15:31
Uzuklar mukamy
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

◼UZUKLAR MUKAMY

Ir zamanda Pendi çöli 3 hanlyga degişli bolupdyr. Ol üç hanlaryň perzendi dünýä  inse‐de  durmandyr. Olar birki hepde şatlanyp‐şatlanmakalar sähra ýene gara lybasa bürenipdir. Hanlar  öz başlaryna düşýän musallaty diňe hudaý tarapyn  diýip düşünüpdirler. Onsoň olar hudanyň hatyrasyna eçilip bilenini eçilip,Hatam  taý ýaly, garyp pukaralara zat paýlapdyrlar. Bir gün hanlaryň üçisem atlanyp, awa‐şikara çykypdyr.Olar çöl beýewana çykyp,  öz  ykballaryndan  zeýrenip, mülklerini  terk  edip, başga  bir  welaýata  aşmakçy  bolup  maslahatam  edipdirler.Şeýdip  ençeme  ýol  sökenlerinden  soň  hanlaryň  ulusy Öde han aklyna aýlanýar.
‐‐ A-how, biz  öz  ýurdumyzda  tapmadyk  bagtymyzy  ýat ilden  tapmarys.Zeleliň  ýaryndan gaýtmaklygam bir peýdamyş.Azyk‐owkadymyza dolansak nädýä? —Diýip, ýoldaşlaryna sala salýar.
Içlerini  hümmüldedip  barýan  Gödek  han  bilen  Guldurdy  hanam  onuň  pikrini  makullap yzlaryna gaýdýarlar. Gaýdyşyn olar Gaş derýasynyň boýunda düşläpdir.çaý içip otyrkalar olaryň gözi  ýüzün  salyp  gelýän  3  atla  düşýär.Hanlar  biri‐biriniň  ýüzüne  seredişipdirler.”  Ýagy dökülem bolaymasa‐da biri “ diýşip otyrkalaram atlylar:
‐‐Öde  han,  Gödek  han,Guldurdi  han  buşluk  buşluk  –diýip,atlylar  sährany  ýaňlandyrypdyrlar.
‐‐A-how  düşünikliräp  aýtsaňyzlaň,  haýsymyzyň  gyzymyz  boldy  diýenlerinde,  atlylar:
‐‐Han aga, üçüňiziňem – diýen jogaby eşidipdirler.
Hanlar  “be  , de  ,  be “ bolşup,har haýsy  öz mülküne  tarap at goýupdyr.Barsalar  dogurdanam  hanlaryň  üçüsiniňem  gyzy  bolupdyr.Hanlar  begenjigenem  bilmändirler,  gynanjagynam.Öňki  perzentleri  ýadyna  düşüp  az  wagt  bozulypdyrlar.Ỳöne  üçüsiniň  bir  günde  çagalarynyň  bolmagy,olary begendirip.Toý  günin  I  bellemek  üçin  jar  çekipdirler.Üç  hanyň  üçüsem  toy  bir  günde,Gaş  derýasynyň  boýunda  çaýlaşan  ýerinde  geçirmegi  wadalaşýarlar.Toý  güni  Pendi  çölüniň  ýeden  ýöräni  derýanyň  boyuna  ýygnanypdyrlar.Üç  gije‐ gündiz  toý  tutulýar.Baý,garyby  ýok,ähli  halaýyk  iýip‐içip  mes  bolupdyr.Toýuň  ücülenji  güni  adamlar  gyzlaryň  adyny  soraýarlar.Şonda  hanyň  maslahatçysy  märekä ýüzlenipdir:   
‐‐Adamlar,gulak  goýuň.Ählimiz  diýen  ýaly  şu  hanlaryň  ýagdaýyny  bilýäris.öň  bularyň  perzendi  ýok.Şu  gün  toýuň  sebäpkärlerine –gyzlara  at  goýmak  size,ýagny  halkyň  paýyna  düşyär.Nähilli  at  dakmakçy  bolsaňyz  sesleniň.siziň  dakan adyňyz bilen bizem razy.
Bir  salymdan  soň derwiş  sypatly aksakgally goja beyikräk  ýere  çykyp,adamlara  ýüzlenýär :
‐‐Eger  meniň  sözüm  gulak  assaňyz,eşidişimiz  ýaly,hanlaryň  gyzy  bir  günde  dünýä  inipdir.Şol  sebäpli  olaryň  atlaram  bir  meňzeş  bolsa  oňat  boljak.Razy  bolsaňyz şol dünýä inenlere men aýt goýjak.
Halaýyk duran ýerinden:  "Hany eşideliň‐de,hany eşideliň" bolýar. 
‐‐Eşitseňiz,  Öde  hanyň  gyzynyň  ady  Uzuk,Gödek  hanyň  gyzynyň  ady  Näzik,  Guldurdy hanyň gyzynyň ady Lälik bolsun, omyn! – diýýär.
Toýa  ýygnanan  märeke  “  boldy‐da,boldy,atlaryna  mynasyp  bolsunlar,ömürleri  zyýat bolsun “ diýip alkyş baryny aydyp,öýli‐öýüne dargapdyr.
Uzuk, Näzik, Lälik görmegöýden akylly,paýhasly gyzlar bolup ýetişýär.Günleriň bir  güni hanlar ýene düşüşýar.
‐‐Geliň,gyzlarymyz bir‐biri bilen düşüşsynlar.Onsoňam bir zady berk ýadymyzda  saklalyň.  Ir‐u-giç  gyz  maşgala  kesekiniňki  bolmalydyr.  Olar  biziň  döwletimiz  däl‐de,  göwnühoşumyzdyr.  Dünýeden  ötmänkäk  mülkümizem  birine  ynanmaly.Dogrumy?
‐‐Dogry  Öde  han,  rast  aýdýarsyň  –  diýip Gödek han bilen Gulgeldi han razy bolýar…
Gyzlaryň  duşuşmaly  ýeri  Uzuk  hanyň  mülki  bolansoň,  ol  bellinilen  ýere  beýlekilerden has ir gelýär‐de myhmanlary garşylamak ücin taýýarlyk görýär… Howa  ýagtylanda,  ýaýlada  goýun  bakyp  ýören  çopanyň  gözi  bir  topar  çadyr  gurup ýören adamlara düşýär.Bezelen kejebäniň töweregem gaýda‐gaýmalaşyk. çopan  goýunlaryny  oýa  sürüp,özem  gamyşlykda  gizlenip, töweregindäki  bolup  geçýän hereketi synlamaga durýar. Birden  kejebeden  görmegöý  gyz  çykýar‐da,”  ýeriň  gaymagyny  bozsammykam,  bozmasammykam  diýýän  ýaly,seýkin  basyp,uly  depä  tarap  ýöräp  başlaýar.Ol  mahal‐ mahal säginip,Tawus guş dek çar  tarapa boýnuny uzadyp garanjaklaýar.  Onuň ýanyndaky hyzmatkärleri oňa gülälekdir jümjüme bogup getirýärler. Näzik bilen Läligem bellenilen ýere gelýär.Uzak oalary hormatlap garşylaýar. Gün  aşaklanda Uzuk,Näzik,Lälik degişip‐ gülüsip çemenzarlyga gidýärler.Olar gijäniň  bir  mahala  deňiç  Gopuz  çalyp,Läle  kakyp,Mojükatdy  oýnap, ahyram, Uzugyň  kejebesinde  dynç  almaga  gidýärler.Säher  bilen  uzakdan  eşidilýän  tüýdügiň  owazyna oyanan Uzuk:
‐‐Boýdaşlar, Tüýdügiň owazyny sizem eşidýärmisiňiz ýa‐da meniň göwnümemi?
Gözüni süzüp,oýaly‐ ukuly ýatan Näzik:
‐‐Kimem bolsa,Tüýdigi saýradyb‐a bilýär — diýýär.
Geriljiräp turan Lälik hem boýdaşlaryndan kem galmajak bolýan ýaly:
‐‐Beýle‐de bir ýürek goparyryjy saz bolar eken‐ow — diýýär.
Beýlekilerem  örmänkä,üçüsem  kejebeden  çykyp,saz  gelýän  tarapa  ýumlagaýypdyrlar. Iki depeden aşyp,oýa inenlerinde gyzlaryň gözi otlaşyp ýören  goýunlara  düşýär.  Goýunlaryň  beýle  ýanynda‐da  çöwürme  telpekli  ýigidiň  Tüýdük  çalyp  oturandygyny  görýärler.çopana  görünmejek  bolubam  gyzlaryň  üçüsi  biri‐biriniň  elinden  tutup  aşak  oturýarlar.çopanam  bu  zatlardan  bihabar,çalyp  outran  sazyny  tamamlap,ýene  täze  saza  başlaýar.Sazyň  jadylaýjy  owazy gyzlaryň ýüregini gursagyndan çykara getiripdir Perizat sypatly üç gyzyň ýakynlap gelýänini gören çopan çalyp oturan Tüýdügini  elinden  gaçyryp,gözüne  görünýändir  öýdüp  gaçmaga  hyýallanýar.Edil  şol  wagtam  güýçli  gol  onuň  ýeňsesinden  ebşirläp  tutýar.çopan  bada‐bat  çöküne  düşüp, nämäniň nämedigine düşünmese‐de ýalbarypdyr.
‐‐Agam,başyňa  döneýin.Meniň  günäm  ýok.Men  bir  çopan.Goýunlary  suwa  indirmäge gelşim,meni göýber.
‐‐Merez etmäge gelşim.Bi jelegaýda goýun bakarça sen kimmişiň.Bakýanyň kimiň  goýunlary?
‐‐Agam,Öde hanyň sürüsi.
‐‐Öde hanyňky bolsa ,adyňy ayt kim sen?
‐‐Dostmuhammet
Atly  çopanyň  ýakasyny  göýberipdir.Onýança‐da  Uzuk  dagy  olaryň  ýanyna  gelipdir.  Uzuk  çopanyň   “  Öde  hanyň  sürüsi  “  diýenini  eşdip  ýylgyrypdyr‐da:
‐‐Bolup biler.Bi ýerlerde başga kimiň maly bolsun?!
Uzygyň sesini eşiden atly: 
‐‐Günämi  ötüň,Bibim  –  diýip,aňyrlygyna  depeden  aşyp  gidýär.Uzuk  ýylgyryp  durşuna:
‐‐Öde  hanyň  çopanydygyny  çynyň  bolsa,onda  onuň  gyzyny  taryplap,bir  saz  çal,  Dostmuhammet – diýýär.
Öz  adyny  tutulanyny  eşidip,çopanyň  depesi  göge  ýetýär.Ol  name  diýjegini  bilmän, gözlerini mölerdip durşuna: 
‐‐Siz  Uzuk  hanmy?!—  diýýär. Uzuk  “Hawa“  diýen  manyda  baş  atýar  welin,  çopanyň  Tüýdügi  saýrap  başlaýar.Ol  Uzuk  hany  taryplap,onuň  durkuny  saza  geçirýär.Gyzlar  çopanyň  synçylygyna  haýran  galyp,onuň  syratyna,saz  çalşyna  aşyk bolupdyr…
Gün guşluga galanda gyzlar kejebelerine dolanypdyr.Ỳöne gyzlaryň öňkiligi ýok.  Ỳüzlerinde  şatlykdan  nam‐neşan  yok.Enekeleriniň  ýürege  ýarylan  ýaly  bolup  gyzlaryň  halyndan  habar  alypdyrlar.Olar  aýry‐aýrylykda  ýürek  syryny  enekelerine aýdypdyr. Enekeleri gyzlaryň agzyndan çykan sözi eşidip ýakalaryna  tüýkürip, bir‐birine habar berýärler.
‐‐Toba, toba. Heý‐de görülip‐eşdilen zatmydyr, bir? Bulary jyn urdumyka,gyz ?!  Üç  sany  hanyň  gyzy  bir  çopana  aşyk  bolarmy?!  Bular  aklyndan  azaşan  bolaýmasynlar.”  Atamyz  bilen  gürleş  diýýärler  “  Nä  ýüzümize  ataňyza  habar  bereli?Iň  bolmanynda  Beg  ogly  bolsa  !  balalarym,agzyňyzdan  haýyr  açyň.Beýle  gabahat işe biz‐ä ýol berip bilmeris.Han‐ha ataňyz, gürleşiňem, razylaşyňam.Biziň  başymyza ahyrzaman indirmäň…
Uzuk enekesine ýalbaryp‐ýakaryp, ahyry,atasy bilen gürleşmäge razy edýär.
‐‐ Bi zatlaryň sebäpkäri özüm.Sähra git diýenem özüm.Gyzlar bilen düş diýenem  özüm.Eger  gyzymyzyň  diýenini  etmesek,Hudaý  ýene  bizi  ýazgyrar.Ỳeke  dikrardan jyda düşmeli bolaýmaly.Iň gowsy,Halk köpçüligi bilen maslahatlaşaly.
Hanlar  ýene  jar  çekdirip,ähli  halky  Sähra  ýygnapdyrlar‐da  gyzlarynyň  isleg‐  arzuwlaryny ile ýetiripdir. Geň  habary  eşidip  halk  köpçüligi  “  Bijeli  oglan  aglamaz  “  diýlenini  edip,Uzuk,Näzik ,Lälik üçüsine bije atypdyrlar. Uzugyň  bagty  çuwupdyr.Onuň  bijesei  çykýar.Adamlar,Näzik  bilen  Lälige  hem  mynasyp ýigit tapyp,üçüsiniň toýunam bir günde tutupdyrlar… Hanlar  bolsa  gyzlaryny  hormatlap,Gaş  derýasynyň  boýunda  Gyzlar  Galasyny  salyp  beripdir.Uzukdagy  ömrüniň  ahyryna  çenli  şol  galada  ýaşap,döwran  sürüpdirler. Dostmuhammet  çopanam  gyzlaryň  şanyna  “ Uzuk", “Näzik", "Lälik" diýen  sazlary döredipdir. Soň–soňlar ol sazlar toý meýlisde çalynyp "Uzuklar “ diýen  at bilen biziň döwrümize gelip ýetipdir. 

Ýusup BERDIÝEW.
Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 51 | Добавил: Gurgencli | Теги: Ýusup Berdiýew Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Gyzykly rowaýat.Sag bolsun ýetirenler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: