17:42
Atçapar mukamy
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

◼ATÇAPAR MUKAMY

Aýdogdy aga süýrgünortanlar öýüne dolandy. Gelse öýünde myhman bar ekeni. Ol myhmanlar bilen saglyk‐amanlyk soraşdy. Demlenip getirlen gök çaýy  olaryň  öňüne süýşürdi. Özem bir çäýnegi öňüne çekdi. Ara düşen dymyşlygy myhmanlar  bozdy.
‐‐ Aýdogdy aga armaweriň ! 
‐‐  Bar bol oglum. Bi ýyl daýhan bolup, armasa bolar‐da. Ỳogsada, ýigitler, menlik  işiňiz bolsa aýdyp oturyň. Meniň‐ä gürrüňim gutarmaz.
‐‐Aýdogdy aga, habarmyzy aýtsak, özümiz‐ä  Kazy oýundan. Körpe inimiziň  aýagyny duşmakçy. Şol toy sowar ýalym diýip gelşimiz. Sähet çopan  diýseň, gumlular tanar!
‐‐  Hoş  habaryňyz  bar  eken. Allaberdi  janyň  aşygy  diýseňizläň. Gaty  gowy,  onuň  başy dik bolsa mähetdel etmän toýa barar….
Gumlular gaýdansoň, üç gün diýilende Allaberdi öýe dolandy. Oglunyň salam  berşinden juda argynlygyny aňsa‐da, Aýdogdy aga gelip‐gidenleriň sargydyny bada‐bataýtdy. Allabardi  çokaýynam çykarman düşegiň üstüne göwresini göýberdi. Ulydan demini aldy.
‐‐ Kaka, toýam toýdyr weli, hany oraga haçan başlaly? Men‐ä günde‐günaşa ýolda.  Öýe  kömegim degenok.
‐‐ On‐a gaýgy etme. Bagşy diýeniň il ogludyr. Iliň ýumuşyna ýarasaň, ataňa‐da  kömek  berdigiň  bor.
‐‐ Be…  
‐‐ Aý ogul, ene‐ataň bir nydar eder‐le. Ýöne iki gözüň dört bolansoň, ýagdaý  kynlaşaýmasa ýaban ýatyp ýörmegiň bir hilli. Ana, şol gelne agyrrak düşäýbiridir.
‐‐ Be, Kaka, şu diýeniňä dogry. Nirä gitseň bile gitjek bolsa ber habary.
‐‐  Ogul, diňle, bir tymsal aýdyp bereýin. Obada bir owadan gyz bolupdyr. Aýdym‐sazyňam  ölemen aşygy eken. Ene‐atasam gyzlarynyň häsiýetine belet bolansoňlar,  göwnüni  ýykman,  bagşa  beripdirler. Näme, aý‐günem geçip dur. Günleriň birinde ol gyz atasy öýüne  görme‐görişe barypdyr. Goňşy‐golamlary üýşüpdirler. Hal‐ahwal soraşypdyrlar. Gürrüňden gürrüň çykyp    sorapdyrlar. Adamysyndan içi tütäp duran gelin "wah, jan doganlar, täzeden barmaly bolsam, bagşa‐ha däl, bagşyly obada äre  barmazdym." diýipdir. Menem, oglum, şol gürrüňden çekinmän duramok. Biziňem edinjek gelnimiz şeýle tetellilerden bolaýsa‐hä, näbleýin‐dä…
‐‐Kaka, beýle bir gyz almarys başgalaram bar‐la…
Kel bagşy toýa gitmek üçin irgözinden ýola düşdi. Ol dördünji gün agşamara Kazy oýuna ýetdi. Sähet çopan, Kel bagşyny hormatlap, bugurçyny özi çökerdi. Gadyrly salamlaşdylar.
‐‐  Kel bagşy, adyň bilen aşnadyrys. Tamamy ödediň, berekella. Sag‐aman geldiňizmi? Ahal illeri  saglykmydyr?
‐‐ Dogaýy salam ýolladylar.
‐‐ Iberen getiren sag bolsun. Adamlar, hany öýe gireliň. Sazanda öňüni başla— diýip, Sähet  çopan sözüni soňlamanka, Kel bagşynyň gözi topbak‐topbak oda  düşdi. Ol  gapdalyndakylara  ýüzlendi:
‐‐Adamlar, hol otlar öňem barmydy ýa‐da…
Şol pursadam: 
‐‐Haý, atly atyňa atlanaweriň‐how, ýagy çozandyr‐la how—diýen howsalaly seslar ýaňlandy. Her  kim duran‐duran ýerinden atlandylar. Kel bagşam eli ýaragsyz bugurçysyna münüp olara  goşuldy. Näme etjegini bilmän bugurçysyny iki tarapa säpjedip ýören Kel bagşy kelebiniň ujuny  ýitirdi. Ol howatyrlanyp başlady  “Wiý, meniň bolup ýörşimi. Meni bi jalagaýda kim tanaýar. Hiç  kim, galtamanlaryň başyny tapyp bilmezmikäm? Belki, tapsam, gürleşerin. Bolmanda‐da elimde  ýarag ýok“ diýip, ol bugurçysyndan syrylyp düşdi‐de, onuň owsaryny başyna orap, eline dutaryny  alyp, garaňkylygyň içinde gum depeleriň arasynda siňdi. Ol çetidir‐sazaklara bukulyp, ýagynyň  arasyna ýeteňkirledi. Kel bagşy emedekläp galtamanbaşynyň çadyryna girjek bolanda sakçylar  oňa ýapyşdylar. Ony süýräp galtamanbaşynyň ýanyna alyp bardylar. Eli dutarly adamy görüp,  onuň  gaşlary tapyşdy.
‐‐ Bi, nämäniň alamaty! Muny nireden tapdyňyz?
‐‐Özi geldi.
‐‐Özi? Kim borsuň, aýdyp otur.
‐‐ Men‐ä iliň bagşysy.
‐‐ Il diýýäniň kim?
‐‐ Türkmen iliniň.
‐‐ Men Türkmen däl. Maňa‐ha sen tetelli bagşy gerek däl. Hany maksadyňy aýt.
‐‐ Men size töwella etmek üçin ýanyňyza gelşim. Nähak gan dökmäli diýjek bolýan.
‐‐ Nähak gan? Menem keýpine gan dökemok. Biz hanyň adamlary. Hanyň buýrugyny  berjaý edýäris. Janyňdan irmedik bolsaň, dutaryňy alda yzyňy ýel çalmanka şu ýerden göteril. Ỳogsa…
Kel bagşyny getirilşi ýaly südenekledip, çadyrdan alyp çykardylar‐da, garaňkylyga iterip  göýberdiler. Ol dutaryny gujaklap gum garbady. Näme etjegini bilmän, ýerinden galyp  gözdürtme garaňkylygyň içinde gum depeleriniň arasy bilen ýene bugurçysyny göýberen ýerine  geldi. Görse, ol janawar uly çetiniň pürüni iýip duran eken. Ol bugurçysyny çökerip mündi‐de, tutuşlygyň iň gazaply ýerine haýdady. Gijäniň içinde kimiň‐kimi urup‐çapýany bilderenokdy. Gep‐üýn alaşar ýaly däldi. Kel bagşynyň uly ili bilen: 
‐‐Adamlar, uruşy bes edeliň. Oýlanyp görüň. Kim bilen uruşýanyňyzy bilýärmisiňiz?— Diýip, gygyrasy geldi. Ỳöne näçe gygyrsada, ol gohy ýatyryp bilmejegine gözi ýetip, bolýan  wakany  doňan ýaly bialaç synlap durdy. Şol wagtam eli gylyçly bir adam onuň bugurçysynyň  owsaryndan tutup ugrady. Kel bagşy zähresi ýarylan ýaly özüni çägä oklady. Görse, bugurçysyny idip barýan Sähet çopan bolup çykdy. Ol Sähedi garsa gujaklady.
‐‐Sen meni bu garma‐gürmelikde nädip tanadyň?
‐‐Tanap‐tanamaz ýaly senden başgalaryň ulydan‐kiçisi  janlaryny halas etjek bolup iki ýana at  salýar. Diňe sen janyňdan iren ýaly, bir ýerde butnaman duran. Heý, jeň wagtam beýdip durmak  bolarmy? Hany yzymdan galma. Hä,  diýmän ýowy gaýtararys. Olar indi ýeňse berip başlady. bar  aladam sen bolduň. Eýläk urundym, beýläk urundym, teý tapylmadyň. Bir bolmasy iş bolaýandyr  öýdüp, gara janym galmady. Sen meniň myhmanym ahyry…
Duýdansyz dökülen ýagy daňa golaý ökje göterdi. Säher bilen Kazy oýunyň 7 ýaşdan 70 ýaşa çenlisi ýow meýdanynda wepat bolanlary jaýladylar. Ertesi Sähet çopan öz toýunyň ýasa  öwürlenine ahmyr çekip, soňuna çykyp bilmedi . Ol ýas tutdy. Kel bagşynam zordan ýola salyp  hoşlaşdy.
‐‐ Bagşy, sag‐aman bar. Nesip etse, ýene bir toý toýlarys…
Ýassy wagty itleriň üýrüp başlanyny eşiden Juma çopan çäkmenini egnine atyp ardynjyrap, gapa  çykdy. Bugurçysyny çökerip duranyň Kel bagşydygyny tanap, allaniçiksi boldy.
‐‐Bagşy, eýgilikmidir?
‐‐Juma aga, başyň dik, malyň tükel oturanmysyň?
‐‐Sen sorama, menem aýtmaýyn.
‐‐Hany öýe baraly. Demiňi dürse. Göwnüme bolmasa sesiň endiräp çykýan ýaly‐da.
‐‐Juma  aga, ähtimal, sesimem, ýüzümem üýtgese üýtgändir. Iň  gowusy, maňa  nepesimi dürsär ýaly bir çäýnek çaý ber. Soň gören ahwalatymy gürrüň bereýin.
‐‐Weý, bagşy çaýyňam gürrüňi bolarmy.
‐‐Juma aga, saňa ýalan, maňa çyn—diýip, çaý öňüne alan Kel bagşy gören wakasyny gürrüň  berdi‐de:
‐‐Gören ahwalatymy dutaryň diline geçirmesem, ölsemem ýadymdan çykmaz. Häzirem ýüregim endiräp dur— diýdi.
Kel bagşynyň dutary zarynlap başlady. Juma çopan mahal‐mahal başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp:
‐‐Bä, bä, şeýlemi, bolmandyr. Gyrgynçylyk gursyn — diýýärdi.
Kel bagşynyň dutarynyň zaryn owazy bolsa gijäniň içinde gum depelerini elendirýärdi, çöle ýaň salýardy. Ahyry Kel bagşy ýüreginde dykyn alyp duran gam‐gussany az‐kem egisdim edip, ulydan demini aldy‐da, zordan dillendi:
‐‐Juma aga, siz şu sazy ilkinji gezek diňleýärsiňiz. Özem wepat bolan şol gerçeklere ýadygär  bolsun. Adyna‐da “Atçapar“ diýjek.
Ol ýene şol sazy gaýtalap‐gaýtalap çaldy.
"Atçapar" sazy juda gaýgyly, hasratly bolany üçin bolsa gerek, soň‐soňlar bagşylar ol saza  “Hüýrlukga–hemra" dessanyndan, “Aglaryn" hem‐de Zeliliniň sözüne "ýar senden" diýen aýdymlary döredip biziň günlerimize ýetiripdirler.

Ýusup BERDIÝEW.
Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 38 | Добавил: Gurgencli | Теги: Ýusup Berdiýew Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Şuna bir hatar gözden geçirip redaktirledim şonda-da teksti birhili düşüpdir sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: