16:13
Enäni gördüm
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

◼ENÄNI GÖRDÜM

Gadym  zamanlarda  Ahal  topragynyň  günorta‐günbatar  çetinde  bir  oba  bardy. Onuň ilersi  daglyk gaýrasy giden düzlükdi. Ýaz çykyp, toprak janlananda, adamlar mal‐garalaryny sürüp, ýazlyga giderdiler. Ol obanyň ýaşulusynyň gyzyna Ene diýerdiler. Ol özüniň owadanlygy bilen  beýleki obalarda bellidi. Arly gyş öýünden çykman oturan Ene ýazyň heýjana getiriji bark urýan  hoştap ysyny işdämenlik bilen demine sorup doýup bilmeýärdi. Bir sapar Ene gözenekden  töweregi synlap oturşyna, Enekesiniň adyny tutup gygyranam düýman galdy. Enäniň ýanyna enekesi geldi.
‐‐Ähli syrymy bilýän enekäm! Şu gün meniň ýüregim näme isleýär ? hany aýt ! 
Kempir enäniň suluk ýaly barmaklaryny öz eliniň aýasyna emaý bilen aldy :
‐‐Bibim,men bilmän,kim bilsin seniň isleg‐arzuwňy.Seniň gül‐çemenli baýyrlarda  keýik kimin bökjeläsiň gelýär.
‐‐Wah,  enekäm,göwnüm  bol‐a.Meniň  baýyra  gezelenje  gitjegimi  atama‐da  aýt.  Joralarymy alyp Jümjüme,çigildem,Gazynjak çemen bogunjak.
‐‐Ataň‐a balam, säher bilen mallarym diýip,sähra gidişi atlylary bilen.Sen,guzym  gitseň  git,ýöne  köp  eglenmän  geleweri.Oba  şu  wagt  çoladyr.Özüň  bilýäň‐ä  adamlaryň  köpüsi  ýazlaga  çykdy.Bilip  bolmaz,bolmajasy  bir  iş  bolaýsa,kömege  ýetjek adam ýokdur.Men onsoň ataňa näme jogap bereýin,guzym ?!
‐‐Eneke jan,hiç zady gaýgy etme.Biz gitdik haý dimänem geleris, hoş !
Ene  obadan  çykanda,göýä  aýyň  bölegi  dagyň  gädiginden  görnen  ýaly  boldy.Ol  Tawus  guş  ýaly  bezenip,ýere  agram  salman,messan  basyp,lälezarlyga  tarap barýardy. Enäniň  joralary  belentli‐pesli  depelerdäki  gülleri  çöpläp,obadan  ep‐esli  arany  açdylar Bir salymdan soň Enäniň gujagy güllerden doldy. Ene  dagy  bir‐biri  bilen  degişip‐gülşüp,  günüň  gijigeninem  aňşarmadylar.  Seretseler,  gün  daga  girip  barýar.  Olar  gaýtmak  üçin  yzlaryna  dolanjak  bolup  durkalar  ýeri  ýaryp  çykan  ýaly,  depeleriň  aňyrsyndan  on‐on  bäş  atly  peýda  boldy. Ene  alamançylary  görüp, joralary  bilen  oba  tarap  gaçdy.Alamançylar  “  Hudaý  berse  guluna,getirip  goýar  ýoluna  “  diýip,gygyrşyp,Ene  dagynyň  yzyndan  aç  möjek  ýaly  topuldylar.Atlylaryň  ýetip  gelýänini  görüp,gyzlar  çar  tarapa  dargadylar. Şol wagt mert ýigit Gara Mergen atlylary bilen jülgeden aşak indi.Gara Mergeniň  gözi gyzlary kowalap ýören atlylara düşenden allaniçigsi boldy.Ol atynyň başyny  çekdi.Gara  Mergeniň  ýoldaşlaram  durdy.Gyzlaryň  özlerini  halas  etjek  bolup  oýdan beýige ,beýikden oýa gaçyşyny synlap duran Gara Mergeniň sabyr käsesi  doldy. Ol ýoldaşlaryna ýüzlendi :
‐‐Ỳigitler,eger  alamançylar  bizi  görüp  gaçsalar,biz  olaryň  yzyndan  kowarys.Sen  bolsaň, Hudaýberdi, gyzlary oba alyp bararsyň.
Gara Mergen atlylary bilen baýyrdan aşak indi.Alamançylar ýaydan çykan ok ýaly  sürünyp gelýän atlylary görüp,huşlary başyndan göçdi.Olar janlaryny halas etseler  razy boldular. Gara Mergen atlylary bilen olaryň söbügine münüp,goldan aşdy. Hudaýberdi  gyzlary  bir  ýere  ýygnap,olary  oba  alyp  gaýtdy.Gyzlar  oba  ýakynlaşanda ýoldaşlary bilen Enäniň kakasam olaryň öňlerinden çykdy.
‐‐Hudaýberdi,  bu  nämäniň  ahwalaty?Gyzlaryň  ýüzi  ak  esge  dönüpdir,ýa  alamançy döküldimi?
Hudaýberdi bolan işi birin‐birin gürrüň berdi.
‐‐Berekella , oglum, är işini bitiripsiňiz.Ỳöne Gara Mergen dagy sag‐aman dolansa‐da biri? Men  öňdenem  aýdyp  ýörin‐le, Gara Mergene. Iň gowusy, obada  gal‐da  ýigitlere  baş   bolaý  diýsem,  “  Dagda  dogulypdyryn,dagd  hem  günüm  görerin  “  diýýär.Ỳögsa  ýigit  dagy  däl. Edermenem, batyram. Üstüsine‐de Mergeniň bagşyçylykdanam  habary yok däl.
Ỳaşuly  bilen  Hudaýberdi  gepleşip  durka,Ene  uz  ýöräp,olaryň  ýanyna  geldi. Gelşine‐de Hudaýberdiniň egnine gyrmyzy don atdy. Hudaýberdi Ene näme  diýjegini bilmän, töweregine ser etdi. Gyzyň serpaýyna göwni ýeten ýaşulynyň maslahatçysy Hudaýberdä ýüzlendi :
‐‐  “Zer gadryny, zergär biler" diýipdirler, oglum Hudaýberdi. Nesip etsin, Toýda tozsun. Eger çaý‐nahar kemiň ýok bolsa, hoş geldiň. Toýda duşalyň. Biz sizi hiç wagt  unutmarys. Gezen ýeriňizde sag‐aman geziň.
Hudaýberdi  Gara  Mergeniň  giden  tarapyna  atynyň  başyny  öwürdi.Oňa  duşan  badyna‐da ilki bilen özi habar gatdy:
‐‐Gurtmy,tilki?!
‐‐Tilki bolduk, Hudaýberdi. Gaty gaçdylar. Seň ýagdaýyň nähilli? Gyzlary sag‐aman gowşurdyňmy?
‐‐Gyzlary gowşuryp‐gowşurmaz ýaly,olar Ene bilen joralary bolsa nätjek !
Gara  Mergen  Ene  diýen  sözi  eşidip,gözi  hanasyndan çykara geldi. Ol  Hudaýberdiniň alkymyna dykylyp bardy‐da: 
‐‐Dogryňdan gel,ýa‐da…..
‐‐Mergen,Enäniň özüni hut gözlerim bilen gördüm,ynanmasaň süreliň oba garşy.
‐‐Gürleşdiňmi?
‐‐Ỳok,gürleşip  bilmedim.Ỳöne gyrmyzy dony peşgeş  berenem hut Enäniň  özi.Öz  eli bilen getirip egnime ýapdy.
‐‐Wah,maňa  akmak  Mergen  diýerler.”  Gaçany  kowujy  bolma  “  diýen  söz  näme,boş  ýere aýdylandyr öýdýärmiň diýsene,şolaryň içinde Enäniň bardygyny  bilen bolsam…
‐‐Mergen,ah çekme.” Altyn gapylyň,agaç gapyla dilegi duşermiş “ .
‐‐Aý,beýle bagt bize ýetiresi yok‐la.iň gowusy,irräk mesgene baryp garbanalyň…
Aý  aýlanyp,ýyl  geçdi.Atasy  aradan  çykandan  soň  obany  dolandyrmak  Enäniň  başyna galdy. Enäniň  ýeke  galanyny  eşiden,öňden  onuň  owadanlygyna  aşyk  bolup  ýöränler  ony  boýun  egdirmäge  hyju  edip  başladylar.Ene  obanyň  ýigitleri  bilen  bir  ýowy gaýtarsa, ýene biri gelip, obany gabady. Şeýle irginsiz çaknaşyklardan soň Enäniň  tarapy, halys tapdan düşdi.Gelmeşiklere gaýtargy bermäge mejal galmady. Ene  ahyry  iň  ýakyn  adamlary  bilen  maslahatlaşdy.birine  öz  garamatyny  tabşyrmakçy  boldy,jar  çekdirdi.” Kimde‐kim  obany  çozuşdan  halas  etse,Ene  şol  adama özüni mynasyp görjekdir “. Bu habar yyldyrym çaltlygynda uly ile ýaýrady.Dagda mesgen  tutup ýören Gara  Mergene‐de  bu  habary  eşidip,öz  atlylarynyň  birini  Enäniň  üstüne  iberdi.Ol  gelip, Enä şeýle diýdi:
‐‐Biziň Gara Mergen diýen gerçegimiz bar.Ol obany duşmandan gorap biljek.Ỳöne  özüňiz baryp,öz diliňiz bilen Gara Mergene aýtsaňyz….
Enäniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy.Ene Gara Mergeniň ýanyna bardy.Gürleşdi.  Gaýtjak bolanda hem Mergeniň boýnuna ala ýaglyk daňyp,ýalbardy :
‐‐Obanyň  ykbaly  seniň  eliňde,Gara.Eger  batyrlygyň  ,mergenligiň  çyn  bolsa,dagdan aňyrdan duşmandan bizi halas et.Halk saňa garaşýar.
‐‐Sen  geldiň,Ene,  indi  zady  gaýgy  etme.Ỳigitleri  ýygnap,halkyň  goragynda  häzir  bolaryn .
..Ak  Iniş  diýen  ýerde  gazaply  söweş  başlandy.(Ak  iniş  häzirki  Gyzylarbat  şäherinden bäş Km ilerde dagyň içinde ýerleşýär).Söweş üç güne çekdi.Üçünji gün  Gara  Mergeniň  atlylary  asgynlap,yza  çekilip  başladylar.Ol  duşmany  hile  bilen  ýeňmegiň  ýoluny  agtardy.Gara  Mergen  atdan  düşüp,Söweşde  geýýän  eşiklerini  atynyň  eýerine  baglap,dagyň  depesinden  goşunlaryna  buýruk  berip  duran  duşman serkerdesiniň janyny jähenneme ibermek üçin öwrümli gaýa dyrmaşdy. Duşman serkerdesiniň keýpi diýseň kökdi.Ol goşunlarynyň söweşişinden göwni  hoş bolup,yzly‐yzyna murtuny tow berýärdi. Töwereginden  oňa  hemaýat  berýän  adamlaram  serkerdäni  ýetip  gelýän  ýeňiş  bilen  gutlaýardylar.Birden  onuň  sesine  suw  sepilen  ýaly  boldy.Gara  Mergen  duşman serkerdesiniň kebzesinden ak saplyny sokup,dagdan aşak togalady. Serkerdäni  gaýadan  aşak  gaýdanyny  görüp,onuň  töwereginde  duran  hemaýatçylaram  gaçmak  bilen  boldular.Gara  Mergen  dagyň  depesinde  durup,joşgynyna Enäni taryplamaga başlady:
Ene diýer saçym sary,
Saçy tamdyranyň tary.
Ak göwsünde goşa nary,
Men bu gün Enäni gördüm.
Enäniň waspyny ýetirýän aýdym barha belent ýaňlanýardy:
Gara mergen taryp eder,
Sallananda uzuk äder.
Çyn aşyklar görkden dadar,
Men bu gün Enäni gördüm.         
Aýdym tamam boldy.” Baş bolmasa, göwre läş“ diýenleri. Ene  gaýduwsyz  Gara  Mergeniň  hatyrasyna  üç  günläp  uly  toý  tutdy.Gara  Mergeniň şo aýdymam şondan bäri nesillere meýras bolup galypdyr.

Ýusup BERDIÝEW.
Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty


KITABYŇ SOŇY
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 21 | Добавил: Gurgencli | Теги: Ýusup Berdiýew Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: