14:44
Şan-şöhratly Hun hökümdarlygy
ŞAN-ŞÖHRATLY HUN HÖKÜMDARLYGY (M. Ö. 221- MILADYNYŇ 439- NJY ÝYLYNA ÇENLI)
Turkmenleriň gadymy ata-babalarynyň guran döwletleriniň biri hem Aziýadaky Hun hökümdarlygydyr. Hunlaryň taryh sahnasyna haçan çykandygy belli däl. Emma Miladydan öňki 2255-nji ýyllarda Hunlaryň ady taryhy çeşmelerde biri-birinden tapawutly şekillerde ýazylypdyr. Çyn-maçyn çeşmelerinde döwrüne görä dürliçe atlandyrylan hunlar miladydan öňki 318-nji ýylda Hsiung-nu diýlip ilkinji sapar atlandyrylypdyr. Hsiung-nu ady gadymy Çyn- maçynlylaryň Hunlara beren atlandyrmasydyr. Onuň subutnamasy 311-nji ýyldaky Sogdyça ýazylan iýerogliflerde şol atlandyrma ýazylypdyr. Hytaýda Miladydan öňki 1122-225-nji ýyllarda höküm süren Çu döwletini guranlar Türküstan (Turan) asylly nebereler bolupdyr. Olar hytaýdaky Luň-şaw medeniýetine derek Ýaň-şaw medeniýetini özleşdiripdirler.
Çu hanedany wagtyň geçmegi bilen aragatnaşyk we baglanyşyk arkaly Çynmaçynlaşypdyrlar (Hytaý). Bir tarapdan Hunlar bularyň üstüne çapawulçylyk ýörüşlerini gurnapdyrlar. Bularyň çozuşynyň öňüni almak üçin miladydan öňki 780-nji ýyllarda Çyn-maçyn serhetlerini yzarlap gidýän diwarlar gurup başlapdyrlar. Hunlaryň çozuşlaryna döz gelip bilmeýän Çynmaçynlylar bir asyrlap goşun reformasyny geçiripdirler.
Soňra Çyn maçyn hökümdarlygynyň imperatory miladydan öňki 247-221- nji ýyllar aralygynda Çyn-maçyn serhedindäki beýik diwary gurdurup tamamladýar.
Häzirlikçe bize belli bolan ilkinji Hun hökümdary (Şanýuý) Duman Beýgudyr (Towman) ol miladydan öňki 221-209-njy ýyllarda Hun taýpalaryna hökümdarlyk edipdir[1].

EDEBIÝAT:
[1] Ahmet K. ORTA ASYA TÜRK TARiHi

Aşgabat 一 2015 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 25 | Добавил: Dunya | Теги: Şamuhammet Suwtyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: