15:11
Mugawyýa Hezreti Hasana näme teklip etdi?
MUGAWYÝA HEZRETI HASANA NÄME TEKLIP ETDI?

(Bu taryhy öwrenmezden hakykata göz ýetirip bolmaz...)

Daş-töweregimizi gurşap alan kemçilikleri, artykmaçlyklary, daşky görnüşi bilen bize we jemgyýete täsir edýän şertleriñ barsy, şu günümiziñ gelejegini belli bir derejede düýnki günden kesgitleýär. Nämäniñ nähili boljagy, haýsy gymmatlyklaryñ öñe çykyp, haýsylarynyñ yzda galjagy-da düýnüñ bize galdyran mirasynyñ soñunda şekillenýändigine ynanýaryn. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, adamyñ bolşuna düşünmek üçin onuñ çagalygy hökmany bilinmeli geçmiş bolup durýandygyna görä, jemgyýetlerem üçinem taryh şo derejede möhümdir. Aslynda şu gün gözlenýän gymmatlyklaryñ köpüsi ýüzlerçe ýyl öñ ýa-ha söweş meýdanlarynda, ýa-da ýygnanşyklarda terk edilip, gyra çetde bir ýerde galdyrylan zatlardyr.
Yslamyñ taryhy-da hut şu tarapy bilen öwrenmek gyzyklydyr. Çünki, bugün düşünmekde kynçylyk çekilýän käbir hadysalarymyzy pula, mülke, söwda bähbitlerine baglanyşdyrýan “dini röwüşli ýaşaýyşlary” görenimizde, albaý bulap bizi ýanyna çagyrýan we hut şu hadysalaryñ köküni görkezýän maglumatlar taryhyñ çuñluklaryndan gizlenip ýatyr.


MUGAWYÝA HEZRETI HASANA NÄME TEKLIP ETDI?

Gürrüñi ediljek şol taryh sahypalaryndan birini gaýtadan açalyñ we geliñ, hemmämiz birlikde şol ýyla tarap gideliñ...
661-nji ýyl. Halyf Hz.Aly (r.a) haryjylaryñ hüjümi netijesinde şehit düşüp, onuñ ýerine Hasan saýlandy.
Hasanyñ halyflygy çalt bolup geçipdi, onuñ kakasynyñ wepat bolmagyndan bary-ýogy iki günden soñ halyf saýlanandygy aýdylýar. Kakasynyñ döwründe häkimlik sürenleriñ köpüsi Hasanyñ häkimiýetini kabul edýär, diñe Şamyñ we Müsüriñ häkimleri muña boýun sunmaýandygyny mälim edýär. Hususanam Şamyñ häkimi Mugawyýanyñ bolşunyñ üstünde aýratyn durup geçmek gerek.
Şondan dört ýyl öñem häzirki Siriýanyñ çäklerinde Hz.Aly bilen Mugawyýanyñ arasynda gandöküşükli uly uruşlar bolup geçýär we bu uruşlarda tegelek 70 müñ adamyñ wepat bolandygy aýdylýar. Galyberse-de, Mugawyýa diñe Hasanyñ däl, Alynyñ halyflygyna-da boýun egmändi ww Syffyn topraklaryny gana suwarmagyñ bahasyna gylyjyny elinden düşürmändi.
Ýeri, şindi näme bolarka?
Hasan üçin söweşmekden başga çäre ýokdy, Mugawyýanyñ özem urşa taýýarlyk görýärdi. Ýagny, "yslam" topraklary ýene gana boýalmalydy, ýene taryhyñ sahypalaryna ölümli sahnalar ýazylmalydy, ýurdy ýene gaýgy-hasrat, matam gurşap almalydy. Çünki bular her bir urşuñ getiräýmeli netijeleridi. Emma urşa taýýarlyklaryñ öñüsyrasynsa Mugawyýa tarapdan "pul" teklibi gelýär. Bu ýagdaý Mugawyýadan garaşylmaýan zat däldi.
Mugawyýa eger Hasan ibn Aly islese, Yragyñ ähli baýlygyny, hazynasyny oña berjekdigini we oña islän sebitiniñ pajyny tölejekdigini aýdýar. Elbetde, bu teklipler garşylyksyz däldi. Hasan bu teklipleri kabul eden ýagdaýynda halyflykdan el çekmelidi. Şert şudy. Tersine bolanda, uruş taýýarlyklarynyñ başlanmagyna garaşylýardy. Taryhy çeşmeleriñ habar bermegine görä Mugawyýanyñ 60 müñ, Hasan ibn Alynyñ bolsa bary-ýogy 40 müñ adamlyk goşun jemlemäge güýji ýetýärdi.
Üstesine Hasanyñ bu sana kynlyk bilen ýetendigi, adamlaryñ köplenç ýagdaýda uruşmaga höwessiz bolandygy aýdylýar. Çünki bu söweşden öñem Jemel, Syffyn, Nehrewan ýaly söweşler bolup geçip, bularda müñlerçe adam wepat bolupdy. Gelinen ýagdaýda bir tarapda ýadawlyk, bir tarapda hasrat we umytsyzlyk bardy.
Emma Hasan söweşmäge döwtalap bolýar we Mugawyýanyñ tekliplerinden ýüz öwürýär. Has takygy Kufe mesjidinde eden çykyşynda Mugawyýa garşy boljak söweşiñ şol bir wagtyñ özünde “jihaddygyny” aýdýar, ýagny garşydaşynyñ “duşmançylygyny” hasam möwjedýär. Ahyrynda goşunlar ýola çykýar.

DIN TÄJIRLERINE HEMIŞE TÄZE MÜMKINÇILIKLER WE EKSPLUTASIÝA UGURLARY DÖREDI

Hasan ilkinji nobatda Ubeýdulla ibn Apbasyñ serkerdeliginde 12 müñ adamlyk goşun bölümini öñden goýberýär. Şol wagtam özi Sabat diýilýän ýere ýetende uruşmaga "meýilsizdigini" aýdýar. Hasan ibn Aly nämüçin bu çykyşy etdi we nämüçin söweş babatynda “ätiýaçly” pozisiýa geçdi? Bu barada her kim öz pikirini aýdyp biler, elbetde. Emma biziñ bärde bir bilýän zadymyz: Hasanyñ bu çykyşy tarapdarlarynyñ arasynda ullakan lapykeçlik döredipdir. Mysal üçin goşhnyñ agramly bölegini tutýan harijiler Hasany “küfüre” düşmekde aýyplaýar. Hatda onuñ çadyryna çozup, goş-golamyny talamaga synanyşýarlar. Aýratynam el-Jerrah ibn Sinan atly bir hariji ony öldürmäge synanyşýar. Hasan bu hüjümlerden diñe Muhtar es-Sakafynyñ agasynyñ häkimlik edýän ýeri Medaýyna gelip halas bolýar. Käbir çeşmeler onuñ bu ýerde kyrk gün galandygyny habar berýär.
Mugawyýanyñ tarapynda bolsa işler şowuna bolýar. Mugawyýa Hasanyñ iñ uly serkerdesi Ubeýdulla ibn Hasana söweşden çekilen ýagdaýynda ýarsyny urşuñ öñünden, ýarsyny soñundan jemi 1 million dirhem hödürleýär.
Hz.Hasanyñ agasynyñ ogludygyna garamazdan Ubeýdulla bu teklibi kabul edýär. Netijede müñlerçe adamlyk goşun Mugawyýanyñ tarapyna geçýär. Şeýle-de; Mugawyýanyñ tabynlygyndaky Busr ibn Ebil-Ertatyñ goşun bölümi bilen Hasanyñ tabynlygyndaky Kaýs ibn Saadyñ goşun bölüminiñ arasynda çaknyşyklar bolup geçýär we Mugawyýa Kaýsa-da pul teklip edýär, ýöne ol muny kabul etmeýär.
Netijede Hasanyñ goşuny ep-esli derejede dagaýar we güýji gowşaýar. Kaýsyñ güýçlerini Mugawyýa gabaýar, şeýle-de oña tabyn Abdylla ibn Amryñ goşun bölümi-de Medaýynda Hasan ibn Alynyñ alkymyna dikilýär. Taryhy rowaýatlara görä, Hasan mundan soñ ýagdaýyñ näme bilen gutarjagyny bilýär we Mugawyýa ýaraşyk teklip edýär. Elbetde, bu teklibe Mugawyýa oñyn garaýar. Netijede Hasan bilen Mugawyýanyñ arasynda ylalaşyk baglaşylýar. Ylalaşygyñ mazmuny we maddalary barada dürli-dürli maglumatlar baram bolsa, ylalaşygyñ baglaşylandygy anykdyr. Iñ soñky pursatda ýene Mugawyýa, ýene bähbitparaz ýaranlar, ýene güýçlüler üstün çykýar.
Ymmatyñ arasynda soñlanmaýan güýç uruşlary, ýaranlyk agtaryşlary, dökülen ganlar, agzalalyk we ýaraşyklar... Gürrüñi edilen bu döwür Pygamberimiziñ (s.a.w) ölüminden soñky elli ýylda bolup geçdi. Birinji elli ýyllykda musulmanlaryñ ýüzi "olja", güýje, güýçlüleriñ üstünligine gönükdi, birinji elli ýyllykda on müñlerçe musulman biri-birlerini öldürdi, soñra ýene şu ýarym asyrda musulmanlara bähbit ýaranlyklary wekilçilik etdi, ahyrynda-da bu ýaranlyklar gurulan döwlet bilen perçinlendi.
Şeýlekin geçmişden, taryhdan saplanman we aýyl-saýyl etmän sagdyn gelejegi berkarar etmek juda kyn boljakdygy görnüp duran zat. Şeýle-de boldy. Çünki şol taryh täze günüñ din täjirlerine, güni güýçlilere elmydama täze mümkinçilikleri, eksplutasiýa ugurlaryny döredip berýär, netijelerini-de meñzeş biçüwde örtmegi wada berýär. Hut şonuñ üçinem görnetin we bilgeşleýin şol taryh undulmady. Hasan ibn Aly bilen Mugawyýanyñ arasynda bolup geçen söweşe we ylalaşyga-da, ine, hut şu nukdaýnazardan garamak gerek, başgaça bolanda, seredeniñ bilenem görmezlik ýaly netije döredýär. Gürrüñsiz, görmek gerek.

Aýdyn TONGA.

Odatv.com
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 133 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýdyn Tonga | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 29
0
29 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bir zady unutma: taryh gaytalanyp duran çarh...
duynem, şu gunumizem, ertamizem şo bir zat... yaşap geçen adamlaram şobir gaytalanyp duran adamlar aslynda...
hazir biziñ dowrumiziñ Ebu Lehepleri, Ebu Jehilleri, Welit ibn Mugyralary azmy? Ebu Sufyan yaly omruni yalñyş tarapda geçirip ahyrynda dogry yoly gorup toba gelyanler yokmy? Lat, Menat, Uzza yaly daş hudaylar birwagt olup gidendir oydyanmi? Ya Hamza, Aly, Omar, Osman, Ebu Bekir, Ebu Zerr, Talha, Bilal, Selman Parsy, Sagdy Wakgas... yaly nusgalyk şahslar yokmy aramyzda? Bar, hemmesi-de bar...
şolaryñ mysalynda yaşap yorendigimizi añlamaga ullakan akyl gerek dal...
Şuny oka, name diymek islandigime duşünersiñ..
http://kitapcy.com/news/2018-07-18-1346

0
28 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ebu Sufyan Pygamberiñ (s.a.w) gaýynatasy... hem doganoglan agasy... hut gyzy pygambere ayal bolup baransoñ onuñ duşmançylygy peselendigigini aydyarlar. Ozem yslamy kabul edensoñ ta ölyança yeke yerde ters hereket etmandigi aydylyar, gaytam gazalara hem gatnaşyar, bir soweşde gozi kör bolyar.
Mugawyýa hem pygamberiñ mürzesi bolan... yagny, Kuran ayatlary, berlen hökûmler, fetwalar we ş.m onuñ elinden geçipdir, öyke-kinäñi pürkeñde sozleriñi saylap seçip almagy maslahat beryarin ))

0
27 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şahyrlar şol döwruñ gozi-gulagy, sesi, metbugaty, gazet-žurnaly, telewideniyesi... hemme zat.
Onuñ özuni öwen şahyra pully gapjygy eçilmegi geñ zat däl

0
26 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ebu Jehil, Welit ibn Mugyra we pygamberiñ hut oz jana-jan agasy Ebu Lehep yaly butparazlygyna imansyz ötüp giden bolsa neneñ bordy? Ahyrynda gijem bolsa Allatagalanyñ lurfuna we hidaýata gowuşmak nesibelerinde bar eken, pygamberiñ oz geçirimliligine mynasyp bolma bagty mañlaylaryna yazylypdyr...
Hakykaty bil, bes... ondan soñky aydyljak sozler bihuda. ...

0
25 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Her sapar Ebu Sufyan diyen yazgyny göremde Muhammetpygamberiñ türkçeden terjime edilen bir kinosy bardy: Şonda bir şahyr ulyrak daşyñ üstüne çykyp: ''Ebu Sufyan baýdyr, ol örän baydyr'' diyeni üçin içi doly pully haltajygy zynyar. Şona gülkümem tutyar ... biggrin

0
24 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Mugaviya ogluny hem öz ornuna syyasy mekiligi ulanyp goyyar. Ol şonda-da Hezreti Alynyñ neberesi Hasana garşy
çykylmagyna getiryar.
Mugaviya hakynda obyektiv pikir yöredeniñe degenok. Onuñ kakasam ikiyüzli şertnamany bozan Ebu sufyanyñ neberesinden kim halyf saylanmagyna razy bolan bolsa avtoryñ aydyşy yaly pul tölenenler razy bolupdyr. Onsoñam Mugaviya nayzañ ujyna gurhany baglap Alynyñ sap goşunyny aldava salyp ganlaryny dökyar. Mugaviya hem kakasy yaly dönük hem ikiyüzli musulman bolan. Ol hakda men kan okap gördüm...

0
23 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Mugaviya bin Ebu Sufyan*

0
22 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Ýenede bir okan zatlarymdan ýadyma düşýänini paýlaşaýyn. Ýagny Ýezidiň ölümi gaty pajygaly bolupdyr. Ony öz astyndaky aty jyrt atyp üstünden ýykyp, Ýezidiň bir aýagam atyň üzeňňisinde iligili galyp, şol atam süräp gözgen gaýyp bolýança çapyp gidipdir. Aty tapanlarynda eýeriň üzeňňisinde ýekeje aýak galanmyş.
Ýezidi jaýlapdyrlar. Soňlaram ýezidiň mazarynyň ýany musor zyňylýan ýer we hajathana öwrülipdir. Rowaýata görä Teýmirleň şol ýerleri basyp alanda Ýezidiň mazaryny gazdyryp esgerlerine hajatlaryny etdirdip ýenede süňkini yzyna salyp gömdüripdir diýilýär. Dogrylygy ýada ýalňyşlygy barada plan diýip biljekdäl.

0
21 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Haweranyň aýdýany dogry hasap edýän. Ýagny Hz Pegamberimiz öz sahabalary barada şeýle diýipdir. "Meniň sahabalarym ýyldyz ýalydyr. Haýsyna el uzatsaňyz dogry ýoly taparsyňyz" ýaly manyda hadysy bar.
Şol sebäpden Hz Mugawiýe bir zat diýmek ýa-da diýmemek dogry bolar.
Ýöne onuň ogly barada menä okanymda şok boldum. Ýezit näme üçin näme maksat bilen, haýsy kelle bilen Hz Pygamberimiziň neslinden 70 sany adamy gyrypdyr, haýsy kelle bilen kellesini 3 gün şäherde asyp goýupdyr men haýran.

0
19 Gökböri   [Mowzuga geç]
Aly ibn Ebu Sufýan däl, Aly ibn Ebu Talyp

0
20 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Şeýle diseňe bro. Aly ibn ebu Sufýan diýse kimka diýdimow men. Meger Aly ibn Ebu Talyp ekeni.

0
18 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Aly bin Ebu Sufyanyñ Häkimýete Mugawiya bin Ebu Sufyan boyun bolmalydy diyjek bolyan. Mugawiya sahaba bolan bolsa-da pygamberiñ garyndaşy nolan bolsa-da hz Alynyñ halyflygyna boyun bolmalydy. Tabynlyk görkezmelidi ulumsylyk etdi. Yagny hz Alyny hiç zatça görmän halyflygy elealmak isledi. Hz Alydan sorapdyrlar bir gün: ''Ey Möminleriñ emiri beyleki üç halyflaryñ döwründe pitne gozgalañ yokdy. Seniñ döwrüñde bolsa pitne gozgalañ tutaşdy'' diyende hz Aly olara şeyle diyyär: Ol üç halyflaryñ arkasynda men wagtynda durupdym. Olary goldap halyflygyny kabul edipdim. A häzir bolsa meñ arkamda siz barsyñyz'' diyip sahabalara gowy jogaby beryär. Diyjek bolyanym Mugawiya hz Ala tabynlyk görkezsedi taryh belkäm başgaçarak yazylardy...

0
17 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Biz ýaly töňňeler diňe baý-bäh diýip oňsa ýagşy. Çyndanam teswirdäki maglumatlar baý-bäh diýdirýär.

0
16 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hakimiyet dawasy b.n din dawasynyñ arasyny seljerip öwrenmek gerek.

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hem Hz.Äşe Hz.Ala yesir düşende ony hormatlap sylaglap, düýä mündürip goýberýär.
Diýjek bolyanym - özara uruşlar häkimiyetiñ üstünde turupdyr, din dawasy dal bularyñky, taraplar biri birini sylapdyr, hormatlapdyr, kemsidiji we küpür sozleri ulanmandyrlar.

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hz.Ala (r.a) garşy söweşenleriñ başynda pygamberimiziñ söyguli ayaly Hz.Äşe (r.a.) enemiziñ hem bardygyny unutmañ...

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şoñ ü.n pygamberi (s.a.w) gören gözüñ we onuñ taglymyna omri otunça hyzmat eden adamyñ kimdigine - zalymdygyna ta alymdygyna garamazdan "melgun" diymek aýyp bolar, hatda ulamalaryñ dili b.n aydanymyzda "küpüre düşersiñ."
Emewileriñ iñ adyl halyflarynyñ biri hasaplanyan Omar ibn Abdylezizden sorapdyrlar: "Mugawyýa barada name aydyp bilersiñ?"
Ol şeyle diyipdir:
"Käşga men pygamberiñ yanynda baryan Mugawyýanyñ atynyñ burnuna yapyşan tozan bolsadym..."
ondan yene bir zat sorapdyrlar:
"Hz.Aly b.n Mugawyyanyñ arasynda bolan uruşlar (Jemel, Syffyn we ş.m) barada name aydyp biljek?"
Ol şeyle jogap beripdir:
"Olar öz gylyçlaryny sahaba ganlaryna boyadylar, biz bir dilimizi boyap gûnä galmalyñ."

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jek, señ o diyen hadysyñdan elbetde, Mugawyýanyñ habary bolandyr, emma bärde içtihat diyen bir zat bar...
Pul b.n adamlary oz tarapyna çeken mekir syyasatçy, şol dowruñ ulamalaryny-da oz tarapyna çekmegi ussatlyk b.n başaran bolmaly.
Mugawyýa oz kellesine gelşine görä sahaba bolunşiginiñ başyny başlap, gan dokendir oydyañmi?
Barde birgiden fetwalar, içtihat yatyr...
O zatlara ikimiz hiç haçanam duşunip bilmeris... smile

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hut Hz.Osmanyñ nebereleri Mugawyýa dowrunde Hz.Ala garşy uruşdylar.
Yurdumyzda uly tireleriñ biri hasaplanyan ata tiresi hem Hz.Osmanyñ ogullaryndan hasaplanyar. Gözli atanyñ şejeresi Hz.Osmanyñ neberelerine baryp direyär.

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hut şol tradision artykmaçlyk hem pygamberimizden (s.a.w) soñam olarda yitip gitmedi. Gaytam Hz.Osmanyñ (r.a) dowrunde hasam güyjedi. Sebabi Hz.Osman öz emewi garyndaşlarynyñ barsyna wezipe paylady, yekesini boş goymady...

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bärde bir hakykat bar:
Mugawyýanyñ maşgalasy, ata-babasy (Yezidi hasaba almanymyzda) ökde diplomat, syýasatçy, döwletara derejesinde tanalyan täjir, Mekgäniñ täsirli liderlerinden, Kuraýyş tiresiniñ kethudasy, harby serkerde... we ş.m.
Mugawyýanyñ kakasy Ebu Sufýan bularyñ hemmesini özunde jemlan şahsyyetdi we ol bulary elinden gidirerin diyen gorkusy b.n yslama girmanka yslama garşy goreşdi, hatda yslamyñ iñ ganym duşmanlarynyñ biridi.
Olarda yokarky agzan artykmaçlyklarymyñ jemlenendigine yeke delil: Muhammet pygamber (s.a.w) yslama çagyryşyny eşiden Wizantiya kaysary şol wagt Siriyada söwda kerwenine baş bolup gelen Ebu Sufýany yanyna çagyryp ondan pygamber bilen gyzyklanýar..
Indi uns ber: dowlet derejesindäki yolbaşçy kim bilen duşuşyar? Ebu Sufyan b.n. Ebu Sufyan kim? Mekganiñ iñ sozi geçginli adamy, lideri, diplomat. Yagny ol wizantiya kaysarynyñ derejesindäki adam. Göryañmi, ikimiz yaly yeñiyoluk arapdan soramandyr-a...

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hz.Pygamberiñ Mugawyýa ü.n aydan birgiden hadyslary bar... Hut Hz.Alynyñ özi hem tarapdarlaryna "Siz ony halamayarsyñyz, emma Mugawyýa Wizantiya b.n aramyza dikilen aşylmaz diwardyr" diyen yaly sozleri bar...
Allanyñ ozi bilyandir kimi bar eylap kimi kimiñ ustune musallat etjegini, kimi kimiñ elinden şehit etjegini... Ikimiz däl...
Eden bibatlyklary, doken ganlary u.n jogap berjek ozi. Biz däl.

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Nämä dyzaýañ? Men hiç kimiñem tarapynda däl. Men onuñ yslamy ýaýmakda eden hyzmatlarynyñ bimöçber uludygyny aýtjak bolýaryn. Onuñ eden zulum-sütemkärliklerini oñlaýan ýok we ikimiz adamlaryñ günä-sogabyny ölçeyän terezi dal, ikimiz kimiñ tarapyny tutsagam uytgejek zat yok, bolan iş bolupdyr geçipdir...
Allatagala kimi yalkajakdygyny, kimi rehnetinden daş duşurjekdigini ikimize geñeşmezikä diyyan...
Maksat - bu yerde taryhy hakykatlary bilmek... başga zat däl...

0
6 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Hasan*

0
5 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Sen indi Mugawyýanyñ tarapyndamy ýa Magtymguly aýtmyşlaýyn ''Iki dünýäniñ güli'' hasaplanan Hezreti hasanyñ tarapynda?
Dogry ol Yslam dinini yaymakda uly işleri bitirdi. Emma onuñ Hezreti Alydyr hezreti Hasana yetiren zulum-sütemleri, hatda mekir-hileleri yslam dinindäki yoldan azaşan musulmana däl, hut sahaba yetdirjek pälmidir. Ol, ýagny melgun Mugawyýa Hezreti Muhammet aleyhissalamyñ ''Musulman musulmanyñ ganyny dökse bizden däldir, yagny Musulman däldir'' diyen hadysyny diñlemedimikä!? Dogry ol syýasatda, aldaw-hilede ökdedi we gayry kapyrlary dine saldy. Yöne hezreti Alydyr, Hasan dagylara görkezen zulumlary üçin yalkanarmyka? Muny Alla bilyär!!!

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistan hem zorluk bilenem bolsa şu döwürde yslama salyndy
http://kitapcy.com/news/2019-10-28-8840
http://kitapcy.com/news/2020-04-02-11103
Emewi basybalyjylaryna garşy watançylyk urşuny alyp baran Tarhan Nizek, Suluk Çabyş-Çor ýaly gahrymanlarymyz hem bardy
http://kitapcy.com/news/2020-08-18-2729
http://kitapcy.com/news/2018-09-11-2396
Her bir zulumyñ soñy bibatlyk bilen tamamlanýar.
http://kitapcy.com/news/2019-10-28-8847
Türkmenler emewi milletçiligi basybalyjylykly syýasatyna garşy özlerine hoşniýetli garan we o diýen bir milletçi syýasat ýöretmedik başga bir arap diktaturasy
http://kitapcy.com/news/2018-12-15-3928 abbasylara ýakyn duranyny gowy gördüler.
http://kitapcy.com/news/2019-10-17-8622
(Emewiler hakynda giñişleýin maglumat ü.n seret:
http://kitapcy.com/news/2019-12-02-9493 )

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mugawyýanyñ döwründe emewi diktaturasynyñ binýady tutulandygy dogry. Emma hut şonuñ döwründe yslam uzak aralyklara ýaýrady. Emewiler döwründe araplar Günbatarda Fransiýanyñ çäklerine çenli baryp
( http://kitapcy.com/news/2018-11-27-3632 )
ýetdiler, Ispaniýa doly musulman ýurduna öwrüldi we sekiz asyrlap şeyleligine galdy... musulmanlar Konstantinopolyñ etegine çenli geldiler we hut şol ýörişde şehit bolan sahabanyñ mazary häzir Stambulyñ iñ köp gelüw-gidüwli zyýaratgähidir.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mugawyýa hernäme-de bolsa sahabalardan hasaplanýar we onuñ adynyñ öñünden "Hezreti" ünwanynyñ berilmegi onuñ Wizantiýany titredendigi we birgiden ýurdy yslama salandygydyr...

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Emma käbir çeşmeler Mugawyýany öwüp arşa çykarýar. Hatda adyna-da hezreti Mugawyýa diylip yazylan yerleri bar.
Yslama diñe ol däl onuñ ogly Pelit Ýezit hem uly zyýan ýetirdi.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: