23:09
Bermud üçburçlugy
BERMUD ÜÇBURÇLUGY

"Garabag tapmaçasy" dowam edýär.
Ankara we Baku güýçlendirilen tertipde "gözegçilik punktlaryna türk goşunynyñ ýerleşdiriljekdigini" aýdýar, emma rus tarapy-da şol bir güýçlendirilen tertipde "türk goşunynyñ Garabagda ýerleşdirilmejekdigini" aýdyp, tersine tutýar.
Ylalaşmalar, telefonlaşmalar we mediýa söweşi dowam edýär.
Azerbaýjana, Ermenistana we Garabaga araçäkleşýän we Siriýa boýunça Astana prosesiniñ öñbaşçylaryndan bolan Eýran bu işleriñ niresinde, heniz belli däl.
Netijede Azerbaýjan 28 ýyllap okkupirlenip gelýän ýerleriniñ ýarysyndan gowragyny azat etdu we Ermenistany ýeñlen tarap hökmünde ylalaşyk stoluna oturmaga mejbur etdi.
Elbetde, bular Ankaranyñ goldawy we Moskwanyñ "göz ýummagy" bilen boldy.
Netijede Azerbaýjan, Ermenistan, Gürjüstan Russiýanyñ "garnynyñ" aşagy we Günbatar bu ýerlere perwaýsyz garap bilmeýär.
Bu üç ýurt Hazar bilen Garadeñizi birleşdirýän guryýer bölegi.
Günbatar öz emellerini "Pyrtykal" we "Mawy" rewolýusiýalar arkaly ýöretjek boldy, paşmady.
Ukraina Krymy elden giderdi, Gürjüstan bolsa Günorta Osetiýany we Abhaziýany.
Günbatar bu gezek Paşinýanyñ arkasyndan synanyşdy, almytyny Ermenistan almaly boldy. Garabagda agyr ýeñlişe uçran ermenileriñ dört müñe golaý esgeri wepat boldy, ýüzlerçe ýaraly bar we millionlarça dollar zyýana galdy.
Indiki nobat ýene Gürjüstan bolaýmagy ahmal, çünki 2018-nji ýylyñ sentýabr aýynda prezidentlige saýlanan Salome Zurabişwili Fransiýada doglan, şol ýerde kemala gelen, Fransiýanyñ Daşary işler ministrliginde işlän we häzirem Fransiýanyñ raýaty.
Fransiýa bolsa Garabag boýunça ABŞ we Russiýa bilen birlikde Minsk toparynyñ ýolbaşçy agzasy.
Toparyñ daşary işler ministrleri ertir - duşenbe güni Moskwada, bir hepde soñam Nýu-Ýorkda toplanmaly.
Bu ýolbaşçy-agzalygam gowy iş ekenaý!
Sewrde ermenileriñ arkasynda duran Fransiýa Ankara-Moskwa barlyşygyna näme diýjegi ýa-da nähili hereket etjegi heniz belli däl, emma 20-nji ýanwarda Ak Tamdaky kürsüsine oturmaga taýýarlanýan täze prezident Jo Baýdeniñem meselä goşulyşjakdygy köre hasa.
Ýöne şowagta çenli Putin Ermenistana labyryny atjaga we Baku-da öz güýjüne güýç gatjaga meñzeýär.
Edil bäsdeşi Türkiýe ýaly. Edil Siriýada bolşy ýaly.
Putiniñ idin bermegi bilen türk goşuny 2016-njy ýylyñ 24-nji awgustynda Jerablusa girenden soñ meñzeş idinler bilen 2018-nji ýylyñ ýanwarynda Afrine we 2019-njy ýylyñ oktýabrynda Ýewfratyñ gündogaryna geçdi.
Şindi Siriýanyñ Türkiýe bilen 911 km-lik araçäginiñ 550 km-lik bölegi Türkiýäniñ gözegçiligi astynda.
Nämüçin?
Bosgunlar meselesinden söz açmagyñ indi hiç hili manysy ýok.
Astana prosesi we oña bagly Soçi ylalaşygy peýda bermeýär.
Ankara Türkiýäniñ Ýaragly Güýçleriniñ gözegçiligindäki sebitlerinden çykjaga meñzänok.
Ankara bu sebitlerde hemme zada jogap berýär.
Ankara - bu ýerlerde hereket edýän we dürki ýaragly toparlardan düzülen "ýygyndy topar" diýilýän Siriýanyñ Milli Goşunynyñ on müñlerçe militanyna hak-heşdek berýär we göz öñüñize getirip biljek ähli zerur serişdelerini üpjün edýär.
Nämüçin we haçana çenli?
Geleliñ Liwiýa.
ABŞ-nyñ we Germaniýanyñ "çagyryşy" bilen liwiýaly taraplar 2021-nji ýylyñ 24-nji dekabrynda saýlaw geçirmek babatda özara ylalaşyga geldiler.
Üstün çykan tarap şol gün agşam "Hristos Woskresi", ýagny, Hezreti Isanyñ (a.s) doglan gününi belledigi bolýar.
Şol wagta deñiç ýene ABŞ-nyñ we Germaniýanyñ goldawy bilen BMG iki tarapa özara ähli düşünişmezlikleri çözmeklikde ýardam etmeli.
Özem bu düşünişmezlikleriñ birtopary soñky iki aýda çözlene meñzeýär.
Onsoñ bärse diñe daşary ýurduñ esgerleri bilen hakynatutma esgerleri Liwiýadan çykarma meselesi galýar.
Bu mesele hem turuwbaşdan Faiz Sarraj tarapyny goldan, bar güýjüni Liwiýa gönükdiren we siriýaly hakynatutma esgerleri şol ýere jemlän Ankarany ýakyndan gyzyklaklandyrýar.
Göreliñ, AKP Siriýada näme işleri gaýyrarka?
Göreliñ, AKP Siriýanyñ demirgazygybda haçana çenli galarka?
Göreliñ, AKP haçana çenli Idlibi gorarka?
Göreliñ, AKP Garabag meselesinde Moskwa bilen neneñsi we nirä çenli düşünişerkä ýa-da Siriýadyr Liwiýada bolşy ýaly neneñsi dawa ederlerkä?
Täze Soçiler bolarmy?
Siriýa, Liwiýa we şindi Garabag.
Edil ýöne Bermud üçburçlugy diýip goýaýmaly!
Göreliñ, Baýden bu işlere näme diýerkä? Onuñam ýene iki aýy galdy.
Göreliñ, şowagta çenli Türkiýede nämeler bolup geçerkä?
Islendik pursat, islendik meselede we her derejede sýurpizler bolup geçmegine garaşylýar.
Edil kän bilinmeýän Berat Albaýrak meselesinde bolşy ýaly.

Hüsni MAHALLI.

"KORKUSUZ" gazeti, 15.11.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 68 | Добавил: Gökböri | Теги: Hüsni Mahalli | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: