17:13
Hemme zat ýürekde gutarýar!..
HEMME ZAT YÜREKDE GUTARÝAR!..

Ýurdumyza koronawirus belasy aralaşanda degişli ýolbaşçylar bir zady ýola goýdular:
Dessine 65 ýaşanlara we ondan geçenlere köçä çykmak gadagan edildi!..
Ondan soñam şeýle boldy. Stambul we Ankara ýaly uly şäherlerimizde bu ýaşdakylara sagat 10.00-16.00 aralygyndan başga wagt köçä çykmak gadagan edildi. (Bu babatda degişli ýolbaşçylaryñ edýän talaby gaty dogry! Çünki şol aralykda wirus "arakesmä" çykýar we hiç kime ýokuşmaýar, ýöne günüñ başga sagadynda welin, ölüm sepeleýär!..)
Bu kararlaryñ kabul edilenini ýatlanynda hemişe respublika döwrüniñ iñ ussat arhitektorlaryndan professor Sedat Hakgy Eldemiñ 70 ýaş ýubileý toýunda onuñ bilen geçiren söhbetdeşligimde aýdan sözleri ýadyma düşýär. Çünki ol "Arhitektorlar iñ ajaýyp eserlerini şu ýaşlarda berýär" diýipdi we muña Mimar Sinany mysal beripdi.
Hakykatdanam ussalaryñ ussasy Mimar Sinan elli ýaşyndan soñ başlan çyraglyk döwrüniñ yzyndan Edirnedäki "Selimiýe" metjidini we külliýesini gurup bolanda 86 ýaşynda eken. Bu UNESCO-nyñ bütindünýä mirasynyñ sanawyna hem giren "ussalyk döwrüniñ deñsiz-taýsyz eseridir" diýipdi.
65 ýaşanlary we ondan geçenleri "öýden çykmaga mejbur edip, goraga mätäç" kişiler hökmünde görýänlere Angliýada bassyr dört gezek premýer-ministrlik eden we bu wezipe bilen hoşlaşanda 85 ýaşynda bolan Uilýam Gladston şeýle nusgalyk ders berýär:

“Ýaşlyk - durmuş döwresi däl, akyl halydyr…
Ýyllar teni çürüşdirip taşlap biler. Bärde esasy zat, biziñ durmuşymyzdaky heýjanly pursatlaryñ dowam etmegidir…
Çünki, heýjanly pursatlaryñ gutarmagy bilen ruh çürüşýär!..
Adam özüne bolan ynamy deý ýaş - şübhesi deý garry, batyrgaýlygy deý ýaş - gorkusy deý garry, umydy ýaly garry - bezginligi deý garrydyr…
Hiç kim köp ýaşandygy sebäpli garramaýar.
Adamlary garradýan zat - onuñ ideallarynyñ gutarmagydyr...
Kalby söýdügiñçe, şatlygy duýdugyça, gözellikleri syzdygyñça, beýniñiz täze zatlary parh etdigiçe - hemmeler ýaşdyr.
Adamlar ýaşadygyça garrandyrys öýderler, ýogsam bolmasa olar ýaşamadygysaýyn garraýarlar.
Adamlar özüne "garradym" diýen güni garraýarlar!..”


Örän dogry, çünki:

■ Hristofor Kolumb Amerikany açmaga ilkinji gezek ýola çykanda bireýýäm elli ýaşdan geçipdi.

■ Paster altmyş ýaşynda guduz keseliniñ waksinasyny oýlap tapypdy.

■ Galileý Aýyñ gündelik we aýlyk çyzuwyny çyzanda ýetmiş üç ýaşyndady.

■ Çarli Çaplin ýetmiş alty ýaşynda kinorežissýorlyk edýärdi.

■ Gýote genial eseri "Fausty" ölüminden bir ýyl öñ, segsen iki ýaşynda ýazypdy.

■ Tolstoý altmyş ýedi ýaşynda motosikle münmegi öwrenipdir.

■ "Nobel" baýragynyñ eýesi Albert Şweýser segsen sekiz ýaşynda Afrikanyñ hassahanalarynda arman-irmän operasiýalara girýärdi.

■ Şeýle-de “Beýni taslaýjy” adyny alan togsan bäş ýaşly halypalaryñ halypasy professor Gazi Ýaşargil häzirem öz ugry boýunça abraý bilen işläp ýör.

■ “Muazzam Muazzez” diýilýän tanymal şumerşynas taryhçy Muazzez Ilmiýe Çyg bireýýäm ýüz ýaşdan aganam bolsa, añ taýdan alanda ýaş gyzdan gallaw...

Ýetmiş ýaşanmyş. Boljagy bolanmyş! Kim aýtsa ýalan aýdýar. Gulak asmañ!..
Hemme zat ýürekde, hemme zat beýinde gutarýar!...
Diñe garramak üçin ýaşamañ, bolany!..

Ugur DÜNDAR.

"SÖZCÜ" gazeti, 14.11.2020 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 115 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Dündar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 18
0
18 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Waleýkimsalam, gel @Adamzat aga, yitip gitdiñ esli wagt gorunmediñ saytda )

0
17 Adamzat   [Mowzuga geç]
Salam, halaýyk, gowy tema ekeni)) biggrin

0
16 Arzyman   [Mowzuga geç]
Şul-a dogry. Meň ýanymda-da bir 81 ýaşly babulýa bolýa köplenç. «Meň ýaşymy terslin okamaly, men 18 ýaşymda» diýýä smile Sussupeskäň, şeýle «garrylar» sähelçejik bolsa-da umyt döredip bilýän ekeni.

0
15 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Has aga, Reýimbaý Sabyrow ady agzalsa "Gürgenç" romanynyň üçünji tomy ýadyma düşýär-dä. Henizem ýazyp tamamlamadymyka?

0
14 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Mowzukda-da,teswirlerde-de dogry aýdypdyrlar...

0
13 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
"Kyrk-pyrk"-diýseler çynmyka diýip ýörüpdirin.Ýalan eken smile

-1
11 Dunya   [Mowzuga geç]
wirus "arakesmä" çykýar wacko

0
10 Guljeren   [Mowzuga geç]
smile

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mysaly daşdan gozlemali: Gözel Şagulyýewa daýzañyzy göreñzokmy? Segseni tegeledi, yaş gyzlara "siz oturyñ, men gürläyin" diyip gaşyny oynadyar ))

-1
12 Dunya   [Mowzuga geç]
teehee

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Reýimbaý Sabyrow togsandan 100-e 4 ya 5 galandyr, birki ýyllykda DZ-a gidenimizde awtoulagynda ozi aeroporta dûşurip gitdi, tuweleme rula, gaz-pedala erk edişi yaş sûrûjilerden gowy

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Öwezdurdy Nepesow hem segsene golaýlady, galamynam elinden dûşûrenok, kompyuteriniñ klawiaturasynam smile

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Juma Hudaýguly yetmişden bireyyäm geçdi, yaşulyñ gozi heläk edya, şonda-da elinden galamyny düşürenok.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Uly ýazyjymyz Çary Aşyr togsandan geçip yogaldy. Yaşuly yogalyança elinden galamy düşmedi.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýalan aýdypsyñ, Jûrjanly. Milli buysanjymyz, uly yazyjy Tirkiş Jumageldi häzir 83-den geçdi we onuñ doredijiligi yaş yazyjylardan zyýat - gül açýar.

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Biziňkilerä "elli bolduň, belli bolduň" diýip ellä ýeteni garry hasaplaýarlar, bulara tüwelemelaý surprised

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
Menimi smile ýa Ugur agany sad

0
1 luti4ka   [Mowzuga geç]
söýýän seni

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: