11:17
Gitme diýerin
GITME DIÝERIN...

Gitme diýerin, gidersiň sen,
Bary indi puç diýip,
Sen meni hiç söýmediň
Aňyrýana gaç diýip,
Wagtyň barka git diýdiň
Özge birin gu:ç diýip.
Ýoluk halda bilmediň sen,
Ganatyň bar uç diýip.
Öz-özüme käýindim,
Sensizlige duş diýip.
Köp pikirim ýalňyşdy,
Ýüregimi aç diýip,
Doýarynmy bilemok?
Bişirmeden aş iýip.
Bar dilegim Alladan,
Keremiňi sa:ç diýip.
...Käte ynsan ýalňyşýar
Göz ýerine gaş diýip.
Diýerinmi bilemok,
Golaý ara: "daş" diýip...

✍Ahally
Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: ahallydan | Теги: Ahally | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 ahallydan   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: