08:24
Mähribanym, özüñ suwdan çyk indi

MÄHRIBANYM, ÕZÜÑ SUWDAN ÇYK INDI

Düýş görüpdirin, oýanybam görenimiñ huşummy ýa-da düýşümdigine düşünmän alasarmyk ýagdaýda birnäçe wagt hakydamdaky suratlar bilen başagaý bolup galdym. Çep gursagymyñ yzaly syzlaýşyna  ýüregim ajy suwuñ içinde galan ýaly çaýkanyp damagyma dykylýar. Bolup geçen zatlar bir bir gaýtalanýar añymda. Egnime agyr ýük atylan ýaly, ruhum büs-bütin çõkgün.
Näme bolandyr õýdýañ?! Düýşümde seni görüpdirin. Ak awtoulag sürüp otyrmyşyñ. Õñünde men yzynda-da çagalar. Birdenem ulagyñ barýan uly ak asfalt ýoluny suw kesýärmişin. Sen ulagy saklaýarsyñ-da maña ulagdan düşmegi teklip edýärmişiñ, heý seniñ aýdanyñy etmerinmi men?! Derrew düşýan ulagyñdan, sen hem eliñdäki gõreş tutulanynda pälwanlaryñ biline dañylýan ak matanyñ bir tarapyny meniñ bilime, beýleki bir tarapyny bolsa ulagyñ õñ tarapyna dañýarmyşynyñ. Soñ özüñ ulaga münýärsiñs-de, rulyñ gapdal tarapynda otyrýarsyñ-da eliñ bilen maña "çek" diyen yşaraty edýãrmişiñ. Men bolsa hayran galaymaly läbik suwdan hiç bir kynçylyksyz ulagy çekip barýaryn. Şol barmana ulagy suwdan çykarýaryn. Birden bat alan ulagyñ zarbyna bilimdäki gõreş matasy üzülip men atylyp hon-da galan suwyñ ortarasyna düşýarmişim. Ulagy çekip sizi suwdan çykaryp gelýarkäm suwuñ beyle joşgunlydygyny duýmandyryn. Suw meni boyladar derejede joşan eken. Sen ulagy sakladyñ, matanyñ üzülip ulagyñda galan bõlegini çõzüp alyşyña naýyynjar seredip, senden dalda isläp ellerimi kelemenledip boýurganyp, adyñy tutup gygyrýaryn, güýjümiñ ýetdiginden ýüzüp çykmaga çalyşýaryn, iñ geñ ýeri hem hälki ulagy süýräp barýarkam beýle agyrlygy duymadyk gerdenim juda çõkgin, hiç mejaly ýok, hiç yol õnderenok. Sen bolsañ maña seretdiñ-de aýdyma hiñlendiñ. Aydymyñ hut şu setiri henizem ýañlanyp maña eşidilip duran ýaly:
"Mähribanym, õzüñ suwdan çyk indi!" Ynha şeytdiñ-de ulagyñy sürüp meni boýum bilen deñ läbik suwuñ ortasynda ýalñyz taşlap gidiberdiñ.
Düýşüñ täsirinden çykyp bilman ýatyşyma gõzlerimiñ ýaşyny saklabilman seniñ şol aýdymyña hiñlenýan:
"Mähribanym, õzüñ suwdan çyk indi"
Ýüregim bolsa şo-ol dolup, towlanyp, dur, düýşdäki suwuñ içinde galan men däl-de hut õzi ýaly.. Hiç kõşeşerli däl.. Kõşeşerli däl...

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 301 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
0
4 Garaýolly   [Mowzuga geç]
***täsirli

0
3 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Çuň göçme manyly,düýş detalynyň üsti bilen berilen täairli oýlanma.

0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
Uýam, gara basypdyr seni console bir-iki owurt suw iç smile

0
1 Dunya   [Mowzuga geç]
sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: