17:11
Berkeli Çokaý
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

◼BERKELI ÇOKAÝ
Azatlyk çokaýyn tiken Berkeli


20nji asyryň ortalarynda Türkmenler esasy iki sany uly hanlyga birigýär. Ol iki  hanlygyň birine Nurberdi han, birine‐de Gowşut han baştutanlyk edýär. 1855-nji ýylda Gowşut  han güýçlenýär. çünki, onuň hanlyk edýän ýerine Murgapdyr, Tejen derýalarynyň  orta  hem  aşak akymynda ýaşaýan Türkmenler girýär. Uly syýasy hem‐de harby  güýje  eýe  bolan  Türkmenler indi öň ýeten basybalyja salgyt beresi gelenok. Şonuň  üçin  şol  döwürde  Türkmenler Hywa hanlygyna salgyt tölemekden boýun gaçyrýarlar. Türkmenleriň  özüne  salgyz  tölemeýänligine nägile bolan Hywa hany Mädemin (Muhammet emin han) Gowşut hany gepleşige çagyrýar. Şol gepleşikde Mädemin  han Gowşut hana şeý diýýär:
‐‐  Seň  hütjet  Türkmeniň  öten  ýyl‐a,  ýyl  gurak  geldi,  ygal  bolmady,  şoň  üçin  ekinden hasyl alyp bilmedik.—diýip, salgyt bermedi.  Ondan  öňki  ýylam  ekinler  ýaňy  hasyla  duranda  çekrtge  aldy  –  diýdi.Mallaňam  baryny çerrik degdi – diýip,salgyt bermediler.Aý garaz her hilli bahana tapyp seň  Türkmeniň soňki ýyllarda maňa oňly salgyt tölänok.
Şonda Gowşut han Mädemine:
‐‐Aý, Mädemin  han,  sen  oň  üçin  hapa  bolma,  ynha,  bi  ýyl  oňat  geldi.Gyşy  gyşa,  ýazy  ýaza  meňzedi.Bi  ýyl  bol  hasyl  alarys.onsoň  saňa  öňki‐soňki  tölemedik  salgytlarymyzyň baryny bereris – diýip, ony süýt kölüne çümdirip gaýdýar.
Güýz düşýär, hasyl ýygnalýar. Emma Mädemin hana zat baranok.Muňa beýik Hiwa  hanlygynyň hökümdary bolmajasyny bolýar.Gahary gelip, gazaba münýär. Onsoň  ýene‐de  Gowşut  hany  gepleşige  çagyryp,  salgyt  tölemeýändikleri  üçin  Türkmenleriň  baryny uçdantutma gyryp  ýok etjekdigini aýdýar. Namartlyk edip  duýdurman  üstümize  döküldi  –  diýip,  armanly  bolmaz  ýaly,  söweşe taýýarlanmaga 3 aý möhlet berýändigini aýydýar. Gowşut  hanyň "A‐how  Mädemin  han,  gel  ganly  jeňe  baş  goşmaly,  ylalaşaly" diýen Töwellasynam alman dergazap bolýar. Onsoň Gowşut  han Mädemin  han  bilen  birýaňalyk etmek  üçin  uly  hem aýgytly  söweşe taýýarlanyp başlaýar. Bu söweş Türkmeniň geljekki ykbalyny çözmelidi.  Şeýlelikde, Gowşut  han Sarahsda  söweşe  taýýarlyk görüp  başlaýar.Gowşut  han, ilki  bilen öz atlylarynyň  eşigini  üpjün  etmegi  dogry  hasap  edýär. Çünki,  aýagyň
çepekli,  egniň  ýalaňňat  çäkmenli  gyş  günleri  duşmana  garşy  aýgytly  söweşe  girip bolmajagy belli zat. Şoň  üçin  Gowşut  han  sowut  tikip  bilýän  ussalary,  at  üçin  uýandyr  çeki  tikip  bilýän  ussalary,  çokaý  tikip  bilýän  ussalary  ýygnaýar. Şol  ussalaryň  arasynda  Berkeli  diýen  bir  adam  çokaýy  çalt  hem  berk  tikmekde  hemmelerden  tapawutlanýar. Ol halkdan gön ýygnap, ýanynda 30-40 sany kömekçi adam alyp Mädeminiň geljek wagtyna çenli kän çokaý tikip ýetişýär. Dolak, çäkmen dokaýan  aýallaryň  toparyna  hem  Berkeli  çokaýçynyň  özi  ýolbaşçylyk  edýär. Uly  söweşe  şeýdip ykjam taýýarlyk görünýär; Güýzüň ahyrynda Hywa hanlygynyň beýik hökümdary Mädemin han agyr leşgeri bilen Sarahsa gelýär.Söweş başlamazdan öňürti Mädemin han Gowşut hana haýbat atýar:
‐‐  Gedem  Türkmen,  taýýarlanma  kemiň  galan  däldir.Armanly  bolsaň  aýt,  ýene  taýýarlanmaga müdet bereýin, bolmasa‐da çyk söweşe – diýýär.
Gowşut han oňa ýene‐de töwella edýär.
‐‐Mädemin  han,  gel  ganly  söweşe  baş  goşmaly,  sen  gaýyt,  bize  azar  berme  – diýýär.
Emma Mädemin han oňa:
‐‐  Ertir söweşe başlaýas, bar düýeboýun  öwülýa‐da  senden  bolsun  Soltan  Sanjaram senden bolsun — diýip, haýbat atýar.
Şeýlelikde,  söweş  başlanýar.Mädemin  hanyň  goşuny  san  taýdanam,  ýarag  babatda‐da Türkmenlerden has  ýokarda ekeni. Şoň üçinem bu  söweşe Türkmen  zenanlaram  gatnaşypdyr. Olar  aýaklaryna  çokaý,  eginlerine  çäkmen,  başlaryna telpek geýip, Mädemine garşy söweşipdirler. Olaryň esasy ýaragy bolsa, taýagyň ujuna berkidilen gyrkylyk, synny  bolupdyr. Mundan  başga‐da  Türkmen  topragynyň ähli ýerinden atlylar kömege gelipdirler. Netijede Mädemin hanyň goşuny derbi – dagyn edilip, onuň özi hem öldürlipdir… Şondan  soň  Türkmenler  tä 1881-nji  ýyla  çenli,  ýagny  orslar  gelýänçä  hiç bir  hanlyga-da, hiç bir döwlete-de bakna bolman, özbaşdaklykda ýaşaýar. Öňki  döwürde  her  bir  daşky  duşman  bilen  bolan  söweşde  ýeňiş  gazanylsa,  şondan  soň  ýeňiş  toý  tutulýar ekeni. Şol ýeňiş  toýunda edermenlik görkezen  ýigitlere bagyşlap şahyrlar goşgy  goşýar,  sazandalardyr bagşylar bolsa,  gahrymanlyk görkezen ärlere bagyşlap aýdymdyr, saz düzen ekenler. Ine,  Mädemin  han  bolan  söweşde  hem  Berkeli  çokaýyň  tiken  çokaylary,  ýasan  eýerdir, uýanlary ýeňiş gazanylmagyna ýardym edipdir. Şoň üçin sazandalar Berkeli çokaýça bagyşlap,  “Berkeli çokaý “ diýen sazy düzüpdirler. Şu ýerde ýüz ugurda aýdyp geçmeli zat bar. Elbetde, şeýle uly söweşde  ýeňiş  gazanmakda  edermenlik  görkezen  zenanlar  hakda,  gahramançylyk  görkezen ärler hakda başga‐da köp goşgular, aýdym-saz düzendirler. Ýöne olar  edil  “Berkeli çokaý“  sazy ýaly kämil  bolmany  üçin  asyrdan  asyra,  ýagny  XIX asyrdan XX  asyra  aşyp  bilmändir. Her bir asyr özünden soňki  asyra peşgeş berjek  bolanda  :  edebiýat,  sungat  eserleriniň  iň  kämillerini  berýär.Ỳöne‐möne  zatlar asyrdan asyra aşyp bilmeýär.
Bu  saz  bizi  ýene  bir  zat  hakda  oýlandyrýar:  Her  bir  döwletiň,  onuň  baknasyzdygyny,  garaşsyzlygyny  goramakda  ýönekey çokaýçydan başlap, hana  çenli uçdantutma hemmäniň tagallasy zerur.

Allaberdi DURDYÝEW
Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 44 | Добавил: Gurgencli | Теги: Allaberdi Durdiýew Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: