08:29
Şuglasy egsilmeýän altyn çemenzarlyk
ŞUGLASY EGSILMEÝÄN ALTYN ÇEMENZARLYK

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary türkmen halkynyň geçmiş taryhy barada türkmen topragyna dürli döwürlerde syýahat edip, gadymy taryhy-medeni ojaklarymyz barada gymmatly maglumatlary miras goýan daşary ýurtly jahankeşdeler babatda hem möhüm ähmiýetli maglumatlary öz içine alýar. Orta asyrlarda türkmen topragyna syýahat edip, taryhy nukdaýnazardan, möhüm ähmiýetli ýazgylary miras goýan daşary ýurtly jahankeşdeleriň biri hem Abul Hasan al-Masudy hasaplanýar.
Alym Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-ensiklopedik işiniň 2-nji kitabynyň «Şahsyýetler we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy wakalarynyň senenamasy» atly bölüminde: «947 — 950 ý. — Arap taryhçysy we geografiýaçysy Abul Hasan al-Masudy «Altyn çemenlikler we gymmat bahaly daşlaryň dürleri» atly taryhy-geografik ensiklopediýasyny ýazýar» diýip, gymmatly maglumata ünsi çekýär. 896 — 956-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen Al-Masudynyň «Muruj az-zahab wa maadin al-jawahir» («Altyn çemenlikler we gymmat bahaly daşlaryň dürleri») atly kitaby meşhur arapşynas alym I.M.Filiştinskiniň şägirdi, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň gündogarşynas-arapşynas alymy, taryh ylymlarynyň doktory D.W.Mikulskiý tarapyndan arap dilinden rus diline terjime edilip, onuň bellikleri we düşündirişleri esasynda 2002-nji ýylda Moskwada 1200 nusgada neşir edilýär.
Eger gadymy grek taryhçysy Gerodot «Taryhyň atasy» diýlip atlandyrylan bolsa, arap taryhçysy, geografy we syýahatçysy Al-Masudy «Arap Gerodoty» hem «Taryhçylaryň halypasy» diýlip atlandyrylypdyr. Munuň hem özüne ýetesi sebäpleri bar, birinjiden, ol ilkinji arap taryhçylarynyň biri hasaplanýar. Ikinjiden, ol özünden öňki dürli taryhy we geografik maglumatlary toplap, Gündogar we Ýewropa halklarynyň taryhyna degişli ensiklopedik mazmunly uly göwrümli işini ýazypdyr. Şonuň üçin hem Ibn Haldun ony ähli taryhçylaryň ymamy, ýagny halypasy diýip atlandyrypdyr.
Abulhasan Aly ibn al-Hüseýin al-Masudy (896—956) Bagdatda dogulýar. Ol uzak ýyllaryň dowamynda jahankeşdelik edipdir. Şol döwürdäki Abbasylar halyflygyna degişli bolan dürli welaýatlara, şol sanda Hindistana, Kawkaza, Hazar deňziniň sebitlerine, Siriýa, Arabystana we Müsüre barypdyr. Käbir taryhçylaryň maglumatlaryna görä, ol Hytaýa, Hindi ummanynda ýerleşýän, Afrikadaky Tanzaniýa döwletine degişli bolan Zanzibar adasyna, Günorta Aziýada ýerleşýän Şri-Lanka adalaryna we Hindi ummanynyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, dünýädäki iň uly adalaryň biri bolan Madagaskara syýahat edipdir. Damask şäherinde iki ýyl ýaşap, soňra Fustat («Fustat» — arap dilinde «çadyr» manysyny aňladyp, ol Kair şäheriniň gadymy adydyr), ýagny häzirki Kair şäherine dolanyp gelip, syýahat eden döwründe gören-eşiden zatlary hakynda gürrüň berýän «Kitab at-tanbih wa-l-işraf» («Nesihatlar we dünýägaraýyşlar kitaby») atly kitabyny ýazypdyr. Al-Masudy öz taryhy ýazgylarynda gadymy rus döwletini we Hazar sebitlerini hem ýatlaýar. Şonuň üçin hem onuň işleri bu ýurtlaryň taryhyny öwrenmekde ilkinji taryhy çeşme hasaplanýar.
Dürli çeşmelerde al-Masudynyň ýigrimiden gowrak işiniň atlary agzalýar. Olaryň ýedi sanysy taryha we geografiýa degişli işler. Al-Masudynyň 30 jiltden ybarat «Ahbar-az-zaman» («Döwrüň habarlary») atly işiniň doly nusgasy we «Kitab al-awsat» («Ortaça kitap») atly goşundysy biziň günlerimize gelip ýetmändir. «Ahbar-az-zaman» atly işiniň käbir bölekleri «Altyn känleri we gymmat bahaly daşlaryň däneleri» at bilen saklanyp galypdyr hem-de birnäçe dillere terjime edilipdir.
Al-Masudynyň «Altyn çemenlikler we gymmat bahaly daşlaryň dürleri» atly kitaby 132 bölümden ybarat. Kitabyň birinji bölümi dünýäniň emele gelişi baradaky ýazgylar bilen başlanýar. Soňra Hindistanyň, Elladanyň, ýagny gadymy Gresiýanyň we Rimiň gadymy halklarynyň jemgyýetçilik durmuşy we ahlagy barada maglumatlar beýan edilýär. Al-Masudy bu işinde gadymy grek akyldary Klawdiý Ptolemeýiň Ýeriň geomerkezi, Ýeriň Älemiň merkezinde ýerleşýändigi we onuň hereket etmeýändigi, ähli asman jisimleriniň Ýeriň töwereginde, şeýle hem olaryň öz okunyň daşyndan deň ölçegli, hemişelik tizlikde aýlanýandygy baradaky garaýyşlaryna salgylanýar.
Al-Masudy adamzadyň daşky gurşawy, tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, derýalar we deňizler, gadymy şäherler barada hem maglumatlary beýan edýär. Dürli halklaryň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bir hatarda, durmuş-ykdysady we däp-dessurlary bilen bagly meselelere ýüzlenýär. Wizantiýa döwleti bilen serhetleşýän slawýan halklary hakyndaky maglumatlara üns çekilip, 912–913-nji ýyllarda ruslaryň Hazar deňzine eden ýörişleri barada ýatlanylyp geçilýär. Al-Masudy Itil (Wolga) derýasy bilen Don derýasyny we Azow deňzini baglanyşdyrýan gollary hem-de ýollar barada maglumatlary ýazyp galdyrypdyr. «Altyn çemenlikler we gymmat bahaly daşlaryň dürleri» kitabyň ikinji bölüminde At-Tabarynyň işlerinden hem belli bolan ýer-ýurtlar, obadyr şäherler barada, şeýle hem Muhammet pygamberiň we arap halyflarynyň terjimehaly dogrusynda maglumatlary, ençeme dürli mazmunly şorta sözleri beýan edipdir.
Al-Masudy «Kitab at-tanbih wa-l-işraf» («Nesihatlar we dünýägaraýyşlar kitaby») atly kitabynda Hazar deňzi, oguzlaryň — türkmenleriň çarwaçylyk, ekerançylyk, senetçilik bilen baglanyşykly durmuşy, türkmen topragyndaky gadymy medeni ojaklar, şäherler barada gymmatly maglumatlary beýan edipdir. Al-Masudy oguz türkmenleri barada söz açyp: «Hazar deňziniň ýakasynda köp sanly çarwa oguzlar ýaşaýar» diýip belleýär.
Al-Masudy Amyderýanyň şol döwürde Jeýhun derýasy diýlip atlandyrylandygyna, gadymy Zemm şäheriniň ýanynda derýanyň geçelgesiniň bolandygyna ünsi çekip: «Zemm — derýanyň günbatar kenarynda ýerleşýän şäher bolup, bu şäher bilen sähraýy ýaýlanyň we aňňat gum depeleriniň aralygynda derýanyň geçelgesi ýerleşýär, onuň garşysynda, derýanyň gündogar tarapynda ilatly ýerler ýok we sähraýy çöllük Naşeba, Samarkant we beýleki ilatly ýerlere çenli uzap gidýär. Zemm şäheriniň etegindäki derýa geçelgesinden aşaky akymda ýerleşýän Amul şäheriniň derýa geçelgesiniň aralygy, takmynan, 30 farsah (150—160 km — Ý.T.) bolup, Amul — derýanyň günbatar tarapynda ýerleşýän we ondan 4 mil uzaklykdaky şäher. Amulyň gündogar tarapynda, derýadan 2 mil uzaklykda ýerleşýän şäher Farab diýlip atlandyrylýar» diýip belleýär.
Al-Masudynyň iki eseri hem gymmatly taryhy maglumatlary öz içine alýar. Onda dürli rowaýatlar we hekaýatlar nowellalar görnüşinde beýan edilipdir. Orta asyrlaryň beýleki geograflary ýaly, Al-Masudy söwdagärlerden, täjirlerden we jahankeşdelerden alys ýurtlar barada eşiden zatlaryny hem täsirli beýan edipdir.

Ýusup TUWAKOW,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň mugallymy.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 21 | Добавил: Dunya | Теги: Ýusup Tuwakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: