14:58
Yşk

YŞK

Sensiz geçen günler ömre derkar däl,
Sensiz günleri men goşamok ömre.
Dolap senliligiň yssy gujagna,
Gel meni üwre!..

Irkileýin, unudaýyn bar zady,
Bir seni bileýin, senli ýaşaýyn.
Onsoňam dünýede nämä degmeýär,
Söýgi bilen ýaşanyň?..

* * *
Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,
Diňlemäge aşyklaryň söhbedin.
Tomus gijeleri, gysga gijeler,
Söhbet diňläp uzaldýandyr möhletin.

Daňa golaý uka giden altyn Aý,
Tylla Güne goýar gijäň kyssasyn.
Ak gündize berip pyşyrdylary,
Diýer: «Diňläp otur içiň gysmasyn».

Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,
Astynda duşurar ýar bilen ýary.
Asman Aýy ir dogýandyr wagtyndan,
Garaşmaga ýetmeýän dek karary.

Myratgeldi HALLYÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Akjemal | Теги: Myratgeldi Hallyÿew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 10
0
10 Akjemal   [Mowzuga geç]
Awtory Myratgeldi HALLYŸEW

0
9 Adamzat   [Mowzuga geç]
Men düşünmedim, goşgynyň awtory Myratgeldi Hallyÿewmi ýa-da Akjemal?!

0
8 Akjemal   [Mowzuga geç]
Boldy sagbol yatladanyna

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
*eyerip

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hak-hukugyñy elden aljak bolyan yok. Goşgynyñ gowşaklygyny aýdýan we saytyñ blog açma düzgûnlerine eyerio açmalydygyny yatladyaryn... bolany.

0
5 Akjemal   [Mowzuga geç]
Agzalar Islan halan gosgularyny saytda paylasmaga haky yokmy???

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hem ýazuw düzgûnlerini saýtyñ talabyna laýyk berjaý ediñ.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Goşgy" ýene 33 sapar paylaşylsa-da, goşgy däl.

0
2 Akjemal   [Mowzuga geç]
Bagyslarsynyz bilmezlikde boldy admin moderler pozup beraysinler mende pozup bolmady

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
Ýene 3 sapar dagy açmaly ekeniñ goşgyny

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: