20:56
Şan-şöhratly Hunlar / Günhan
GÜNHAN (KUNIÇEN 一 M. Ö. 161- M. Ö. 126)
Günhan (Güniçen) miladydan öňki 161 ý. Miladydan öňki 126-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk eden Hun şanýusydyr. Onuň döwri Hun imperiýasynyň iň güýçli döwri hasap edilýär. Hun hökümdarlarynyň içinde iň uzyn ömür süren döwründe Çyn-Maçynda 4 imperator täzelenipdir.
Gökhandan (Kiok) soňra Hun tagtyna ogly Günhan (Kunçin) (M. ö. 160- m.ö.126 ý.ý.) geçdi. Gün han atasy Oguz han we kakasy Gök han ýaly agalyk ediji, berk hökümdar däldi. Bu döwûrde döwlet ugrynda Hytaý (Çyn-maçyn) çozuşlary we surnukdyryjy uruşlar möwç almaga başlady. Hytaýlylaryň yzly-yzyna gazanan ýeňişleriniň soňunda, Hun häkimýeti Gobi çölüniň demirgazygyndaky Orhon derýasynyň kenaryna çekildi.
Döwletiň baý günorta-günbatar topraklary Hytaýyň eline geçdi. Hytaýdan alynan bergiler kesildi. Hun şazadasy arasyndaky çaknyşyklar we içki dawa- jeňjeller döwleti ysgyndan gaçyrdy.

Aşgabat 一 2015 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 25 | Добавил: Dunya | Теги: Şamuhammet Suwtyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: