08:19
Däneata - Danaata
DÄNEATA — DANAATA

Däneata obasy Balkan welaýatynyň Bereket şäherinden günorta-günbatarda, ýagny Köpetdagyň günbatarynda ýerleşýär. Bu ýerde uzynlygy 9 kilometrden hem gowrak Däneata atly çeşme bolup, ol dagyň iň günbataryndaky çeşmeleriniň biridir. Köpetdagyň Kiçi Balkan daglarynyň arasyndaky çöketlige-de Däneata ady berlipdir. Ylmy anyklamalar bu sözüň Danaata diýen şahsyň adyndan gelip çykandygyny belli edýär.
Belli alym S.Atanyýazowyň «Türkmenistanyň toponimik sözlügi» atly kitabynda bu at şeýle düşündirilýär: «DÄNEATA (Dä-ne-ata) — bu Gazanjyk (häzirki Bereket)» etrabyndaky oba. Giçki orta asyr golýazmalaryndan mälim bolşuna görä, Däneata «Danaata», ýagny «akylly ata» XVI - XVII asyrlarda ýaşap geçen Ahsan şyhyň lakamydyr».
Mirasgär žurnalist A.Şagulyýew «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2017-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykan sanyndaky «Oguzlar hakda ilkinji poemada dal bedewiň keşbi» atly makalasynda Danaata hakda şeýle diýýär: «Danaatanyň ýaşap geçen döwri, ýeri bilen dürli döwürlerde alymlar gyzyklanyp gelipdirler. Akademik A.M.Samoýlowiç ol barada ilkinji maglumaty Hojaguly molladan toplapdyr. Etnograf S.Demidow Danaata bilen bagly iki rowaýaty il içinden ýazyp alýar».
A.Şagulyýewiň maglumatyna görä, Munis özüniň «Ferdewüs-ul-ykbal» diýen işinde 1815-nji ýyllaryň wakalaryny gürrüň berip: «Gijeki ýörişden soňky ýük ýazdyran ýerimiz Danaataň töweregi boldy» diýip ýazypdyr.
Danaatanyň özi poemasynda önüp-ösen ýeri hakda:

Yhsan baba diýrler bizni,
Abulhandyr ornumyz


- diýip, ýaşan mekany hakda-da ýazypdyr.
Abulhan Balkan dagynyň irki adydyr. Ondan galan poemada:

Oguz handan aýrylmyşam,
Gel, Söýünhan duranymyz.
Bir atadan ýaýylmyşam,
Ýokdur sözde ýalanymyz.


Eserde Oguz nesline söýgi, agzybirlige çagyryş, türkmen bedewiniň waspy ýetirilýär.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy A.Täjimowyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2018-nji ýylyň 23-nji noýabryndaky sanynda «Oguz taryhynyň çeper ýazgysy» diýen makalasynda türkmen «Oguznamalary» barada durup geçip, Nurmuhammet Andalybyň «Oguznama» poemasy bilen birlikde Danaatanyň «Oguznamasy» hem ýatlanyp geçilýär.
Danaatanyň — Ahsan şyhyň, Abulhanyň türkmen taryhynda görnükli yz galdyran beýik şahsyýetleriň biridigini onuň gymmatly «Oguznama» poemasy subut edýär.

Gara TÄÇMÄMMEDOW,
Serdar şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.
Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 20 | Добавил: Dunya | Теги: Gara Täçmämmedow | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: