17:30
Igde güllände /hekaýa
IGDE GÜLLÄNDE

Baharyň gelmegi bilen adamlar ýukaldylar. Meniň eýýäm üçünji sapar student gyşyny sowup, student baharyny garşy alşymdy. Ýöne bu owadanlygy welin, çypbakaý çynym, birinji sapar görýärin. Arly gyş paltodyr plaşlaryň astynda gizlenen gyz bedenleri şeýle bir göze ýakymly görünýärdi welin, heý, goýaýgyn... ynanaýyň, bu görnüş ýigit kalbyňda möwç urýan, jylawlasaňam eýgertmejek duýgulary oýarýar. Näme uçin men şu gözelligi, täsinligi ozal görmedimkäm?!
Näçe oýlansam-da, hiç hili jogap tapmadym. Ýöne şu görüp duran zatlarymyň hakykatdygyna-da ynanasym gelmedi. Men muny hökman duýaýmalydym, göräýmelidim.
Beh, gün geçdigiçe gyzlaryň gülküsi çasly çykýar-la welin... Megerem, igde gulläp başlan bolsa gerek. Obada gyzlaryň joşguny igdäniň gülläninden bilinse, şäherde welin, düýbünden tersine, şäherde ýekeje düýp igde görjek gümanyň ýok, şonuň üçinem şäherde igdäniň güllänini gyzlaryň joşgunyndan biläýmeli.
Goňşy gyzlaryň jak-jaklap gülşüni eşidende enem pahyr mydama: “Häý, saçy kesilmişler diýsäni, igde gülläp başladygy bularyňam gülküleri çaslanyberýär” diýip, hüňürdär ýörerdi. Megerem, meniň hem igdäniň gülländigini igdäni görmezden bilmegim, enem pahyryň şol “tejribesiniň” maňa ýetiren täsiri bolsa gerek.
Bu görnüş meni soňky döwürde öz erkime goýanok. Uly-uludan dem almak barada gürrüňem bolup bilmez, uly-uludan ýuwdunjak bolup düwünmäni çykardym.
Umumyýaşaýyş jaýynyň öňünde ýoldaşyma garaşyp durun. “Bir minutlyk diýip, bir sagat dagy eglendi-le bi..” Ine, birdenem, gapy ýuwaşja açylyp, ürküzilen sülgün ýaly güsürdäp, bir gyz çykyp gitdi.
“Beh, ynsmyka ýa jynsmyka? Perimikä ýa-da peýkermikä?” Ýoldaş-poldaş ýatdan çykdy. Menem yzyndan ýöräp ugradym, ýöne öz erkime-hä däl... Gitmeli däldigini bilýän, ýöne aýaklarym diňe islege boýun egýärler. Şol gyz meni göze görünmeýän nogta bilen nogtalap, idip barýar, menem sessiz-üýnsüz yzyna düşüp barýan. Ol gyz okuw korpusyna girip, sapak geçilýän auditoriýalaryň birine sümüp gitdi. Eý-ho-ho! Özem biziň sapak geçýän auditoriýamyza giräýdi. Menem girdim. Ýaňky gyz barşyna-da meniň hemişe oturýan ýerimiň gapdalyna geçip oturdy. Doňup galdym. Bi, meni nogtalap idip ýören gyz öz kursdaşym Selbi bolsa nätjek. Elhepus, onuň owadanlygyny! Şu mahala çenli duýmaýşymy diýsene. Bu gezek hem hakykata ynanasym gelmedi. Ýöne şeýle zadyň adamzadyň taryhynda ilkinji gezek bolýandygyna welin, ynanasym geldi.
Menem baryp öz ýerimde, gapdaljygynda oturdym. Gözümiň gyýtagy bilen synlaýaryn. Selbi özüniň synlanýandygyny duýdumy-nämemi, maňa tarap gözüni aýlap goýberdi. Men aljyrap ýere seretdim. Bedenime gowşaklyk aralaşdy. Gulaklarymyň gyzaranyny özümem duýýaryn. Aýaklarymam şeýle bir sandyraýar weli, iki dyzym biri-biri bilen «süsüşýär». Men dyzlarymy ellerim bilen mäkem penjeledim. Ýöne bagtyma Selbi ol zatlara ünsem bermedi. Onuň menden nazaryny sowaryna mähetdel, men ýene-de göz astyndan synlamaga başladym. Ýöne uzak synlamak maňa miýesser etmedi. Ol ýene-de “jan alyjy leşgerlerini» meniň üstüme sürdi. Biz-ä şeýdip seretmäni oňaramzog-aýt. Özümi ýitirip, näme diýjegimi bilmedim.
— Ýaňky, neme, wiý, Selbi, salam!
— Entek howlukmalam däl ekeniň-dä! — Gyz kineli dillendi.
— Aý, özüňiz bilýäňiz, Selbi, bu meselede howlukmasaň bolanok-da. — Şu ikarada bar dilime gelen zat hem şu boldy. Men gyzyň gözlerinden üstüme bökmäge häzirlenip duran “O nä meseläni” okadym. Bada-bat ýalňyşyma düzediş girizdim:
— Neme-dä, Selbi, salam meselesinde howlukmaly-da, hawa, salam meselesinde...
Gyz näz bilen öýke gatyşykly nazaryny başga ýana sowdy. Ýüregimiň sanjysy-da şol nazara siňip, zym-zyýat boldy. Ine-de sapaga başlamaga wagt boldy. Mugalym auditoriýa girdi. Hemmeler ör turup, oňa salam berdiler. Her kim ýerli-ýerinde oturandan soň girmäge rugsat sorap, bir gyz girdi. Mugallym oňa rugsat berdi:
— Gir, ýöne, gaýk-gaýk eden bolan bolup, gapyny ýapman nirä barýaň? — diýip, burnuna salybrak hüňürdedi. Oturanlar pakyrda berdiler. Mugallymyň muňa gahary geldimi-nämemi:
— Näme gülşen bolýaňyz? Näme, meň bir ýerim ýyrtylypmy? – diýip, duran ýerinde eýlesine-beýlesine öwrüldi.
Sapak gutaryp gelýärdi. Bu bolsa meniň üçin ömrüm ahyrlanana barabar bolup görünýärdi. Mugallym kimdir biriniň başga birine uzadan hatyny görüp:
— Näme-how, ýigit, şundan başga wagt tapmadyňmy, hat alyşmak üçin? Alty sagat okuwdan soň, gonuň alleýadaky oturgyçlaryň birine-de, şol ýerde ediň şu işiňizi. Beýtmäň ahyry sapak wagty — diýip, sapagy dowam etdirdi. — Hawa, onsoň olar gülleriň arasynda biri-birini görüpdirler, hawa, onsoň biri-birini tanamazdan söýüpdirler. Haçan-da gyz onuň ýanyndan gaýdanda iki bolup gaýdypdyr. Ýöne beýle diýsem, ol ýigit bilen diýdigim däl, ýaňky neme... Munuň ýaly ownuk-uşak zatlary düşündirip oturmaýyn, özüňizem düşünjek boluň ahyry.
Şol wagt auditoriýa eli bir petde kagyzly dekan girdi. Ol mugallymdan ötünç sorap, eline ýaňky kagyzlaryň birini aldy-da, ýüzüni studentlere tarap öwürdi:
— Ynha, şu kagyzyň ýüzündäki soraglara degişli jogaplaryny ýazyň. Iň aşakda bolsa öýlenen, öýlenmedik, ýaýyň içinde bolsa durmuşa çykan, durmuşa çykmadyk diýip ýazylgy. Siz şonuň haýsyna degişli bolsaňyz, aşagyny çyzyň.
Maňa Selbini sähelçe-de bolsa ýylgyrtmak, öýkesini ýazmak uçin şert döredi. Bu meniň üçin tötänlikdi, şeýle hem zerurlykdy. Ýerimden turdum-da:
-— Ýoldaş mugallym, eger öýlenip aýrylyşan bolsaň onda nätmeli? — diýip, Selbä gözümiň gytagyny aýlap goýberdim. Tutuş auditoriýa pakyrda berse-de, Selbi sarsmady. Dekan sekuntlarça oýlanyp durandan soň:
— Üstünden uly edip “iki jahan owarrasy” diý-de, ýazaý diýdi.
Bu sapar Selbi-de garaçyny bilen güldi. Ýogsa, gülkünç zadam ýok-la welin, dekan aýdansoň gülkünç ýaly bolup durandyr-da, elbetde.
...Okuw tamamlandy. Selbiniň daýzalarynyň öýünde ýaşaýandygyny bilýärdim. Şonuň üçinem ýoluny saklamagy makul bildim. Asyl meniň işim şol bolaýdy.
Okuw öýlänine bolansoň garaňky gatlyşyberende okuwdan çykýardyk. Ine, garaşylan pursadam gelip ýetdi. Selbi gabadyma ýetdi. Başynam galdyrman geçiberdi deňimden. Düşüberdim menem yzyna. Nirä ýörese, şol tarapa ýöreýän. Ol yzyna gaňrylyp birje gezegem seretmedi. Birden sakga durdy. Özge bir dünýäň araçägine golaýlaşýaryn. Selbi ýüzüme çiňerildi.
— Näme, ýetim guzy ýaly yzyma düşüp ýörsüň?
Jogabyny nagt etdim:
— Saňa ýetim guzy gerek dälmi?
Sesini çykarman ýöräberdi ýene-de. Ýuregim sogrulyp gidene döndi.
— Selbi, ýüregimiberi goýup gitsene, rehim et! Ýa-da özümi hem alyp git!
Gyz aljyrady öýdýän. Näme diýjegini bilmän:
— Sen kim? Nireden çykdyň? Näme üçin...
Ýene sözüni soňlatmadym:
— Men neme, ýetim tokly, wiý, Atajan ýetim tokly.
— Ýok, sen alasamsyk! Sowul ýolumdan, agaç ýuwdan ýaly bolup durma-da! Ýogsam...
Sowulmadym. Gaýta gözlerimi ýumup, bir şarpyjak dadyp bolaýmazmyka diýýän. Hernä azabym reýgan bolmady. Gulagymyň düýbüne bir çaldy welin, gözlerime güllän igde görnüp gitdi. “Beh, onuň ýakymlydygyny diýsene! Gaýtaladyp bolmazmyka!”
Gözlerimi açsam, igde-de ýok, Selbem. Ýene öňüne geçip daýandym:
— Haýyş edýän, Selbi, ýene-de birje gezek uraý-da!
Gözlerimi mäkäm ýumup, garaşyp durun. Selbi bolsa näderini bilmän, jak-jaklap gülüp başlady. Onuň gülküsi meniň burnuma igde gülüniň ysy bolup urýardy.

Kakabaý ÇARYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 67 | Добавил: Atayew | Теги: Kakabaý Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 1
0
1 Kitapcy   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: