08:07
Garyplyk
GARYPLYK

Günde müň gussam bar ýüz elem bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk.
Soragy men boldum, gaýgy-gam bilen,
Gelip düşer hatar-hatar garyplyk.

Pany dünýä zynat bilen harç bilen,
Ŷüregim maddadyr, bagrym berç bilen,
Wadasyz şum ölüm, bergi-borç bilen
Ŷylba-ýyldan gaýym tutar garyplyk.

Iýmesem, içmesem hem günüm otmez,
Bürenip ýatmaga myradym ýetmez,
Günde müň kowlasam, baý ýere gitmez,
Goş basyp, dulumda ýatar garyplyk.

Tapypdyr her ýerde ýeke-ikini,
Çekipdir byline gaýyş çekini,
Alypdyr eline daşly sokyny,
Ŷadaman, depämden urar garyplyk.

Ŷylba-ýyldan meniň müflisim çykar,
Garybyň ýüzüne kim gülüp bakar?
Ŷörişsem, ýaryşsam, göreşsem—ýykar,
Oýnasam, oýnumda utar garyplyk.

Seýr etmedim sähralarda, çöllerde,
Mestana gezmedim uly illerde,
Bir bilbildim, saýramadym güllerde,
Çag zeýnimi garar-gatar garyplyk.

Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm,
Kimsäge—toý-baýram, kimsäge—zulum,
Gyýylma, ynjama, sabr eýle, köňlüm!
Gelipdir, bir zaman öter garyplyk.

 ___________________________
1. Elem—gaýgy, gam-gussa.
2. Pany—hemişelik däl, geçip barýan.
3. Zynat—bezeg.
4. Müflis—garyp düşen, eleşan, ezenegi agan.
Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mämmetweli Kemine | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: