23:13
Şan-şöhratly Hunlar / Çuýýa, Uçjulýu, Sýan, Dag han, Udaýdihu
ÇUÝÝA (ÇÜÝÜ 一 M.Ö.12-M.Ö.8)
Beýleki doganlary ýaly asuda ömür süren Çüýü 4 ýyl häkimýetde oturyp wepat boldy.

UÇJULÝU (M.Ö.8-13)
Uçjulýu häkimýete geçeninden soňra doganlarynyň edişi ýaly ogly Udiýaşuny Hytaýa girew hökmünde ugratdy. Miladydan öňki 6-njy ýylda Udiýaşu hassalanyp öldi. Çyn-maçynyň täze imperator kaýýumy bolan Wank Mank Hunlaryň oturan ýerlerini hem almak isledi. Wank Mank 9-njy ýylda ýurt agdarlyşygyny edip imperator bolanyndan soňra Şanýunyň protokolyny has-da aşak gaçyrdy we mundan beýläk Hunlary wassal hökmünde däl, Çyn-maçynyň watandaşy ýaly görmäge başlady. Muny eşiden Uçjulýu wassallykdan çekilip Wank Manki haýyn yglan edip Çyn-macynly egindeşlerine birleşip oňa garşy söweş yglan etdi. Wank Mank hem öz gezeginde Sýan atly bir şazadany Hun şanýusy yglan etdi. Sýan bolsa şanýunyň ýanyna gaçyp erbet niýetiniň ýokdugyny aýdyp olaryň arasynda galdy. 13-nji ýylda ölen Uçjulýunyň ýerine Sýan geçdi.

SÝAN (ULEJ JODI 一 13-18.
Hunlaryň 18-nji şanýusy Sýan, Hytaýyň imperatory Wank-Mank tarapyndan bagyşlanypdyr. Soňra Uçjulýu ölende tagta hem ol geçiripdi. 5 ýyl höküm sürdi. Çyn-maçynlara garşy uruşmagyny dowam etdirdi.

DAG HAN (DAOKAO 18-46)
Şanýuý Ýuý Sýanyň jigsidi. Häkimýete geleninde Çynmaçyna watandaş harbylyk emele geldi. Bu pursatda oňa goşulman döwleti güýçlendirdi. 23-nji ýylda Hunlara garşy söweşe taýynlanan Wank-Mank çyn-maçynly gozgalaňçylar tarapyndan öldürildi. Ýu özüni Oguz hanyň (Mete han) yzyny dowam etdiriji yglan edipdir. Ýu Çyn-maçyn şazadasy Lu Fanki, Wank Mankdan boşalan tagta geçirmek isledi. Ol 46-njy ýylda wepat boldy.

UDAÝDIHU (46)
Hunlaryň 20-nji Şanýuýy bolan hiç bir ýylda häkimýetde galmady. Tagta jigsi Panu geçdi.

Aşgabat 一 2015 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 13 | Добавил: Dunya | Теги: Şamuhammet Suwtyýew | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: