15:39
Hajygolak mukamy
TÜRKMEN AÝDYM SAZ SUNGATYNYÑ ROWAÝATLARYNDAN

●Hajygolak mukamy

 Hywanyň hökümdary Allaguly han köplenç öz Türkmenleriniň üstüne çapawulçylyk edipdir. Bir çapawulçylykda bolsa, onuň leşgeri tutuş bir obany diýen ýaly sürüp hanyň hüzürine eltýär. Han  leşgeriň tutuş bir obany sürüp getirmegi aýratyn bir sebäbi bardy. Olar Hajy sazandanyň obasynyň adamlarydy. Allaguly han hajy sazandany öňem üç gezek köşgüne çagyryp, han sazandasy bolmagyny towakga edip, köp ýalbarypdy. Emma Hajy sazanda boýun bolmady. Ummasyz halat-serpaý hüdürledi. Şonda‐da Hajy köşk sazandasy bolmakdan ýüz öwürdi.
Ynha, bu gezek bolsa Allaguly han  "ederini bilendirin“ diýip, içini  gepledýärdi. Şonuň üçin arz soraýan  jaýyna Hajy sazandaň girenini  göreninden tagtda oturan ýerinden arkan gaýyşyp, jakgyldap güldi. Onuň gülküsi bütin köşgi  ýaňlandyrdy.
‐‐ Ỳeri, Hajy ýeser! Ỳagdaýlar niçik?
‐‐ Erbet däl Han.
‐‐ Ỳogsa‐da, sen ol saraýdaky ýesirleri gördüňmi?Olar seň ildeşleriň‐ä däldir‐dä ?  
‐‐ Howwa, Han, şolar‐a meniň ildeşlerim.
‐‐  Bilýän  bolsaň,  Hajy  ýeser,  gel  egri  oturup,  dogry  gepleşeli. Bary-bir  sen  näçe  ýeser  bolsaňam,  şu  gezeg‐ä  otulan  bolsaň  gerek. Aýratyn  seň  obaň  ulydan‐kiçe  sürülmeginiň sebäbine gözüň ýetýän gerek.
‐‐ Hawa, düşünýän han, bu wagşylygy sen meni amana getirjek bolup edensiň.   
‐‐ Ony bildiň, sazanda, hany indi amana gelmän‐em bir gör, ildeşleň baryny dara  atyp taşlaýyn.
Hajy sazanda ýüzüni esli aşak salyp durdy.Ahyry ulydan demini alyp gürledi.
‐‐ Bolýa, han, men seň köşgünde üç ýyl sazanda bolup bereýin.
‐‐ Baý‐bow üç ýyldanam bir zat bolarmy?! 
‐‐ Bar bäş ýyl bolsun han.
‐‐ Ỳok, az bolýar, maňa hemişelik gerek.
‐‐ Gel, onda bir zat edeli, bendeleri häziriň özünde boşat, onsoň men saňa ýedi ýyl  hyzmat edeýin. 7 ýyla çenlem bir sazanda şägirt ýetişdirip bereýin.Ine, han, meň  gutarnykly jogabym.
Allaguly  han  esli  salym  duňuz  diňini  salyp  oturdy. Onsoň  başyny  galdyrdy‐da  sypaýy gepledi: 
‐‐  Ynha,  bu  şertiň  bilen  ylalaşýan.7  ýyl  köşkde  sazanda  bolsaň,  şol  möhletiň  içinde‐de, bir şägirt ýetişdirip berseň, maňa bolýar. Şertiň Kabul Hajy sazanda.
***
Bir  gün  Allaguly  han  ir  ikindinler  ,ýaňy  garaňky  gatlaşanda  ukudan  oýandy. Bimahal  ýatyp,  bimahal  turany  üçinemi,  ýa‐da  şeraby  aşa  köp  içeni  üçinmi, garaz hanyň haly teňdi.Ỳüzünden  gar  ýagýardy. Hanyň  keýpini,  onuň  daşyna hozanak bolýardylar.
Öňüne çaý getirildi. Han  “Ỳok ediň“  diýen manyda elini  salgady.Gyzlar  öňünde  oýnap  başlady. Han  birneme imrijek  ýaly  etdi‐de,  olara‐da  “ýok bolsun“  diýip,  elini  salgady. Hyzmatkärler  näme  etjeklerini bilmän elewreşdiler. Allaguly  han,  agzyny ýokaryk tutup yzly‐yzyna pallady. Onsoň hyzmatkärlerine gözüni agdaryp  seretdi‐de,  elini  dutar  kakýan  ýaly  hereketlendirdi.Şo  bada  Hajy  sazanda  häzir  boldy. Sazanda  dutaryny  düzüp,  çalyp  başlady.Kaşaň  köşkde  dutaryň  sesi  has  güýçli ýaňlanyp gümmürdedi. Esli salym çalansoň han elini salgap sazandany saklady:
‐‐ Hany, sazanda, bu çalýan sazlaňy men öňem ýüz gezek eşidim.Täzesini çal, täzesini ! heniz eştmedik sazlamdan, düşündiňmi ?
Sazanda dutaryň gulagyny towlap, has belent heňlere tutdurdy.Han ýene‐de elini  salgady. Dutaryň sesi tapba ýatdy.
‐‐ Hajy ýeser, sen ýesersireme‐de meň diýýän sazymy çal !
‐‐ Syzyň diýýäniňiz haýsy sazdyr hökümdar ?Adyny aýdyň ahyry.
‐‐Ynha men ýaňy ýatyrkam gulagyma bir owaz geldi. Ana, şol owaz iňňän şirin  owaz ekeni. Ana, şony çalyp ber maňa, Hajy ýeser! Düşündiňmi?…
‐‐ O nä owazdyr hökümdarym ? 
Han zöwwe ýerinden galyp heňkirdi:
‐‐ Şony bilmeseň, sendenem bir sazanda bolarmy ?
Hanyň  dikdüşdüligini  edip,  gazaba  münendigini  gören  sazanda  eşidilmedik  owazlary gözläp, gör, nirelere  tutdyryp barýardy. çalyp oturşyna hanyň ýüzüne‐de  göz  aýlaýardy.  Hanyň  ýüzi  käte  ýagtylajak  ýaly  edýärdi‐de,  ýene‐de  öňkidenem beter çytylýardy.
‐‐ Bes et! Jellat.
Eli aýpaltaly, ýüzi gara örtükli iki sany mahluk gelip, hanyň öňünde tukga ýatdy.
‐‐ Hajy ýeseriň kellesini alyň !
Senden sazanda bolmaz ! Barybir möhleti dolansoň gitjekmiş.başga ýerik baryp  bir saz çalmasyn. Kesiň başyny!

Jellatlar  dikelip,  Hajy  sazandanyň  hersi  bir  gapdalyna  geçdi‐de,  aýpaltalaryny  ýokara galdyryp, buýruga garaşdylar.
‐‐ Hajy ýeser, iň soňki sözüňi aýt! Onsoň…
‐‐ Aýtsam, han, bi ýerde, kelle alar ýaly, meň günäm name ? şoni bir ilki aýat… Ỳaňky çalan sazymy sen hiç haçanam eşiden dälsiň. Mende nä günä bar ?
‐‐  Sen  ukuda  ýatyrkam  gulagyma  gelen  owazy  çalyp  bilmediň.  Ine,  seň  günäň,  düşündiňmi?
‐‐ Onda han, gel ikimiz bir zady şertleşeli.
‐‐ Aýt şertiň bolsa tizräk!
‐‐  Aýtsam  han,  sen  maňa  ýekeje  gije  pyruja  ber.Ertesi  seň  diýýän  sazyňy  çalyp  bilmesem, onsoň meniň kellämi alaý. Nähilli görýäň?
‐‐ Bolýa, men saňa ertire çenle möhlet berýärin.
Ana, şol pyruja berlen gije sazanda öz şägirdi bilen bir saz döredipdir. Ol saz hem  pajygaly, hem buýsançly, hem begençli, hem gynançly saz bolupdyr. Ertesi Hajy sazanda Allaguly hana şol sazy çalyp beripdir. Bolsa‐da sazandanyň bir gije‐de döreden täsin sazy hany haýran galdyrýar. Ýöne  Allaguly han namartlyk edipdir.
‐‐  Meň  köşgümden  başga  şular  ýaly  ajaýyp  saz  ýaňlanmasyn—diýip,  Hajy  sazandanyň barmaklaryny kesipdir.
Şondan soňra, Hajy saz çalyp bilmändir.Ỳöne onuň hanyň gazaby astynda döreden  sazyny  şägirdi  ile  ýaýradypdyr.Özem  sazandany  adyna  hem  onuň  maýyllygyna  baglanyşdyryp, ol saza, “ HAJYGOLAK “ diýip at dakypdyr.

Allaberdi DURDYÝEW,
Saz öwreniji.
Gaýtadan düzen: Arne GOLI,
Taryh ylymlarynyň kandidaty.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 61 | Добавил: Gurgencli | Теги: Allaberdi Durdyýew Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Segonn   [Mowzuga geç]
Sondan son cep eli bn calmagy owrenipdir diyp esdipdim ir wagtlar

0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
sad

0
1 Harmandäli01   [Mowzuga geç]
gaty gowy rowayat eken ön esitmandim yöne han gaty namartlapdyr

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: