17:34
Täze "Jelaleddin Horezmşa" taryhy serialy hakynda maglumatlar
JELALEDDIN HOREZMŞA

Häzirki wagtda Özbekistan respulikasynyň medeniýet minstrliginiň sargydy boýunça "Özbekkino" agentligi bilen Türkiýanyň "Bozdag film" kinoşerekti tarapyndan surata düşürilip başlanan "Jelaleddin Horezmşa"[1] serialiniň surata düşüriliş işleri dowam edýär. Serial Özbekistanyň medeniýet minstrliginiň sargydy boýunça Özbekistanyň "Best organiser" MCHJ we Türkiýanyň "Bozdag film" kinoşerektiniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda "Orient Finans Bank" söwda bankynyň hemaýatkärliginde surata düşürilýär.

Serialyň režissýory Mehmet Bozdag, senarisini ýazan, Nazar Işangul. Serial Türkiýanyň Aksaraý welaýatynyň çäginde ýörite taryhy dekoratsiýalar bilen mezelip taýýarlanan 50 gektar meýdançada, müňden gowurak adamyň üstünde işlemeginde surata düşürilýär. Serial üçin 7 million amerikan dollary sarp edilipdir.
Serialiň baş rollarynda oýnaýan aktiýorlar:

Emre Kywyljym,
Jemal Hünal,
Lewent Özdilek,
Aly Sinan Demir,
Kaan Ýalçyn,
Oguzhan Ýarymaý,
Alişer Uzakov,
Jawahir Zakirow,
Ýulduz Rajabowa,
Şahzada Matçanowa,
Ege Atabek Uýmaz.

Serial 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda tomaşaçylara hödürlenmegine garaşylýar. Häzirki wagtda serialiň haýsy telekanallarda görkeziljekdigi näbelli, emma Özbekistanyň "MTW" (Milliý TW) Türkiýanyň "TRT1" telekanallaryndan görkezilmegine garaşylýar.

[1]Özbekçe ady: "Mendirman Jaloliddin Manguberdi". Türkçe ady: "Harzemşahlar".

© Kitapçylar

#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 468 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 2.3/3
Всего комментариев: 32
0
32 mango   [Mowzuga geç]
düýn giçlik halamaýan kanalymdan göýberilen kinony görmäge başladym.
gowy zat bolan däldir diýen öňünden taýýarlykly düşünje bilen synladym we акробатический söweş sahnalaryndan soň "hindi kino bol-a" diýip, bäş minuda ýetmän kanalymy çalyşdym.
ýene-de ara wagt salyp belki görjek bolaryn, nämede bolsa Jelaletdi barada....
ýöne, ýokarda kommentlerde bellenilişi ýaly birtopar "yslaryň aňkap durmagy" höwesimi gaçyrýar.
hawa, kinony ýazmagam, almagam aňsat däl.... hemem her kim ondan özüne bähbit gözleýän wagtda....
---
ýene-de kançalowskiň "mikelanjelosyny" görüňsene.
şeýleräk alyp bilselerdi...

0
30 myhman   [Mowzuga geç]
*türmeden

0
29 myhman   [Mowzuga geç]
menem gynandym. olaram haçana çenli garaşsyn diýesiň gelip dur. ýöne biziň kinomatagrafiýamyzyň häzirki ýagdaýy normalny film düşürip bilermi, bilmezmi. puluny çykaryp, başga studiýalara düşürdseň bilemok. özbeklerem şeýdipdir. özlerniňkä göwünleri ýeten däldirdä. ýöne ssenariýany özleri ýazypdyr öýdýän. bizde ssenariýasyny gowja ýazyp biljek ýazyjymyz barmy onam bilemok. käşgä...

göwün ýüwürtme:
şeýden bolsak
1. çykdajysyndan gaçman gollywuda düşürden bolsak ("ürmeden gaçyş" ("prison break") serialyň ýekeje seriasynyň çykdajysy bilen gyzyklanyp görüň)
2. ssenariýasyny biri özümizden, beýlekisi daşary ýurtdan birine ýazdyran bolsak (hatda komisiýada düzülip bilner).
3. tw ler gürleşip dünýäniň her ýerinde görkezilen bolsa (çykdajynam ýapmagy ahmal).

häzirem giç däl.

filmler barada:
özi serial bolsa taryhyň ýoýuljagy köre hasa. öňem bir taryhy serial düşürilende taryhçylar "taryhy ýoýýaňyz" diýip tankyt edipdirler. kinoçylaram "biz taryh dersini beremizok, film düşürýäs" diýipdirler.

daşary ýurtlylaň (niräňkidigini bilemok) ibn sina barada düşüren bir kinosy bar. şol kinoda angilýadan biri gelip (öl ölýän bolsaň diýip) ibn sina körçege kesmäni öwredýä eden bolýalar.

adamlaram ynanjaň. bir fantastik kinodaky hyýaly şähere bilet sorap, şol filme sponsorlyk eden airkompaniýa jaň edýämişler. o dereje.

kellämdäki soraglar:
mangol çozuşlaryndan öň özbek milleti bardymyka?
bir millet beýleki milletden nämesi bilen tapawutlanýa? ýaşaýan territoriýasy bilenmi? genetikasy bilenmi, dili, düşünjesi, däp-dessury, ynanjy... (gysgaça aňyýeti) bilenmi?
arassa genli milletler barmy?
eger milletleriň (iň bolmanda garyndaş milletleriň) taryhyny yzyna saratsaň birigip barýan bolsa, öňüräkki taryhy şahslar iki (ýa has köp) millete-de degişli bolup bilermi. mysal üçin agaçdaky ýapraklar pudak meňki diýip dawa etse. pudaklar şaha meňki diýip dawa etse...
bilýänler aýtsa çyn ýürekden minnetdar bolardym.

0
28 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Bagabat, Serdar aga", men-ä eyyäm bu serialyñ rus diline geçirilen birinji üç seriýasyna tomaşa etdim we onuñ youtubede goylan ozbek dilindäki wersiyalaryny hem görüp bir makala yazmak niyetim bardy, kemcilikleri we ûstünlikli taraplaryny belläp hem goýupdym, yone gecen hepde Alp Arslan teatrynda gorkezilen we Balkan welayatynyñ teatr işgarlerininiñ sahnalaşdyran "Soltan Jelaleddin" spektaklyna tomaşa edip-pikirimi jemläp soñ yazjakdym, bir sebap bilen oña tomaşa etmäge gidip soñ yazjakdym. Olam bolmady. Gepiñ keltesi, galdy (biraz yaltalygam bar). Kyn görmeseñ kinotankytcy dostuñ "Tokmak Gürzülä" "Oýanyş Seljuklydyky" yaly bir makalajyk boldugyndan sypdyrdaly. Söz Sizden :)

0
31 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Haweran, meniň bilşime görä, öwrenje kinotankytçy Ýepbekçiýew Tapbatçy, heniz şol serialy görmändir öýdýän. Özüm bolsa, şu wagt, düýnden bäri "döredijilik depressiýasynda"-my nämemi...Ýöne, gardaşym, Tapbatça: "Mümkin boldugyndan şol serialy görjek bolsana!" diýip haýyş ederin. Eger-de görse, belki içiniň ýangynjyna-da bir zatlar ýazar :-(.
Özümiň-ä şu günler iliň ýazan-düşüren zadyna däl-de, diňe özümiňkä jynym düşdi.

0
27 BEG   [Mowzuga geç]
Başga milletleriň türkmen gahrymanlary özüniňki etjek bolmagy türkmeniň beýikliginden nyşan. Türkmeniň taryhyna eýe çykjak günem geler. (öz-özümi köşeşdirmäge başga söz tapmadym)
Kinoda bolsa-da türkmen haly bar eken. Ýöne Çingiz bilen Jelaleddiniň duşuşygy ýalan-ýalňyş maglumatlaryň boljagyndan, taryhyň kezzaplyk bilen gödek ýoýuljagyndan habar berýär. Çingiziň bozgurt çadyry zat diýdirilmegi ondan türk ýasajak bolýan panturkistleriň ysynyň kinodan aňkap durjagyny belli edip dur.

0
26 Persey   [Mowzuga geç]
Öten geçen gahrymanlarymyz "bizi başga milletiň adyna beriň" diýip, türkmeniň adyny arşa çykarmadylar.

0
25 Persey   [Mowzuga geç]
Eger türkmen dinini, agzybirligini, taryhyny we ylymyny saklasa hiç bir millet muňa deňleşip bilmez.

0
24 Gökböri   [Mowzuga geç]
Halaýyk, häzir şu serial bolup durandyr türkleñ atv kanalyndan

0
23 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jumamyrat Gurbangeldiýew / "Anuşteginogullary döwleti"http://kitapcy.com/news/2018-06-26-745 

Jumamyrat aganyñ altayli.net türk saýtynda çykan makalasy:
https://www.altayli.net/anusteginogullary-horezmsalar-dowleti.html

0
22 gleasonhanture   [Mowzuga geç]
Menem birinjilerden bolmandygymza gnandym. Ýöne Jellaleddin Horezmşanyň keşbini türk artisti jalandyrýan eken. Milliy TW kanalynda ol seriala bagyşlanan kiçijik film berende görüpdim.

0
21 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Surat görnüşinde e.kitabam bar Ýanyň "Jelalenddin" powestiniň, birki ýyl mundan ozal okapdym, juda gowy kitap.

0
20 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Serial başlanýança Wasiliý Ýanyñ "Jelaleddin" powestini okyjylara yetişdireris.. ))

0
19 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jelaleddin Meñburunyñ adyny Karl Marks hem hormat b.n tutýar.

0
18 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Goysana-how, wink

0
17 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Has aga, köp sagboluň. Indi mengu (mangu) sözi häzirki özbek dilinde ebedi diýen manyny aňladýar. Şeýlelikde häzirki özbek dilinde aňladýan manynysyna görä türkmen diline göni terjime etsek:—Ebedilikberdi, müdimilikberdi ýaly bolýar.

0
16 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mengu - irki türkmen dilinde "tañry" manysyny berýär. Ýagny, Menguberdi - Tañryberdi, Hudaýberdi, Allaberdi diýen ýaly.

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Molla Jürjany, bu soragyña Aşyrmät aga şeýle jogap berýär:

"Jelaleddin Muhammet Horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan" diýlen jümläniň mazmunyny aýratyn nygtamagymyzyň sebäbi, Muhammet Horezmşanyň beýleki milletlerden hem aýallarynyň bolandygy üçindir. Şeýlelikde, Jelaleddin Meňguberdiniň ata tarapy hem, eje tarapy hem türkmendir.."
(Seret: http://kitapcy.com/news/2020-11-22-12737 )

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Molla Jürjany, bu soragyña Aşyrmät aga şeýle jogap berýär:

[i]"Jelaleddin Muhammet Horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan" diýlen jümläniň mazmunyny aýratyn nygtamagymyzyň sebäbi sebäbi, Muhammet Horezmşanyň beýleki milletlerden hem aýallarynyň bolandygy üçindir. Şeýlelikde, Jelaleddin Meňguberdiniň ata tarapy hem, eje tarapy hem türkmendir.."
(Seret: http://kitapcy.com/news/2020-11-22-12737 )

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jelaleddin hakynda saýta soñky goşulan makalalar:

Aşyrmät Garly / "Daglaryñ bürgüdi, sähranyñ gurdy" http://kitapcy.com/news/2020-11-22-12737
Döwran Agaly / "Jelaleddin Meñburny - ady äleme dolan türkmen gerçegi" http://kitapcy.com/news/2020-11-21-12723
Nurmuhammet Gylyçdurdyýew / "Soltan Jelaleddin - gaýduwsyzlygyñ nusgasy" http://kitapcy.com/news/2020-11-20-12714

0
12 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Jelaleddin Meňburun Alaeddin Muhammediň türkmen aýaly Aýçiçekden bolan uly ogludyr.(https://tk.m.wikipedia.org/wiki/Jelaleddin_Me%C5%88burun)

Ähli okan çeşmelerimde Jelaleddiniň ejesine türkmen diýýärler, a kakasy Muhammet Horezmşa türkmen bolmadykmyka?

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jelalledin hakynda başga-da ýazylan çeper eserlerimiz, makalarymyz az däl yazyjy-şahyrlarymyzda 91-den bäri, olaryñ köpûsi kone gazet-žurnallaryñ sahypalarynda baslygyp yatyr. Hazirlikçe biziñ saytymyzda jemlenenleri şular. Olary tazeden yayratmak, internet okyjylaryna yetirmek u.n şu setirleri okap duran we milli buysanç duygusy bolan watanymyzyñ we halkymyzyñ öñunde jogapkärçilik duygusyny göteryan her bir türkmenistanly ü.n parz-wajyp-sünnet-sogap hasaplayaryn... Mümkin bolsa eliñizdäki bar maglumatlary gmai poçtamyzda ugradyñ (saytda kopçulige yetirer yaly), ya bolmasa ozuñiz agza bolup paylaşyñ, başga saytlarda paylaşyñ, garaz herkim elinden gelen yardamy etse, şol serial derejesinde bolmasa-da, oz gahrymanymyza hossar çykdygymyz bolardy...

0
10 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Meňburun dogry ýoýulmadyk, özbekler Manguberdi diýýärler.
Seret: "Jaloliddin burnida xoli (mank) boʻlgani uchun Mankburni nomi bilan atalgan. Keyinchalik bu nom talaffuzda oʻzgarib "Manguberdi" nomi bilan mashhur boʻlib ketgan."(wikipediýa : https://u.to/AIFUGg
Terjimesi: "Jelaleddin burnunda haly (meň) bolandygy sebäpli Meňburun diýip atlandyrylan. Soňlugy bilen bu at gepleşik dilinde özgerip "Manguberdi" görnüşinde meşhur bolup giden".

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jelaleddin Meñburny barada gyzyklanjaklar üçin:
Tatar Üýşmekow / "Jelaleddin Kawkazda" (poema) http://kitapcy.com/news/2020-01-13-10147
http://kitapcy.com/news/2020-01-13-10148
http://kitapcy.com/news/2020-01-13-10151
http://kitapcy.com/news/2020-01-13-10152
http://kitapcy.com/news/2020-01-13-10153
Myrat Tuwakow / "Jelaleddin hakda söhbet" (makala) http://kitapcy.com/news/2019-01-09-4549
Rejep Pirjanow / "Jeñ meýdanynyñ jöwheri" (makala) http://kitapcy.com/news/2018-10-04-2734
Jumamyrat Gurbangeldiýew / "Jelaleddin Meñburun" (makala) http://kitapcy.com/news/2019-03-26-5945
Muhammet ibn Wasyl / "Jelaleddinin mongollar bilen urşy" http://kitapcy.com/news/2019-01-11-4602
Döwletmyrat Nuryýew / "Jelalledin" (poema)
http://kitapcy.com/news/2019-04-07-6398
Aşyrmät Garly / "Jelaleddin" (poema)
http://kitapcy.com/news/2018-07-18-1360
Sylapberdi Muhamow / "Jelaleddin soltanyñ ejesi Aýçiçek hatyna" (goşgy)
http://kitapcy.com/news/2019-02-06-5069
Neždet Sanjar / "Jelaleddin" http://kitapcy.com/news/2018-06-12-247
Jelaleddin Saidinow / "Jelaleddin" (özbekçe)
http://kitapcy.com/news/2019-10-15-8527
Osman ÖDE / "Köneürgenç türkmenleriniñ döwleti" http://kitapcy.com/news/2019-01-10-4579
Jumadurdy Annaorazow / "Bahry wezirimdir, köñülde şadym" http://kitapcy.com/news/2018-12-30-4255
Jumamyrat Gurbangeldiýew / "Anuşteginogullary döwleti" http://kitapcy.com/news/2018-06-26-745
https://www.altayli.net/anusteginogullary-horezmsalar-dowleti.html
Rejep Jommyýew / "Köneürgenç türkmen döwletiniñ beýik serkerdesi" http://kitapcy.com/news/2020-05-09-11489
Annatagan Nurgeldiýew / "Yşk şerbedi" (hekaýa) http://kitapcy.com/news/2018-07-02-837
Jumamyrat Gurbangeldiýew / "Horezmşalar döwletiniñ harby ulgamy" http://kitapcy.com/news/2019-12-21-9855
Hemra Şirow / "Ýeñmek ylmy" (hekaýa) http://kitapcy.com/news/2020-06-14-9796

0
8 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Burnunda meň bolany üçin Meňburun diýipdirler diýip aýdylýadyda.
Aşgabatdaky şekillendiriş muzeýinde-de çekilen suratynda burnunda ullakan meň goýupdyrlar.

0
7 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Aslynda lakamam Meňburun däl ekenow. Dogrysy Menguberdi ekeni. Näme üçin, haýsy sebäpden ýoýup Meňburun diýilýänini menä haýran.

0
6 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Ýokarky ýazanlarymy öwrenenden soňra öz özümden belkem türkmen däldirlaý diýen komplekse gapyldym. Soňra Muhammet An Nesewiniň kitaby elime düşdi welin şonda oguzlaryň begdili taýpasyndan diýilip görkezilen. Oguzlaram türkmen ahyryn.
Mundan soňra Türkmenistanda begdili tire barmyka diýip gözleşdirdim welin tapmadym. Internede begdili türkmenleri diýip ýazanymda bolsa Siriýadaky ýaşaýan türkmenleriň köp bölegi begdili türkmenleridigini öwrendim.
Garaz kim näme diýse diýsin Jelaleddin Menguberdi tükmendir.
Ýöne egerde milleti başga edilip seriýal görkeziläýse, onda bu taryhy ýalňyşlyk bolar. Men serialda Jelaleddine türkmen diýip görkezerler diýip umyt edýän. Maksimum türk diýerler. olam türki millet manysynda bolar.

0
5 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Wikipediýada Jelaleddin barada okanyňda Ö.R.-da milli gahrymanymyz diýip heýkelleriniň bardygy, pul birliklerinde suraty bardygyny, şonuň adynda edermenlik orden bardygyny, sempoziumlar we konferensiýalar geçirilýändigini okadym welin bir giden sanawyň iň soňunda Aşgabatda-da seýilgähde heýkeli bar diýip dur.

0
4 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Gürgenç dost wawaly ýaradan basdyňaý.
Meň bir tanyşym bar. Ýaňky özüni "öldüreýjek" bolýar şony Ö.R. zakaz edenini bilip. Onuň gynanýanynyň sebäbi "näme üçin biz däl" diýýär.
Menem gynanýan hem-de gaty gynanýan biziň öz gahrymanymyzy biz eýe çykyp düşürmeýändigimize. Men inetden käbir zatlary okap çaklama etdim. 2018-nji ýylda Ö.R-da "Diriliş Ärtogrul" seriýaly özbekçe görkezilip başlapdyr. Seriýalyňam başynda "biz türkmenler" diýen sözler ulanylýar. Belki özbek gardaşlarymyz hany bizem şeýdeli pikirine gelen bolaýmasalar. Şol ýyl, ýagny 2018-nji ýylda Ö.R.-nyň prezidentiniň gyzynyň başlangyjy bilen "Jelaleddin Meňguberdi" diýen seriýal düşürtmegi üçin T.R.-nyň BOZ dagyna teklip edipdirler. Bu şonuň netijesi.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yöne Meñburun gerçegimiz hakynda ozbek gardaşlarymyzyñ bizden öñürdenlerine çyn yuregimden gynandym... "Türkmeni örüzjek bolsañ, gapdalyndan göç geçir" diyyadiler welin, indi ol-a göç eken, orda geçirseñem örjege-oýanjaga meñzänok...
Jelaleddin serialy çykar, gowy zat, yone tomaşaçylaryñ añyna ozbek gahrymany bolup siñer...
Hey. . . Türkmen... Türkmen... Senem bir silkinen günüñi görsek-dä, ölmänkä...

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Elbetde, hiç ýokdan bar bolany gowy welinim, şu aýdanlaryñ birem o diýen gowy seriallar däl..
Ilki-ilkiler "Direliş Ärtogrulyñ" 1-2-nji sezonyny sypdyrman görûpdim...
Türk seriallarynyñ leji çykan motiwlerini bularda-da ulanýarlar, köplenç näm boljagyny öñünden çaklap bilip bolýar, taryhy şahslar çeper obrazlar b.n bulam-bujar... şeyle-de hazirkizaman türk syyasatynyñ ysynam beryarler, bu bolsa gaty irizýär, soñuna çenli tomaşa edesiñ gelmeyar...

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Diriliş Ertuğrul, Kuruluş Osman, Uyanış büyük Selçuklu, gowy taryhy kinolara düşürýärler tüweleme...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]