07:24
Ussadym
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

◼USSADYM
Gönübege bagyşlanan ol mukam

Kel bagşy ýaşka öz döwrüniň uly halypasy AMANGELDI GÖNÜBEGE şägirt bolupdyr. Şonuň üçin ýaş sazanda 7 ýyla golaý Gönübegiň öýünde bolup, saz öwrenipdir. Kel bagşy Gönübegden tälim alyp kämillige ýetensoň öz halypasyna bagyşlap "Ussadym" diýen sazy döredipdir. Kel bagşy özüniň "Ussadym" sazynyň birinji
bölüminde Gönübegiň aýalynyň  ýetişiklidigini, işeňňirdigini, Hyzmatlydygyny teswirläpdir. Şonuň  üçin "Ussadym" diňläniňde maşgalanyň hyzmatyna gaýym Türkmen zenanynyň öýüň ortasynda oturyp mäşirik saraýyşy, her aýagynyň başam  barmagyna bir sallançak bagyny  orap, iki sallançagy bir wagtda  üräp,çagalaryny hüwdüleýşi göz öňüne gelýär. Şonuň üçin sazyň kakuwy hem öwrülip duran sallançagyň gidip‐gelip duran badyna meňzäp dur."Ussadymyň" ortaky bölümi bolsa iki ýana hallan atýan  mäşirigiň pyrlanyp durşy kybapdaş gelýär.Sazyň soňky bölümi hem Gönübegiň alaşysyny ýorgaladyp
barşyny göz öňüne getirýär.
"Ussadym" sazy hakda bir kiçijik hekaýam bar.
Bir gün Gönübek halypa şägirdi  Allaberdini ýanyna çagyrdy‐da, oňa  Yzganda gidip agşama çenli kakasyny alyp gelmegi tabşyrdy.
Allaberdi agşamara kakasyny alyp gelende öýde Gönübek halypadan başga‐da üç‐ dört sany ak sakgal ýaşuly  otyrdy. Salam helikden oň Gönübek  halypa
myhmanlaryna ýüzlendi:
— Adamlar ynha, şu ýigid-ä meniň şägirdim bolmaly.Ilki gelende oglanjykdy, indi  ýigit çykdy, bu zaňňaryň ady Allaberdi. Men‐ä muňa "Kel Han" diýýän. sebäbi meniň ençe ýyllap ony eýt, muny beýt, diýen iňirdilerim munuň saçyny düşüripdir. Ynha, bu gyrçuw sakgalam  onuň kakasy Aýdogdy ýuwaş. Gaýraky  Yzgantdan
gelendir. Oturymy şu  ýerde. Siz maňa "Şu gün‐ä Gönebek bize uly  höwes bilen
saz çalyp berer“ diýip, oturansyňyz…
Atabakar aga ýaşulylara seredip aýtdy:
‐‐Hawa, biz‐ä şeýle bolar, diýip, gulak gabardyp oturandyrys.
—Ỳok, beýle däl, adamlar. Men dutary elime–de aljak däl. Bu gün meniň şägirdim, köp ýyllap çir‐çitir bolup saz öwrenen kel hany  synagdan geçirmeli. Munuň
kakasynam şonuň üçin çagyrdyk. Eger siziň synagyňyzdan gowy geçip bilse, men muňa edil häzir pata berjek. Terde sakgalyny ýere ýetiräýjek bolup, egilip oturan Atabakar aga biraz dikelip gepledi:
— Baý-bow, Göni, bizi sen bu  gün beýle iş üçin çagyran ekeniň–ow.
Beýleki ýaşulylaram gozganyşdylar. Gönübek sözüni dowam etdi:
‐‐ Adamlar, Yzgantly sakgaldaşym  Aýdogdy ýuwaşyň ogly Allaberdi meniň ýanymda ençe ýyllap saz öwrendi. Menem bilenimi öwretdim. Indi muňa öwredip
biljek zadym ýok. Tüweleme, indi bu menden ozdurdy. Bolmalysam şeýle–dä adamlar.
Ỳaşulylar gök çaýdan nepeslerini  durlansoň  Gönübek  halypa  dutary  şägirdine uzatdy:
‐‐ Hany, Kel han, ýasulylara "Bolmuşamy" çalyp ber.
Şonda şägirt "bolmaşam" sazy çalyp berdi.
‐‐ Heý tüweleme, senä Gönübegiň  özüçeräk çalaýdyň muny– diýip,  Kerwen aga saz gutaryp‐gutarmanka dillendi.
‐‐Gümansyratmagyn Kerwen, özçüräk däl‐de, özüçe…has dogrusy, gowrak çaldy diýsene–Diýip, Gönübek dikeldi.
‐‐Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter ahwetin. Hany Kel han "Şadillini" bir
çalyp ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň kirşini gatyrakçekip, "Şadillini" çaldy.
‐‐Adamlar, heý kemi barmy? "Ybraýym  şadillini" özümem ýaňky ýaly çalyp bilerin öýdemok. Jahyl oglanda, edil omrup barýar-how — diýip, Gönübek halypa soňky  sözüni  aýtdy— Makul bilseň men‐ä Allaberdi  Aýdogdy ogluna pata beräýjek.
‐‐ Anha ogul, synagdana geçdiň, ak pata aldyň. Indi bize bir salym hezil ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň sapyny sypap  güýmendi. Oglunyň hüý‐häsiýetine  belet
Aýdogdy aga onuň bir zat diýjek bolýandygyny aňyp "Näme diýjek bolýaň? çekine-de aýdyber" diýdi.Allaberdi ýere bakyp zordan gepledi "Aý, Gönübek halypama bagyşlap bir heňjagaz taslapdym. Şony entek hiç kime‐de
eşitdiremokdym. diňe daga gidemde öz‐özüme çalyp berýärdim. Häzir şony çalyp beräýsem diýjek bolýan"
.
Şägirdiniň bu sözüni eşdip  Gönebek halypa ýassygy tirsekläp  ýatan ýerinden derrew dikeldi. Özi hakdaky täze sazy eştmäge howlukdy. Gönübek halypa bagyşlanan sazy eştmäge hemmelerem howlugan bolara çemli, ýerli‐ýerden seslendiler:
‐‐Bäh,sen‐ä tüýs şägirt ekeniň-ow.
‐‐ Ussat hakda saz düzdüm diýsene.
‐‐ Hany,Göni, diňle bakaly öz heňiňi.
‐‐ Hany, çal, ogul, ol niçik heňka?
Şonda Allaberdi bir saz çaldy. Ony  biz günde‐günaşa radioda "Ussadym" diýip diňleýäris. Saz gutaran badyna Gönübek halypa şägirdiniň arkasyna kakdy.
‐‐ Berekella, senden tama‐da şeýledi.
‐‐ Gönübek, heý armanyň galdymy? ýaňky sazyň bir ýerinde dogurdanam seniň al-ýorgaňy säpjedip barşyň ýadyňa düşýär.
‐‐ Hany, onda ogul halypaň Gönübege  bagyşlan sazyňy ýene bir gezek  çalyp ber bakaly. "Ussadymyň" saldamly kakuwlary ýaşulylaryň gowruny ýatyrdy. Olar ýuwaşjadan sakgallaryny gymyldadyp, saz ummanyna çümüp gitdiler.

Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 44 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
Ýalñyşmasam "Ybraýym Şadilli" bolmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: