14:59
Biz şeýdip ýaşarys!..

BIZ ŞEÝDIP ÝAŞARYS

Ikimiziň gürüňimiz gutarmaz
Ýazanlarym bilen, diýjegim bilen.
Men gündizleň pyrlanyp tans ederin,
Goşgy dörederin gijeleň bilen.

Öňler Sen dünýäde barsyň öýderdim.
Asyl, dünýä Sende ýerleşýän eken!
Sen hakynda ýazmaklygyň lezzeti,
Watan, hut jan bilen deňleşýän eken.

Sen bagtyýar, onsoň menem bagtyýar,
Başym gurban ak Güneşiň dogşuna.
Men şindem begenip, dünýä sygamok
Şo-ol gün säher gujagyňda dogşuma.

Munda ýalan zat ýok,
"ýalan" diýilýän
Subut edilmedik çynlar ahyry!
Menem biz hakynda bir zady bilýän,
Aýtmasam, ýüregme sygmaz ahyry!

...Sen-ä dünýe dursa, durarsyň baky,
Meňem adym başga ýerde tutulmaz.
Biz şeýdip ýaşarys,
hemem hiç haçan
Ikimiziň gürrüňimiz gutarmaz!..

Aýgül GARAÝEWA

Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Pegas | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ajaýyp goşgy.Galamyñ kütelmesin Aýgül!!!

1
1 Nowgül   [Mowzuga geç]
Aýgül gowy ýazýar

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: