21:16
Babajanyñ bagyşlanmagyny isleýänleri
BABAJANYÑ BAGYŞLANMAGYNY ISLEÝÄNLERI

Käbir kitaplaryñ ady diýseñ täsin.
Mysal üçin, Hanna Arendtiñ 1963-nji ýylda çap edilen kitabynyñ ady - “Erbetligiñ adatylygy”.
Mysal üçin, [/b]Nurdan Gürbileg[/b]iñ 2015-nji ýylda çap edilen kitabynyñ ady - “Sessiziñ paýy”.
Altmyşynjy ýyllaryñ başy... Faşistik Germaniýada millionlarça jöhidiñ konslagerlere, ölüme ýollanmagyna jogapkär Karl Adolf Eýhmanyñ Ierusalimdäki sud mejlislerinde (Ysraýyl metbugatynyñ görkezýänleriniñ tersine) sadist-psihopat mahlukdan zyýada, adaty, hatda eýmendiriji derejede adaty adamdygyna ünsi çeken Arendt kitabynda erbetligiñ nähili adatylaşýandygyny ýazdy…
Müñlerçe jöhidi gözüni gyrpman ölüme gönderen Eýhman hiç hili taglyma ynanmaýandygy üçin bir partiýa-da goşulmady, Gitleriñ "Maýn Kampf" kitabynam okamady. Partiýanyñ maksatnamasynyñ, faşistik ideologiýasynyñ nämediginem bilenokdy. Iş tapman goşunyñ hataryna giripdi we ýeke-täk maksady - ýokary wezipelere dyrmaşmakdy.
Ol şu maksat bilen özünden ýokary wezipeli ýolbaşçylaryñ görkezmelerini añryýany bilen ýerine ýetirip, yzygiderli sylag alan yñdarma harby gullukçydy...
Arendt kitabynda her hili zorlukly güýjüñ döredýän hadysalaryna tankydy nukdaýnazardan garamazlygyñ netijesi hökmünde adaty adamlaryñ niçiksi erbetlikleri edip biljekdigini görkezdi…
Arendt kitabynda - amala aşyrylan hadysanyñ eýmençligi bilen bu hereketi amala aşyran kişiniñ adatylygynyñ arasyndaky çaprazlygy açyp görkezdi…
Ýeri, Gitlere Fethullah Gülen diýsek, FETÖ-nyñ Eýhmanlary kim?
Ýo-ýok, diñe türmede oturan ýa-da gaçgak Eýhmanlar ýok!
FETÖ erbetliginiñ başga şärikdeşlerem bardy, bir garamaýak, bir alym, bir syýasatçy ýa-da bir žurnalist kimin...
Asyl ýüzleşmilmegi hökmany mesele şu…

ŽURNALISTLER

Bu bölümde sizi Nurdan Gürbilegiñ “Sessiziñ paýy” kitaby bilen ikiçäk goýaýyn:

“ - Kenan Ewren we [/b]Tahsin Şahinkaýa[/b] hunta döwründe adamkärçilige sygmaýan jenaýatlara sebäpkär hasaplanýandyklary üçin däl-de, režime garşy eden-etdilikleri we döwlet agdarlyşygyny geçirendigi üçin jogapkärçilige çekildiler. Günäli-de bilindiler: "Döwletiñ güýçleriniñ garşysyna" jenaýat edendikleri üçin ömürlik tussag edildiler, harby çinlerinden mahrum edildi. Ýöne huntanyñ şol döwürde kimler tarapyndan neneñsi goldanandygyny bugünki gün hiç kimiñ ýatlasy gelenok.
– Maýadarlaryñ, halk köpçüligine sözi ýöreýän täsirli kişileriñ, ýokary okuw jaýlarynyñ ýolbaşçylarynyñ, žurnalistleriñ "Hydyr ata kimin ýetişen hunta režimine" niçiksi salama durandyklaryny, 12-nji sentýabr agdarlyşygyny jemgyýetiñ gapma-garşylykly taraplaryny ylalaşdyrýan "parahatçylyk hereketi" hökmünde nähili şatlyk nilen garşylandyklaryny ýatlasy gelenok...
– Bu žentlmen serkerdeleri nähili gutlaýyşlaryny, yzly-yzyna bolup geçen ölüm jezalaryny nähili goldaýyşlaryny ýatlasy gelýän ýok...
– Iş gutardy, şemal ýatdy, tupan sowuldy, şindi Kenan Ewreni tussag edip bilerler. Tussag etsinler, emma otuz bäş ýyl öñ bolup geçen şol işiñ, ýerine ýetirilen taryhy funksiýanyñ, şol wagt alkyşlanan "deñsiz-taýsyz hyzmatyñ" nämedigine-de düşünjek bolalyñ:
– Türkiýede kapitalizmiñ ykdysady-syýasy petikligini adaty ýollar bilen giderip bolmandygy üçin "12-nji senýabr" agdarlyşygy bolup geçdi. Jemgyýetçilik oppozosiýasyny başga ýollar bilen ýatyryp bolmandygy, işçi sindikatlaryny başga ýollar bilen köşeşdirip bolmaýandygy, türk taryhynda heniz görlüp-eşdilmedik derejede toparlara bölünen çepçi oppozisiýany başga hili ýumduryp bolmaýandygy, her dürli kanuny ýa-da bikanun oppozisiýadan arassalanan jemgyýetçilik arenasynda "ykdysady durnuklylygy" başga hili üpjün edip bolmandygy üçin boldy.
– Şol ýyllaryñ žurnalistleri agdarlyşygyñ türk ykdysadyýeti üçin bähbitli pursatdygyny aç-açan ýazdylar…”


A FETÖ?

ÝATLANMAK ISLÄNOK

FETÖ-ny jemgyýetiñ gapma-garşylykly taraplaryny ylalaşdyryjy “parahatçylykly hyzmat” hökmünde görkezenler kimlerdi?
FETÖ-ny goldan maýadarlar, sözi geçginli kişiler, ýokary okuw jaýlarynyñ ýolbaşçylary, žurnalistler kimlerdi?
FETÖ-nyñ pyrryldakçy jeza çärelerini alkyşlanlar kimlerdi?
Kim bu "sylagy almak" üçin adaty erbetlige göz ýumanlar? Köpüsi Fethullah Güleniñ kitabyny okamady, jemagatyñ taglymy bilen gyzyklanmady, FETÖ-nyñ müridi-de bolmady. Ýöne olaryñ hemmesi: FETÖ-nyñ garşydaşlaryny at-abraýdan düşürmäge synanyşýan müñ bir tüýsli pyrryldaklar bilen “ölüm zyndanlaryna” gönderilmelerine ýardam eden “Eýhmana” öwrüldi…
Bugün hiç kim muny ýatlamak islänok.
Günäkär diñe Gitlermi?
Günäkär diñe Fethullah Gülenmi?
Günäkär diñe nasistlermi?
Günäkär diñe FETÖ-my?
Hany onda bärde pula, güýje, şan-şöhrata eýe bolmak üçin erbetlige şärikdeş bolanlar?
Bulara “düşünje günäkäri” hökmünde baha berip bolarmy?
Ýa bolmasa “düşünje ukybyndan” binesipler hökmündemi? Ýa-da ambisiýanyñ pidasy hilegärlermi?
Netijede... köplenç iş aýlanyp-dolanyp ýene "adamyñ hamyrmaýasyna - hüý-häsiýetine" gelýär.
Şonuñ üçinem "12-nji sentýabr" ýa-da FETÖ elmydama goldaw tapýar.
Düýp mesele - erbetligiñ adatylygy bilen ýüzleşmek, muña garşy göreşmek we adamy tarapyña çekmek - gazanmak.
Iki ýyl türmede oturan biri hökmünde gabahatlyga goşulmadyk tussaglaryñ ýeke günem zyndanda galmagyny islämok. Emma Aly Babajan ýaly syýasatçylaryñ “düşünje günäkäri” diýip kimdir birilerini beýgeltjek bolşuny-da oñlamok …

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 19.11.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 42 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: