23:24
Şan-şöhratly Hunlar / Panu, Ýuli we Beg, Huhanýe Bi, Mo, Han, Di, Suw
PANU (46-52)
Şanýuý Panu Beýik Hun imperiýasynyň soňky imperatorydyr. Doganyndan soňra tagta geçse-de, Huhanýe II bilen bäsleşmeli boldy. 2 ýyl soňra Huhanýe bilen bäs gelip bilmedik Panu häkimýeti ikä böldi. Huhanýe II Çyn- maçyndan wassal asyllylygy kabul etdi.

ÝULI WE BEG (BEI 一 52)
Ýuli we Bei (Beg) 52-nji ýylda şanýuý boldy. Ýuli we Bei hakda maglumat örän az. Olaryň başga eneden bolan iki dogan bolandyklary we Ih Baýan bilen söweşde ýeňlişe sezewar bolandyklary bellidir. Häkimýet şondan soňra günorta Hunlaryndan Şanýuý Tuntuheniň ogly şazada Fenhunun eline geçdi we hun döwletleri birleşdi.

HUHANÝE BI (48-55)
Şanýuý Huhanýe II Günorta Hun imperiýasynyň ilkinji imperatorydyr. Panuýa garşy topalaň tuzuryp Çyn-maçyndan wassal asyllylygy kabul etdi. 55-nji ýylda wepat boldy.

MO (55-56)
Şanýuý Mo günorta Hun imperiýasynyň ikinji imperatorydyr. 55-56-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk etdi. Dogany Panuýa haýynlyk edip Çyn- maçyndan wassal asyllylygy kabul etdi. Panunyň goşunyny derbi-dagyn etdi. 56- njy ýylda wepat boldy.

HAN (ÝULUDI 一 56-59)
Şanýuý Han Ýuludi günorta Hun imperiýasynyň üçünji imperatorydyr. 56- 59-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk etdi. Jigsi bilen Panu daga haýynlyk edip Çyn-maçyndan wassal asyllylygy kabul etdi. Doganlaryň iň kiçisi oldy. Onuň kakasy Uçjulu. Ogullary Suan bilen Anko.

DI (HAÝTUNŞIÇJHOW 一 59-63)
Şanýuý Di günorta Hun imperiýasynyň imperatorydyr. Demirgazyk Hunlar bilen birnäçe gezek söweşleri gurnady.

SUW (SU ÇÝUÇUÇÝUÝLINDI 一 63)
Şanýuý Su jemi 6 aý hökümdarlyk etdi. Hassalyk zerarly öldi we ýerine agasynyň ogly Çžan şanýuý geçdi.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 26 | Добавил: Dunya | Теги: Şamuhammet Suwtyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
Gowşak

0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
Barýaka ökdelärdä Jek agamyzam smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: