ýoldan çykmasyn diýen manyda düşünmeli diýdi. Musulmançylykda diňe Beýtullanyň daşyna aýlanmak dürs hasap edilýär diýdi. Eger-de, özüni ahun atlandyrýan bu kişiniň köpbilmişligi çyn bolsa, ili okatmaga özüni hukukly hasap edýän bolsa, ýolkanyň asyl gelip çykyşyny aýdaýmaly-da!  Iň bolmanda “dinsizleriň tapan çaga oýnunyň” haçan nirede, nähili dörändigini aýdanam bolsa, diňleýjiler razy boljakdy. Haýp!
Sowet ateizmi biziň nesillerimiz üçin “hudaý ýok” diýen sözden başlanýar. Onuň ýokdugyny nähili edip ynandyrmaly? Bu eýýäm şübheli sowaldy. Ýok diýildi – wessalam!  Söweşjeň ateizmiň agalyk döwründen çykan häzirki mollalaryňam düşündiriş usuly ateistleriňki bilen bir hörpden gopýar. Entek-entek başgaça bolup-da bilmez.
Ýolkaly meselä dolanalyň. Ahunyň “Azatlykdan” çykyş eden güni Rossiýanyň “Maýak” radiosynyň programmasyny diňläp otyrkam Iisus Hristos bilen bagly rowaýat eşitdim. BibiMerýem Isa pygamberi dogran pursaty zeýtun agajy oňa miwesini hödürläpdir. Ýolka agajy welin, gaty kösenipdir, hödürläre miwesi ýok. Şol pursat agajyň süňňünden şepbik-şire syzylyp çykypdyr, birdenem, ol  dürli öwüş- ginde ýagty saçyp başlapdyr. Bu rowaýat Iisus Hristosyň musulmança Isa pygamberiň, doglan güni bilen bagly baýramçylykda-Roždestwoda goýulýan owadan ýolkalaryň gelip çykyşyny hristianlara düşündirmek üçin gerekdi. Hakykatda welin, bu rowaýat juda soň döredilen hekaýat ekeni.  Ýolka bilen bagly ynançlaryň köküni yzarlamak üçin “Mif we simwol” kitabyna ýüzlenmeli bolýarys.
Ýolka diýlende daragt hemem onuň şahalarynda ýanýan otjagazlar göz öňüňe gelýär. Butparazlyk zamanynda Ot Günüň kultyna degişli alamat. Başda ýolka agajynyň bu kulta hiç hili gatnaşygy bolmandyr. Neolit zamanynda, hatda ondanam öň, Ot ýerasty dünýä- niň hudaýyny aňladýan belgileriň biri bolupdyr. Ýolka bolsa, Beýik Aýal hudaýyň simwoly diýilýän Dünýä daragtynyň nusgasy edilip alnypdyr. Dünýä daragty Beýik Aýal hudaýynyň obrazy diýlende, ony göz öňüne getirmekden ötri, şumerleriň baş hudaýy Inankanyň özi hakynda aýdýan sözlerini getireliň: “Atam maňa Asmany berdi, Zemini berdi. Asmany täç hökmünde başyma geýdirdi, Zemini köwüş hökmünde aýagyma geýdirdi. Dünýä daragtynyň alamaty sütün görnüşinde arhitekturada-da beýanyny tapýar. Jaýlaryň üçegine direg bolup duran sütünlere göçme manyda asmana direg bolan Dünýä daragty diýip düşünmeli.
Bu simwolyň oguzlaryň arasyna ýaýrandygy barada Ahmet Bekmyradowyň “Göroglynyň yzlary” atly kitabynda aýdylýar: “Gadym zamanlardan başlap adamlar gündiz bilen gijäniň hersine bir reňk berlipdir. Gündizlik ak reňk bilen, gijelik gara reňk bilen aňladylypdyr... Toý dabarasyny başlamazdan öňinçä, oturan tagtynyň sag tarapynda kyrk gulaçlyk agaç dikdirip, agajyň depesinde altyndan ýasalan towuk goýup, düýbüne-de gara goýun bagladýar. Bu agajyň aşagynda bolsa, “gijeligini tapyp gelen” uçoklary oturdýar... Mälim bolşy ýaly horaz gadymy döwürlerden başlap janly  sagat hasap edilipdir... Oguz hanyň kyrk gulaçlyk sütünleri Dünýä agajy baradaky gadymy ynanjyň simwoly bolup gelýär. Dünýä agajy, dünýä sütüni baradaky ynanç bilen bagly fakt  halk arasynda saklanyp galypdyr. Şu günler hem türkmen dilinde “Dünýä sütün bolaýjak ýaly” diýlen söz düzümi ulanylýar.
Kiçi Aziýada geçirlen arheologik agtaryşlarda tapylan gadymy ýazgylarda hettleriň 25-nji dekabrda başlanýan bir baýramçylygyň beýany berilipdir. Şol gün hasyllylygyň hudaýy Telepinus atasy Zemin hudaýynyň sowgadyny halta salyp getiripdir, haltany hemişe gök öwsüp oturan mukaddes daragtynyň şahasyndan asypdyr. Eýýäm roždestwo ýolkasy, egnine sowgatly haltany alyp gelýän Aýaz babany göz öňüne getirensiňiz. Aýaz babanyň-Ded Morozyň dünýäde has meşhur ady Santa-klausdyr. Bu at Zemin hudaýynyň gadymy obrazlarynyň birini özüne siňdiren keramatly Nikolaý bilen baglydyr Onuň gyzyl possuny, pejiň turbasyndan öýlere girip bilişi Zemin hu- daýyna häsiýetli alamatlardyr.
Soňra bürünç eýýamynda ynançlaryň üýtgemegi bilen Dünýä daragtynyň asmana göterilýän bölegine Aýal hudaýyň kellesi hökmünde garalman, ony asmanyň täze simwolyna öwrülen Günüň belgisi hökmünde kabul edipdirler. Şundan soň daragtyň depesine Günüň nyşany diýlip güle meňzeş tegelek belgi goýulyp başlanýar Wagtyň geçmegi bilen ol nyşan haç bilen çalşyrylýar. Bu üýtgeşmäniň döreýişi hakynda haç bilen bagly ýazlan miniatýurada aýdylypdy Ýeri geldi, ýene bir zady aýtmaly. Günüň gül şekilli belgisi biziň halydaky nagyşlarymyzda-da bar. Teke halysyndaky “gülýaýdyny” göz öňüne getiriň. Ýokarda Kiçi Aziýadan tapylan ýazgylarda beýan edilýän baýramçylyk 25-nji dekabrdan başlanýan ekeni diýdik. Näme üçin edil şol gün Zemin hudaýynyň ýollan sowgadyny agajyň şahasyndan asypdyrlar? Dogrusy, bu baýramçylyk iki müň ýyl ozal doglan Iisus Hristosdan öň hem bellenilipdir. 25-nji dekabr diýlen senäniň döremegi Gün bilen bagly.
Size mälim bolşy ýaly, 22-nji dekabr Günüň iň gysgalýan güni.
25-nji dekabrdan ol yzalyp başlaýar. Gadym zamanlarda şol günki dogan Gün täze juwan Gün hasaplanypdyr. Dünýäniň dürli ýerinde, dürli halkda ýeňip bolynmajak gudratly Günüň şanyna baýram edilipdir, toý tutulypdyr, her hili dessurlar amal edilipdir.
“Altyn şaha” kitabynda şol baýramyň aýratynlyklary hakynda ýazylýar. Müsürde, Siriýada ilki agşamdan hramlara girip oturylýan ekeni. Ýarygije bolanda adamlar uly şagalaň bilen daş çykypdyrlar: “Dewa dogurdy! Ýagtylyk saçylýar” diýip gygyrypdyrlar. Bu ýerde Dewa diýlende oňa Asman hudaýy manysynda düşünmeli. Müsürliler täze dogan Güni şekillendirip gurjak ýasapdyrlar. Gadymy Rimde hem 25-nji dekabr Roždestwo baýramçylygynyň güni hökmünde dabaraly bellenipdir. Injilde Iisus Hristosyň doglan güni takyk aýdylmaýar. Şonuň üçinem hristiançylygyň irki döwründe 25-nji dekabrda häzirki manysyndaky Roždestwo baýram edilmändir. Iisusyň doglan güni hökmünde 25-nji dekabryň alynmagy Isa pygamberiň doglan wagtyndan dört ýüz ýyla golaý soň başlanýar. Näme üçin hristianlar Iisusyň doglan gününi hökman öňden bellenilip gelinýän baýram gününe gabatlaşdyrmagy karar etdilerkä?
Türkmenlerde “Gün güýçliňki, gowurga dişliňki”, “Soň gelen aşa batyr” diýilýär. Täze hristian dini dördünji asyrda Gündogaryň, Gün- bataryň birgiden halkynyň ynanjyna öwrülipdi. Butparazlaryň Gün baýramyny güýç bilen ýatyrjak bolup azara galman hristian ruhanylarynyň hilesi öňe sürülýär: älemi, Güni ýaradan hudaý, şonuň üçin Güniň däl-de ony ýaradan hudaýyň-Iisus Hristosyň doglan güni 25-nji dekabrda baýram edilse, bendeleriň göwnüne jaý bolardy, hökmizorlara ýok diýenlerem antihrist diýlip ýok edildi. Şeýlelikde, köne baýram täze many alýar. Köne ýolka, oýunjaklar, sowgat paýlaýan Aýaz baba-da bäri geçýär. Munuň ýaly öwrülişikler dinleriň taryhynda az bolmandyr. Dünýäde ýyl hasaby-da Isus Hristosyň dogan ýylyndan alnyp gaýdylýar, oňa täze eýýäm diýip at berilýär.
Biz ýolkalaryň depesinde bäşburç ýyldyzyň şekilini görüp ulaldyk. Bu haýsy zamandan galan alamatka?  

Tirkiş JUMAGELDI.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 87 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Arçanyň Dünýä daragty - Baýderek bilen deňeşdirilmegi bolsa dogry. Hakykatdanam gadymy türkmenlerde arça edil Baýderek ýaly ýanbermez berkararlygyň nyşanlarynyň biri hökmünde ykrar edilipdir.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Tirkiş aga, "ýolka" diýmän, "arça" diýäýmeli ekeni. Onsoňam, "arça" diýen sözüň asyl köküniň gadymy türkmen dilinde "ary -arassa, sap, päkize" diýen sözden emele gelendigi çaklanylýar. Gadymy türkmen dilinde "ça" goşulmasy, nämedir bir zadyň eýjejikligini, naşyjalygyny, ezizligini beýan etmek üçin asyl sözleriň yzyna goşulypdyr. Diýmek "arça" sözem "aryça - arassaja, päkizeje, tämizje" diýmegi aňladypdyr.
Onsoňam, arça bezemek dessury gadymy türkmen halkyna müňýyllyklardan bäri mahsus bolupdyr. Gadymy türkmenler Enesaý, Seleň derýalarynyň kenarlarynda ýaşan döwürlerinde her Ýaş gün - Täze ýül güni (Adatça, mart aýynyň 22-23-i, Nowruz) arça agaçlaryny elde ýasalan agaç, toýun oýnawaçlar, akly-gyzylly mata bölejikleri, kindiwanja jaňjagazlar, şelpejikler bilen bezäpdirler, onuň daşynda aýdym aýdyp, sanawaç sanap, raks oýnapdyrlar, Ýaş günüň (Ýaşyl günüň) - Täze ýylyň gelendigini belläpdirler. Çünki arça agajy hemişe ýaşyl bolup, ol Ýaşyl günüň adyna laýyk gelipdir we gadymy türkmenleriň dünýägaraýşynda gara gyşdan - agyr ukudan (ýa-da kiçi ölümden) soň Täze ýylyň, ýaşaýyşyň, diriligiň gelendigini aňladýan simwol hökmünde çykyş edipdir.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: