17:40
Şan-şöhratly Hunlar / Gök han
GÖK HAN (KIOK 一 M. Ö. 174-M. Ö. 160)
Gök han (Lawşan) m. õ. 174-nji ýyldan m. ö. 160-njy ýyllarda hökümdarlyk etdi. Ol hunlaryň üçünji şanýusydyr. Ol Oguz hanyň (Mete han) oglydyr. Dünýä ineninde ejesi oňa Çiçu adyny goýupdyr. Laoşan adynyň näme sebäpden dakylandygy belli däl. Hulsewanyň pikirine görä bu Hun dilindäki bir sözüň terjimesi ýa-da haýsydyr bir sözüň meňeşligi bolup biler diýipdir[1]. Çyn-maçyn (hytaý) dilinde Laoşan «uly we üstün» manysyny aňladýar. Hun dilinde onuň manysy Gökhan diýmekdir.
Onuň häkimýeti döwründe Hunlar Çyn-maçyna beýik ýörüşleri gurnapdyrlar. Gökhanyň islegi tutuş Çynmaçyny eýelemekdi. Şeýlelikde m. ö. 166-njy ýylda Hunlar 140.000 leşgerler bilen birlikde paýtagt şäher Siýana golaý gelip çaknyşdy. Töwereklerden 100.000 leşgerleri bilen hökümdary haýbatly söweşi bilen garşylamaga çykdy. Emma ol güýçli garşylyk görmegi netijesinde yza Mangoliýa tarap çekildi. Mangoliýa Hunlaryň topraklarydy. Ol ýurdy eýelän Oguz handy. Gökhanyň bu ýörişi bir aýa çekdi. Soňra 10.000 Hun esgerleri bilen
Lýawdun ýarymadasyna hüjüme geçdiler. Pekiniň ýakynlarynda ýerleşen Çili şäherine gelen Gökhan Çynmaçyn hökümdary bilen ylalaşyk baglaşyp yzyna dolandy. Merkezi Aziýadaky Hindi-Ýewropa kowmy bolan Düýeçileri (Ýuweçji)
Hun topraklaryndan çykarylýar, kowulýar. M. öň 162-nji ýylda Düýeçi hanyň kellesinden gymyz käsesini ýasatdyran Gökhan hökümdarlygyny araçäklerini öňküsinden-de giňeldýär. Beýniden ýasalan şol gap atadan-ogula miras geçipdir. Gökhan Çynmaçyn hökümdary Weniň gyzyna öýlendi. Gök han m. ö. 160-njy ýylda wepat boldy.

EDEBIÝAT:
[1] Hulsewé, A.F.P. (1979). China in Central Asia: The Early Stage 125 BC –AD 23: an annotated translation of chapters 61 and 96 of the History of the Former Han Dynasty. Introduction by M. A. N. Loewe. ISBN 90-04-05884-2. Leiden: E. J. Brill.

Aşgabat 一 2015 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 38 | Добавил: Dunya | Теги: Şamuhammet Suwtyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Kitapcy   [Mowzuga geç]
Türkiýe Siriýa goşun salanda yeke musulman döwlet goldamady, yene Wengeriýa çykyp, siriyaly türkmenleriñ we Türkiyaniñ tarapyny tutdy.
Ýogsam bolmasa Erdogan Palestina û.n, beyleki arap ýurtlary üçin çykyşlarynda nijeme "gözyaşlary" dökyardi. Üstunden bomba yagyp durka Ysraýyla Türkiyeden başga nagilelik bildirmage het edip bilyan dowlet yokdy, gadyrbilmez palestinaly araplar şonda-da Türkiyaniñ garşysyna çykyş etdiler.

0
5 Kitapcy   [Mowzuga geç]
Dini başgalyk taryhymyzy öwrenmezlige sebäp bolup bilmez.

0
4 Kitapcy   [Mowzuga geç]
Wengerleriñ hunlaryñ bir şahasydygy hakykat. Emma tutuş bir halkdan aýyp tapar ýaly nämeleri mazaly öwrenmek gerekkä?
Wengerleriñ aýry bir halka öwrülip gidenligi ýa bolmasa hunlaryñ bir şahasynyñ hristianlygy biziñ taryhymyza kölege düşürýärmika?

0
2 faizyllanarmetow   [Mowzuga geç]
Hunlar häzirki döwüriň wengerlerii. Olary öwmekden birjikde netije ýok. Olar barada ýazmazdan ozal Wengriýa döwletini mazaly öwrenmeli ekeniň

0
3 Dunya   [Mowzuga geç]
Muny men ýazmadyma...

0
1 Dunya   [Mowzuga geç]
Düýeçi hanyň kellesinden gymyz käsesini ýasatdy surprised

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: