22:04
Ýöne ynan!

ÝÖNE YNAN!

Niçik ajap, ganatlaryn galgadyp,
Göwnüň her dem müň hyýala münmegi.
Ot üstünde lowlap duran kitiriň,
Syr bermezden "lakyr-lakyr“ gülmegi.

Bilýärin, ýylanyp bolmajagyny,
Mydam "ot-ot“ diýip ýöreniň bilen.
Şonda-da söýýäniňe, ahyr geljegňe
Ynanar ýörerin ýüregim bilen.

Bu dünýäň bar işi diňe biz däldir,
Ýyllar geçer, Gözden uçar keşbiňem.
Ýöne, ynan! Entek ýürek urýarka,
Hatda goşar sagadymyň sesi-de,
Ýüregimiň her bir gürsüldisi-de,
Seniň aýak sesiň bolup eşdiler...

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Nurdan | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: