08:27
"Ak Tamyñ gurnaýjylary" Pentagon we Uotergeýt dawasynda nädip ele düşdüler?
"AK TAMYÑ GURNAÝJYLARY" PENTAGON WE UOTERGEÝT WAKASYNDA NÄDIP ELE DÜŞDÜLER?

✔ 1971-nji ýyl… Pentagonyñ resmi maglumatlary çap edildi. ABŞ-nyñ Wýetnam ýalany orta çykdy.
✔ ABŞ-nyñ prezidenti Nikson maglumatlaryñ çap edilmezligi üçin "Gurnaýjy" toparyny düzdi.
✔ 1972-nji ýyl… Uotergeýt partlady. Ele salnan bäş "gemriji-de" Niksonyñ "gurnaýjylarydy".
✔ Yagny… her bir ýurt daşary ýurduñ gizlin gulluklarynyñ ýörite birliklerine garşy hüşgär we eserdeñ bolmaly.


1). 2010-njy ýylyñ 30-njy noýabry... ABŞ-nyñ Döwlet habar beriş serişdelerinden "Democracy Now"-yñ ("Şindi demokratiýa" habar býuletteninde "Wikileaks" ("Syzyş") maglumatlary boýunça amerikan filosofy Noam Homskiý bilen söhbetdeşlik gurady. Homskiý 1971-nji ýylda wýetnam urşy bilen baglanşykly Pentagonyñ maglumatlaryny syzdyrandygyny aýtdy. Şol döwür ABŞ-nyñ Goranmak ministrligi Pentagonda işleýän Daniel Ellsberg bilen Toni Russonyñ dostdugyny, bu iki şahsyñ maglumatlary nusgalap özlerine alandyklaryny aýtdy. Homskiý hem öz gezeginde bu maglumatlary metbugata berdi. Žurnalistlik taryhynyñ iñ uly wakalarynyñ biri-de “Pentagon resminamalarynyñ” paş edilmegidi!

1971-nji ýylyñ 13-nji iýuny.
Wýetnam arhiwinden: Pentagonyñ işleri gerimi giñeýän amerikan operasiýasynyñ otuz ýylynyñ yzyny çaldy.

HALKA ÝALAN SÖZLÄN PREZIDENTLER

ABŞ-nyñ dört prezidenti... Duaýt Eýzenhauer (1953-1961), Jon Kennedi (1961-1963), Lindon Jonson (1963-1969) we Riçard Nikson (1969-1974)…
1955-nji ýylyñ 1-nji noýabrynda Demirgazyk Wýetnam bilen Günorta Wýetnamyñ arasynda başlan uruşda ABŞ antikommunistik Günortanyñ tarapyndady! 5 milliona golaý ýönekeý wýetnamly raýat wepat boldy! ABŞ-nyñ 66 müñ esgeri öldi, "wýetnam batgalygyndan" çykyp bilmediler.
Amerikanyñ wýetnam urşy döwrüniñ goranmak ministri Robert Maknamaranyñ ýolbaşçylygyndaky komissiýa 1945-1967-nji ýyllar aralygynda amerikan-wýetnam gatnaşyklary boýunça ähli maglumatlary öz içine alýan giñişleýin gizlin maglumatnama taýýarlady. Harby analitik Daniel Ellsberg bu maglumatnamada amerikan döwlet işgärleriniñ we ýolbaşçylarynyñ halka yzygiderli ýalan sözläp gelýändigini gördi. Maglumatlar bir ýarym ýyllap Ellsbergiñ elinde galdy!

PREZIDENT NIKSONYÑ GURAN ÝÖRITE BIRLIGI

"New York Times" 1971-nji ýylyñ 13-nji iýunynda taryha “Pentagon Papers" ("Pentagon resminamalary)” diýip geçjek iş bukjanyñ birinji bölümini çap etdi. Nikson "New York Times" gazetine telegramma ugradyp, muny gyssagly bes etmegi talap etdi. Yzyndan sud hem karar çykardy.
"New Ýork Times" boýun egmedi. Çap gadagançylygy girizilen maglumatlar "Washington Post" gazeti başlyklaýyn, ýene-de on sekiz gazetiñ redaksiýasyna gitdi. Niksonyñ hökümeti mundan köp maglumaty aýan edilmeginiñ öñüni almak üçin "Ak Tamyñ gurnaýjylary" (“White House Plumbers”) atly gizlin birlik döretdi.
"Gurnaýjylara" Niksonyñ içerki syýasat boýunça geñeşçisi Jon Erlihman başlyklyk edýärdi. Onuñ öñünde goýlan wezipe şundan ybaratdy:
"Ýörite birlik" Ellsbergiñ ruhy näsaglygy bolan adamdygyny orta atmak üçin, Kaliforniýadaky şahsy psihiatristiniñ ofisine girip, onuñ şahsy medisina resminamalaryny ele geçirmäge-de synanşypdy. Barybir paşmady! Kyrk ýedi jiltden ybarat maglumatlar çap edildi... Oýun şondan soñ başlady...
Adalat ministri we prokraturanyñ bir sülçüsi "gurnaýjylaryñ" kimdigini anyklady.

2). “Ak Tamyñ gurnaýjylarynyñ" hor-hory Niksonyñ döwründe hiç ýatarly däldi...
1972-nji ýylyñ 17-nji iýunynda bäş "gurnaýjy" Uotergeýt binasyndaky Demokratik partiýanyñ merkezine diñleme abzallaryny ýerleşdirjek bolup durka ele salyndy. Daşyndan seredeniñde ogurlyk bolýan ýalydy... Emma... Adalat ministri Elliot Riçardson we prokuraturanyñ sülçüsi Arçibald Koks ogurlykda güman edilýän bäş şübheliniñ kimdigini orta çykardy welin... 1972-nji ýylyñ 19-njy iýunynda "Washington Post" gûman edilýänleriñ arasynda Respublikan partiýanyñ agzalarynyñ ýokary düzümden howpsuzlyk işgäriniñ bardygyny ýazdy. Ak tamyñ geñeşçisi Jon Din Uotergeýt komissiýasyna galmagaly örtmek üçin Nikson bilen otuz bäş gezek gepleşik geçirendigini aýtdy.
1974-nji ýylyñ 8-nji awgustynda-da Riçard Nikson öz islegi bilen işden gitdi.

“Uotergeýt” galmagalynyñ salgylanýan çeşmesi "Deep Throat"-dy ("Çuñ bokurdak"). "Çuñ bokurdak" "Uotergeýt" dawasyny öwrenýän "Washington Post" gazetiniñ žurnalistler Karl Bernstine we Bob Wudworda derñew işine dahylly möhüm maglumatlary beripdi. ABŞ-nyñ Federal Derñew býurosynyñ (FBI) başlygynyñ öñki kömekçilerinden Mark Felt 2005-nji ýylda "çuñ bokurdagyñ özüdigini" mälim etdi. "Gurnaýja" garşy žurnalist diýip, sözümize dowam edeliñ...

“Syndyrylan we bähbitçil metbugat wagtyñ geçmegi bilen özüne meñzeş adam sürüsini döredýär.”

3). “Ak Tamyñ gurnaýjylaryndan” söz açmagymyñ bir sebäbi bar! Her bir ýurt öz "gurnaýjylaryna" garşy göreşmelidir. 1904-nji ýylda "The North American Review" gazetinde ýazan makalasynda adyna her ýyl gowşurylýan baýragy bolan žurnalist Josef Pulitser şeýle diýýär:

“Respiblikamyz we gazetleri ýa-ha bilelikde belende galarlar ýa-da bilelikde çökerler. Diñe bähbitçillikden daş, garaşsyz, jemgyýetçilik hyzmatyna jür metbugat jemgyýetiñ bähbidini we ärdemliligini gorap bilýändir. Hut şu ärdemliligiñ ýok ýerinre islendik hökümet kezzapdyr we oýunbazdyr. Synyk, bähbitçil, demagog metbugat bolsa wagtyñ geçmegi bilen özüne meñzeş adam sülsadyny döredýär.”

Aýtunç ERKIN.

"SÖZCÜ" gazeti, 24.11.2019 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 57 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýtunç Erkin | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Hälem FETÖ-mi?!

0
4 Gökböri   [Mowzuga geç]
Soner Ýalçyn / Kripto...
http://kitapcy.com/news/2020-07-17-11946

0
3 Gökböri   [Mowzuga geç]
HAKYKATY KIRLETMEK

FETÖ-nyñ ýörgünli taktikasy bolan “anonim habar berme hatlary" ("isimsiz ihbar mektupları”) tolkuny ýene möwç alyp başlady…
Manisanyñ žandarmeriýasyna Aýtunç Erkin barada şular ýaly anonim hat gelip gowuşdy. Hatyñ gozgaýan meselesi Aýtunç Erkiniñ geçiren bir interwýusydy…Otstawkadaky harby prokuror Ahmet Zeki Üçok beren interwýusynda, sud edaralarynda häzirem iki müñ segsen üç FETÖ-çynyñ işleýändigini aýtdy. Ynha... Haty ýazan näbelli kişi bu sözlerden biynjalyk bolupdyr, ol žurnalist Erkiniñ jogapkärçilige çekilmegini isleýärdi!Žandarmeriýa bu anonim haty Manisanyñ içerki howpsuzlyk müdirligine ugratdy.
Polisiýa ýazylanlary çynlakaý kabul edip "Türklügi peseltmegiñ" alamatlary bar hasaplady we anonim haty Manisa prokuraturasyna ugratdy.
Prokuratura bolsa iş bukjasyny "Türklügi peseltmekden" çykaryp "Kanuny peseltmäge synanşyk" donuna bürendirdi we Erkini günäkär hasaplady. Özem bular ýaly derñew işlerinde hökmany suratda Adalat ministrliginiñ ýörite rugsady gerek, emma prokuratura näme üçin muña zerurlyk duýmady? Näme üçin?Prokuraturanyñ FETÖ bilen ilteşikli sudýa-prokurorlar baradaky derñew işlerinden habary ýokmudy? Iñ soñky gezek şondan bir hepde öñ FETÖ bilen gatnaşyk saklaýandygy anyklanyp, ýigrimi alty sany sudýadyr prokuror wezipesinden pyzylmadymy?Otstawkadaky harby prokuror Üçogyñ we žurnalist Erkiniñ FETÖ-nyñ hukuk goraýjy edaralaryndaky şahasyna garşy göreşinden prokuratura bihabar bolup bilermi?
Bu anonim haty nädip çynlakaý kabul edip bilýärkäler?
Manisada nämeler bolup geçýär?Işiñ özeninde:
Bu iş bukjasynyñ içiniñ Baryş Pehliwandyr Müýesser Kylyçyñ nyşana alynmasyndan hiç hili tapawudy ýok. Kim bu “merkez?”
Şuny gowy bilsinler:
Geçmişden şu güne çenli FETÖ garşy göreşen bir goşawuç žurnalist dostlarymyz Gennadiý Sholariý ýaly ynanjyndan asla dänmezler. Gerek bolsa hemmesi galamyny döwerler we "monastyra" çekilerler. Hiç kim olary kriptolar ýalydyr öýtmesin!
Biz hiç kimiñ hakykaty hapalamagyna ýol bermeris.

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
Aýtunç Erkin…
Siz ony makalalaryndan, kitaplaryndan we telewizion gepleşiklerindäki çykyşlaryndan gaty gowy tanaýansyñyz.
Menden bir nesil soñky "Aydınlık" mekdebini tamamlady. Özem bu žurnalistlik mekdebiniñ uçurymlaryny ikä bölýärin:
- Žurnalistlik ýolundan gyşarman gidenler…
- Syýasatda galmagy makul bilenler…
Aýtunç Erkinem meniñ ýaly hiç wagt partiýa tarapdarlygyny etmedi, žurnalistlik ýolundan gyşarmady, hakykat kyblasyndan ýüz öwürmedi, wagta ýeñilmedi we hemişe görünişe esaslanýan žurnalistlik etdi.
Geçip giden demikdiriji petiş günlerde halka ýetip gelýän howpy duýdurmak üçin "Fethullah Güleniñ kodlary" atly kitap ýazdy.
"SABAH" gazetinde işleýärkä "Ergenekon bir hiledir" diýeni üçin üç ýyllap işsiz gaody. Boýnuna "ergenekonçy ýarlygy" ýelmeneni üçin merkezi metbugat gapylary onuñ ýüzüne uruldy. Bu operesiýany amala aşyran gürrüñsiz bir salgy bardy: FETÖ.
Açlyga bentlenip goýlan Aýtunç Erkin şol agyr günlerde Sadetdin Tantanyñ goldawyny aldy.
Yzyndanam ýedi ýyllap erkin žurnalistlik edip biljek "SÖZCÜ" gazetine geldi.
FETÖ hakynda aýdyñlaşdyryjy habarlary taýýarlamagy dowam etdi:
"FENERBAHÇE" futbol klubyna garşy gurnalan pyssy-pyjurçylykly dildüwşügiñ ähli jikme-jikliklerini aýan edýän "Sary-mawy gaharly adam Eziz Ýyldyrym" (“Sarı Lacivert Öfkeli Adam Aziz Yıldırım”) kitabyny ýazdy.
Yzyndanam "Gardan adam" (“Kardan Adam”) "Daýynyñ jansyzlary" (“Dayının Casusları”) kitaplary bilen FETÖ-nyñ CIA-Gladio meýilnamasydygyny subut etdi.
Şol ikiarada Genri Barkeý ýaly geçmişi garañky hapa adamlaryñ gözüne düşdi.
Aýtunç Erkiniñ ýigrimi üç ýyllyk žurnalistlik durmuşy FETÖ garşy göreş bilen geçdi.FETÖ-nyñ häzirki didiwanyna mündüren žurnalistleriniñ başynda Aýtunç Erkin bar. Üns beriñ, Aýtunç Erkiniñ başyna öññin nämeler geldi:

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
*ýerinde

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: