16:09
Gaçgak
GAÇGAK

Gaçyp çöle çykdy, açyk çöl bilen
Gidip barýar, çal giňişlik ýalazy.
Bar zat çölüň aýasynda görnüp dur,
Görünip dur depe oýy, alaňy.

Gözýetim ýok, dünýä saňa bakyp dur,
Ylgasaň, kölegäň yzyňdan eňýär.
Ýel açýar üstüňi çägä gömülseň,
Öz yzyň özüňi yzarlap gelýär.

Gyzgyn çölüň ähli janly-jandary
Jyklap ýatyr süreninden, hininden.
Guşlaram depede pel-pelleşip ýör,
Ýylan bakýar bir ojaryň bilinden.

Alakalar höküm okaýan ýaly,
Aýagyn galdyryp dur oň öňünde.
Onuň salgym atyp barýan sulbasy
Görnüp durdy sary sähraň gözünde.

Gidip barýar göz-göreçleň içinden,
Ugur tapman, hem aljyrap, elenip.
Guýa duşdy, gözdenem çuň bu guýy
Durdy oňa ýekenil dek çenelip.

Şuňa giräýmeseň, başga deşik ýok,
Günem gökden çöli eredip durdy.
Ol guýa özüni oklajak boldy,
Guýudanam biri seredip durdy...

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Atayew | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: