11:15
Meniň pikirim
MENIŇ PIKIRIM

Adamlara çynym bilen bakmadym,
Berlen "wada" çeşme bolup akmadym,
Ýagyş bolup çöle ýagan çagbadym,
Nädogry bolsada MENIŇ PIKIRIM,
Soraglary jogaplaryn getiriň!

Bir söz hormat, ýene biri haýbatly,
Biraz diňläp, aýaga galdy gaýratly,
Olam maňa gelipmişin gyratly...
Şondada meň üýtgemeýär pikirim,
Manysyny gidirmäň bu setiriň!

Gutarmaýar geldi-geçer ynsanlar,
Elim tutjak, çala eli ysanlar,
"Salam!" berseň eliň pugta gysarlar,
Saňa umyt bermez meniň pikirim,
Ýaşaýan men, üýtgemeýär ertirim!

Golaý gelme,
giderin gulagam asma,
Zenan aglamazmy göwüni galsa?
Ýitirme, amal et, arzuwyň bolsa,
Meni ýaşadyp ýör meniň pikirim,
Öz derdimi özgä bermän çekerin!

Bagt paýlansa, täleýme sygnaryn,
Göwne degseň, elbet senden synaryn,
"Hudaý bardyr!" dertlerimden dynaryn,
Halys bolsam,
halas eder pikirim,
Gidenlere ýanyp ýörmez jigerim!,

Men söýerin, söýmeýändir öýtmegin,
Emma "söýgim" ýaman bolup ötmesin,
Bir dilegim: " ýagşy umyt ölmesin"!
Şol umyt deý bakydyr MEŇ PIKIRIM,
... Ýatda sakla, gyzykly däl pikiriň!

✍Gülşat Ataýewa
Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: ahallydan | Теги: Gülşat Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Ähli teswirler: 1
0
1 ahallydan   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: