21:15
Keýik sürüsiniñ immuniteti
KEÝIK SÜRÜSINIÑ IMMUNITETI...

Keýik...
Türk mifologiýasynda adybelli jandar.
Türki eposlarynda urkaçy jynsda hereket edýär, käte enedir, käte-de ene hudaýyñ obrazynda çykyş edýär.
Orta Aziýanyñ şekillendiriş sungatynda ýarym adam-ýarym keýik suratlar az gabat gelmeýär.
Haly-palaslarymyzda, keçe-kilimlerimizde esasy motiw.
Keýigiñ medeni unsur hökmünde ýüze çykan ilkinji medeniýetleriniñ biri-de Anadolyda medeniýet gurul ýaşap geçen hettlerdir.
1935-nji ýylda Alajahöýükden çykarylan we paýtagt şäher Ankaranyñ simwolyna öwrülen Hett Gün kursunda keýik bar.
Hajettepe uniwersitetiniñ logosy stilizirlenen keýikdir.
Keýikler süri-süri bolup gezýärler, köpçülik bolup hereket edýärler. Emma başly-barat däl, sürüleriñ içinde özboluşly düzgün-tertip bar.
Ýaş, güýçli, sagdyn keýikler süriniñ ortasynda gezýär.
Garry we güýçden gaçanlary süriniñ çeperinde ýöreýär.
Süriniñ çeperinde bolanlar süriniñ ortasyndakylaryñ töweregine aýlanan haýat ýaly hereket edýärler.
Howpa iñ ýakyn durýanlaram çeperde ýer alanlardyr.
Ýolbars, gaplañ, şagal ýaly ýyrtyjy jandarlar daranda, birinji şolar şam bolýar.
Çeperdäkiler didiwana münüp, jan bazarynda diri galjak bolup çyrpynanlarynda, süriniñ ortasynda ýer alan ýaş we güýçlileri gaçyp sypmaga mümkinçilik tapýarlar.
Şonuñ üçinem keýik sürüleriniñ çeperinde ýer alanlar hemişe galagopludyr, ürkekdir, ine-gana suw hem içip bilmeýärler, islendik wagt özlerine ýönelip biläýjek howp-hatara garşy sak durandyrlar, kirpiklerini gyrpman daş-töwerege esewan edip durýarlar.
Süriniñ ortasyndaky ýaş we güýçlüleri bolsa süriniñ çeperindäki howpsuzluk halkasynyñ saýasynda diýseñ rahat we döwran sürüp gezýärler, ölüm howpunyñ özlerinden daşdygyny bilýändikleri üçin äwmezekdirler, süriniñ beýleki wezipe borçlary babatda hiç hili jogapkärçilik çekmeýändikleri üçin, iñ ownuk howp abanan ýagdaýynda-da gaçmaga wagtlarynyñ bardygy üçin men-menligiñ, tekepbirligiñ hezilini görýärler.
Meñzetmede hata bolmaz, darykma-howatyrlanma ýok...
Ýurdumyzyñ koronawirusa garşy howpsuz aradaşlygy keýik sürüsi mysalydyr!
Dünýäniñ iñ samsyklaç karary bilen diñe 65 ýaşdan ýokardaky ildeşlerimize köçä çykma gadagançylygy girizilendigi üçin...
Saglygy goraýyş ministrligimiz köpçülikleýin ýokanjyñ ýaýrap başlan wagtyndan bäri diñe 65 ýaşdan ýokardakylar ölüm howpunyñ astyndamyş ýaly çemeleşýändigi üçin…
Ýaşlar özlerini süriniñ ortasynda ýaly diýseñ arkaýyn duýýarlar.
"Ölmeli bolsa garry-gurtular öler, biz aman galarys" diýip pikirlenýärler.
Özüni süriniñ çeperindedirin öýdýän garry-gurtular wirusa garşy göreşmegiñ düzgünlerine çynlakaý eýerýärkäler... Ýaşlarymyz, hamala, köpçülikleýin ýokanç ýok ýaly äwmän-etmän durmuşlaryna dowam edýärler.
Ine, hut şonuñ üçinem, gynansak-da...
Howp-hatar ýolbarsdyr gaplañ ýaly daşyndan gelmeýär. Içinden - süriniñ ortasyndan gelýär.
Muña bütindünýä statistiki maglumatlary-da görnetin güwä geçýär...
Wirusy "maña hiç zat bolmaz" diýýän ýaşlar göterýär, ýaşlar ýokuşdyrýar.
Süri immuniteti diýe-diýe jemgyýeti keýik sürüsine dönderenlere ýene bir gezek ýüzlenýärin:
Dünýäniñ iñ samsyklaç karary bolan "65 ýaş gadagançylygy" 65 ýaşdan geçenleri goramaýar, gaýtam tersine, ýaşlary jogapkärçiliksiz hereket etmäge iterip, garrylaryñ garaşylyşyndan has köp ölmesine sebäp bolýar.

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 15.11.2020 ý.
Категория: Medisina | Просмотров: 51 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Nohur gonamçylyklary keýik motiwiniñ (başagaçlar dag goçunyñ, dag tekesiniñ ya-da eldeki tekedir goçuñ şahlary bilen bezelýär) özboluşly muzeýidir...

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Dogry. Keýik motiwlerine, şah şekillerine, (nohurlylaryñ has köp ýykgyn edyan dag goçy motiwi-de hut keýik medeni unsuryna degişli) ayal-gyzlarymyñ el işlerinde, halylarynda, yakalarynda, nagyşlarynda köp duş gelinýär.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Çeperiñ (mal ýatagyñ) ortasynda owlak-guzular üçin ýer bir-iki keçäniñ tutyan meýdanyça dyz boýy dagy gazylyp, soñam agaç örülip, soñam agaçlaryñ üsti gumdyr, palçyk bilen örtülýär. Içine-de taze ýyglan ýowşan (yaz-alabahar aylary döl alynyan wagty yowşanlaram ter bolýar) gür basylyp düşelýär. (Edil tundralylaryñ tünegi ýaly görnüşde). Muña-da körpeç diýilýär. Körpejiñ ýowşany köp gidende her hepde çalşylyp (has maljanly adamlar hepdede iki-ûç gezegem çalyşyar) durulýar (çalşylan yowşan galyndylary-da zyñylmaýar: owlak-guzynyñ pohdyr-siydigine eylenen yowşan iñ gowy tutaşdyryk hökmünde ulanylýar)

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gökböri, aýyplaşma. Temadanam biraz daşlaşdym smile

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Döwür üýtgedi... daşy gamyş-hyşadan, çyrpydan aýlanan agyl-ýataklar ornuny daşdan örülen haýata berdi, wagty geldi: indi daş haýatyñ yerine keramzit kerpiç örýärler... döwür bilen aýakdaş gitmek gowy zat, emma nebir şiwe sözlerimiz ýitip barýar... muña "ene dili" ýarlygy dakylyp, ýazuw dilimizde teke şiwesiniñ zoraýakdan ulandyrylyşynyñ belli bir derejede ýaramaz täsiri bar diýip hasaplaýaryn...

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Çeper sözüni üýtgetmän şodurşuna alyp, gaty oñarypsyñ.
Çeper - diwar, haýat, hendek ýaly manylary berýär. Aslynda haýatyñ iç ýüzüne çyrpydyr (köplenç tikenekliräk) çöp-çalamlar haýatdan aşana ikinji päsgelçiligi döretmek üçin basylýar.
Türkmen diliniñ nohur şiwesinde 10-50 mal aralykda ownuk mal saklamaga niýetlenip bir öýüñ 1-2 otagynyñ ululygynda setkadan (öñler setkanyñ ýerine çyrpydyr gamyş-hyşa aýlanýan eken) aýlanýan ýataga çeper diýilýär.

"Çepere suw serperler
Yrak yoldan geleni..."

(Halk aýdymyndan).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: