13:31
Hemişe şobir kelle, şobir heñ
HEMIŞE ŞOBIR KELLE, ŞOBIR HEÑ

Erdoganyñ partiýasy AKP - konserwatiw (muhafazakâr)…
Bakjalynyñ partiýasy MHP - konserwatiw...
Akşeneriñ partiýasy İYİ - konserwatiw…
Babajanyñ partiýasy DEVA - konserwatiw…
Dawutoglunyñ partiýasy GP - konserwatiw…
Karamollaoglunyñ partiýasy SP - konserwatiw…
Destijiniñ partiýasy BBP - konserwatiw…
Konserwatiwdiklerine garamazdan, nämüçin türk sagçylygynda şeýlekin bölünşik barka? Çünki, bizdäki konserwatiwlik ideologok-syýasy doktrina-taglymat däl...
Bizdäki konserwatiwlik tanalmaýana ynanmaýan, akyl ýöretmekden-teoriýa döretmekden ürkýän, özgerişi halamaýan duýguçyl çemeleşme konserwatiwliginden başga zat däl.
Hemişe täzeçilige seresaply... Her progressiw ädimi “ynanç-ýörelge duşmançylygy” ýa-da “Ýewropanyñ zyýanly düşünjesi” saýma refleksini ösdürýän konswatiwlik…
Hemişe goragda! Hemişe durgunlykda! Hemişe ýazgaryşda!
Munuñ netijesi nämä-nämelere getirdi?
Bi soragdan öñ syýasy konserwatiwlik düşünjesiniñ nähili döreýşine seredeliñ:
Iñlis syýasatçysy Edmund Berk (1729-1797) fransuz rewolýusiýasyny hiç halamady. Rewolýusiýanyñ üstünden bir ýyl geçensoñ, 1790-njy ýylda ýazan “Düşünjeler” eserinde konswerwatiw düşünjäniñ düýbüni tutdy:
“Mirasa we nesilden-nesile geçýän korollygymyz, asylzada synpymyz, obşinalar palatamyz, birnäçe ýyl öñ ýaşap geçen ata-babalarymyzdan miras ýoly arkaly artykmaçlyklara, ýeñilliklere we erkinliklere ýeten adamlarymyz bar…”
Ekperimentatorlyga garşydy, oýlap tapyşlaryñ geregi ýokdy.
Edmund Berk “Rasionalizm - tradisionlyga, dine, dowam edip gelýän düzgüne, adatlara garşy gidýär. Akyly we ahlagy içimize salýan Tañrydyr"[/b] diýýärdi!
Yzyndan...
Konserwatiwlik adalgasy ilkinji gezek Fransiýada syýasatşynas akyldar Fransua Rene de Şatobrian (1768 – 1848), tarapyndan 1818-nji ýylda çykyp başlan “Le Conservateur” ("Konserwator") atly žurnal arkaly syýasat dünýäsine aralaşdy.
Adalga syýasy deñlik ýaly “Fransuz rewolýusiýasyna duşmançylyk” manysynda ulanyldy. (Käbir konserwatiwleriñ kemalist garşydaşlygyny ýatladýaryn.)
Netijede... konserwatiwlik düşünjesi Ýewropada güýçden gaçýan aristokrat synpyñ arkasynda durmak maksady bilen 1835-nji ýylda iñlisleriñ Tori (konserwatiw) partiýasynyñ resmi maksatnamasyna girizildi.
A bizde?

ERDOGAN GITSIN, BABAJAN GELSIN

Osmanlyny agzabam oturmalyñ…
Menderesiñ partiýasy DP - konserwatiwdi.
Demireliñ partiýasy AP we DÝP - konserwatiwdi.
Özalyñ partiýasy ANAP - konserwatiwdi.
Düýnden şu güne - Türkiýäni ýokarda agzalan konserwatiw partiýalar dolandyrýar.
Ýeri, olar nämüçin Türkiýäniñ “beýik döwlet” bolma-“ideal jemgyýeti kemala getirme” maksadyny amala aşyryp bilmediler?
Nämüçin olar syýasy-ykdysady krizisleriñ döremegine sebäp boldular we bolýarlar?
Hiç ders almalydyr öýdemzok. Biz häli-häzirlerem syýasaty düşünjelere görä däl-de, liderlere görä jedelleşýäris:
Konserwatiw Erdogan gitsin, konserwatiw Babajan gelsin!
Konserwatiw Erdogan gitsin, konserwatiw Dawutogly gelsin!
Biz konserwatiwligiñ ideologik ugruny däl-de, sagçy liderleriñ tutumyny-uslybyny dert edinýäris, zol-zol...
Ine... çekişmä açmak isleýän meseläm - ideologik konserwatiwlik! Çünki, lakgy-lakgy edip syýasat ýöredip bolmaz.
Fransiýanyñ ýa-da Angliýanyñ konserwatiwleri ýurtlarynyñ ösüşine reformalar bilen dowamly goşant goşup durkalar, nämüçin biziñ konserwatiwlerimiz muny başaranok?
Biziñ konserwatiwlerimiz nämüçin reformator-özgerişçi bolup bilenok? Tanzimatdan biziñ günlerimize çenli nämüçin Ýewropa gegemoniýasyna boýun egip gelýärler?
Şu we şuña meñzeş soraglaryñ üstünde dursak-jedelleşsek gowy bolmazmy?
Syýasy liderleri mazamlaýan pöwhe “owadanlaşma söýgüsinden” el çekip bilemzok…
Bularyñ bolsa syýasy ugurda ýeke edýän işleri - zol-zol geçmişi mazamlamak-mukaddesleşdirmek, din-ahlak-ýörelge röwüşli nutuk sözlemek, döwrüñ ruhuna laýyk söz atmak…
Sagdyn binýat bolmandygy üçinem her ownuk sarsgynda türk ykdysadyýeti harap bolýar, edil şu gün bolşy ýaly... Bu eýýäm näçilenji krizis?

ÝENE NÄÇE GEZEK

Erdoganyñ “reforma geçireris” sözi bu ýazanlarymy ýatlatdy.
Magat bilýäris: onçakly isläp edilmeýän (daşary ýurt kapitalynyñ gelmegi ýaly) döwrüñ kynçylyklarynyñ zorlugy bilen, ýene kagyz ýüzündäki üýtgeşmeleri bolar…
Hernäçe reforma geçirselerem, düýp mesele has çuññurlarda! Meselem, türk konserwatiwliginiñ düýp ýalñyşlygy şu:
[i]“Adamlar öz-özlerini dolandyryp bilmezler, olar özlerini dolandyrjak-dogry ýola ugrukdyrjak ketdelere mätäçlik çekýändirler!”

Şahsy ejiz we nogsanly hasaplaýarlar.
Jemgyýetçilik tertip-düzgüniñ kämilleşmegine diñe berk gözegçiligiñ gerekdigine ynanýarlar!
Dini (we aslynda dini rituallary) jemgyýetiñ jebisligini we at-abraýyny saklamak üçin hökmany hasaplaýarlar.
Hut şonuñ üçinem hemişe dini jemagatlaryñ goldawyna mätäçlik duýýarlar. Şahs bilen döwletiñ arasyndaky gatnaşygy jemagatyñ eli bilen dolandyrmak isleýärler. Jemagatlaryñ bolmazlygy jemgyýetçilik nogsanlyklaryna getirer diýip pikir edýärler…
Ýetmiş ýyllap göre-göre gelýäris, köplenç konserwatiwler demokratiýa seresaply çemeleşýärler we demokratiýany şahsy egoizme iterýän faktor hasaplaýarlar. Olaryñ pikiriçe, azatlyk hem - çäksizlik. Dost-doganlyk bolsa, diñe sap ynanja esaslanan bolmalymyş. (Bilaýyklygyñ-ýeterliksizligiñ sebäbi-de şu dälmi?)
Konserwatiwlik - Türkiýäniñ hiç üstünde durulmaýan iñ möhüm meselesi.
Asyl reformany konserwatiw kellelerde geçirmeli…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 18.11.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 42 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: