23:13
"Mamma... Li Turçi..."
“MAMMA… LI TURCHI…”

Italiýada ýaşaýan bir tanşym birnäçe ýyldan soñ dogduk depesine dolandy.
Koronawirus ýokanjy Italiýany aldym-berdime salansoñ, howatyrlanyp Türkiýä dolanypdyr. Men oña “Korona Türkiýänem agdar-düñder etdi” diýdim. Tanşym:
- Italiýa has erbet” diýdi. - Ölsemem öz ýurdumda öleýin!
Orhan Kerim Janer gürrüñleşip durkak uzak wagtlap Demirgazyk Italiýadaky bir türk obasynda ýaşandygyny aýtdy.
- Türk obasy diýýäñmi? Italiýada-da türk obasy barmy?
Ol:
- Bileñokmy näme? - diýdi we uzyn-uzyn gürrüñ berdi.
Men size bugün şol tanşymdan eşdenlerimi aýdyp bermekçi:

★★★

Italiýada “Mamma Li Turchi….” (Ejeee… Türkler gelýär!) sözi diýseñ meşhurdyr.
Mundan 500 ýyl öñ türk deñiz garakçylarynyñ iñ köp barýan ýeri Sisiliý adasy we Italiýanyñ kenarýaka zolaklarydy.
Türk garakçylary kenarýaka obalaryna we şäherçelerine ýygy-ýygydan çozýandygy üçin halk köpçüligi gorkunjyna “Mamma… Li Turchi…” (Ejeee… Türkler…) diýip bagyryşyp gaçýan ekenler.
Bu söz eýýäm ýüzlerçe ýyl bäri Italiýada ulanylyp gelinýär.
Ata-babalarymyz Italiýada gorky bilen birlikde bir “nesil” hem miras galdyrypdyr…
Şol nesil häzir “Türk” familiýasyny göterýär, ýöne özlerini italýan saýýarlar. Bularyñ köpüsiniñ ady Turk, Turko, Turçi, Turçini, Turçiarelli we ş.m.
Italiýada diñe telefon sprawoçniklerine seretseñizem müñlerçe Türk adyna gabat gelersiñiz.
Italiýa demirgazykdan giren türk basmaçylarynyñ (akynjylarynyñ) we günortadan giren türk garakçylarynyñ miras galdyran nesli şindi özlerini italýan sanýar, ýöne şonda-da Türk atlaryny üýtgedenoklar.

★★★
Aradan yüzlerçe ýyl geçdi.
Biziñ günlerimizde Rimden 600 km demirgazykda, Şweýsariýanyñ we Awstriýanyñ ýerleşýän daglyk sebtiniñ başlangyjynda, Italiýanyñ çäklerinde Moena şäherçesi ýerleşýär.
Ilkibaşda bir oba bolan we soñ-soñlar ýeri giñän bu şäherçäniñ “Strada de Turchia” (Türkiýe köçesi) köçesiniñ ugrunda “Al Turco” ady berilen osmanly esgeriniñ heýkeli bar.
Şäherçäniñ gurply adamlaryndan Angelo Turko oturýan býurosyna italýan baýdagynyñ deregine türk baýdagyny asýar.
“Moena şäherçesiniñ türklere näme dahyly bar?” diýýärsiñizmi?
Geliñ, onda, taryhyñ ýumagyny 337 ýyl yza saralyñ...

★★★

1683-nji ýyldaky Ikinji Wena yza tesmesinden soñ daga çekilen ýanyçarlaryñ arasynda bir osmanly esgeri ýoldaşlaryndan aýra düşüp, daglaryñ arasynda birnäçe günläp ýoluny gözleýär we ahyrynda deñiz derejesinden 1200 metr belentlikdäki Moena obasyna sygynýar.
Sowukdan üşäp, iñ soñky deminde ýatan esgeri awstriýaly bir daýhan halas edýär.
Sagalşan türk (käbir çeşmelere görä Balaban, käbirlerine görä Hasan) gelejekde awstriýaly daýhanyñ gyzy bilen halaşýar we bir çagasy bolýar. Iki ýaş juwan goş birikdirýär.
Oba ýerleşip, italýan we nemes dillerini öwrenen türk esgeri wagtyñ geçmegi bilen obanyñ kethudasy bolýar.
Balaban akylly we bilegi güýçli ýaş ýigit bolupdyr. Ol oba türk eserlerini, heýkellerini ýerleşdirip, daş-töweregiñ ünsüni çekipdir.
Italýan-awstriýa gatyşykly daýhanlar türk usulynda ýaşamaga başlaýarlar we muña werziş edýärler.
Her ýyl karnawal geçirilende türk däplerinde we eşiklerinde meýdana çykýan adamlar bilen golaýdaky obalaram gyzyklanyp başlaýarlar.
Obanyñ iñ ýaşulysyna “İl Turko” ünwany berilýär. Toý-dabaralar häzirem türk eşiklerinde edilýär.

★★★

Ilaty ortaça 5.000 töweregi bolan türk obasynyñ (soñ şäherçe bolan) ilaty gyşda (sportuñ gyşky görnüşleri sebäpli 50-55 müñe çenli artýar.
Moenalylar Stambulu-da, Türkiýäni-de bilenoklar.
Bularyñ türk baýdagyny götermeleri, türk eşiklerinde gezmeleri her ýerde haýran galma duýgusyny döredýär.
Asly osmanly ýanyçary bolan lideriñ osmanly urp-adatlaryny bu şäherçä ornaşdyrandygy görnüp dur.
Ýanyçar Balabanyñ (ýa-da Hasanyñ) şol döwürde türk ulusynyñ dünýäde iñ ösen derejesini bilmek bilen “Mamma… Li Turchi…” diýmeýän we siwilizasiýalaşan durmuşy bilen haýran galdyran bir jemagat döredendigi belli.

★★★

Az wagt öñ ýitiren belli taryhçymyz bar. Ýakyndan tanaýan we geçen ýyllarda "Yeni Sabah" gazetinde meniñ bilen üç ýyl bile işleşen taryhçy Orhan Kologly şeýle diýýärdi:
- Italiýanyñ paýtagty Rimiñ "Via Aurelia" atly esasy köçesiniñ ugrunda ullakan mebel dükany bar. Bu dükanyñ eýesiniñ ady Turko. Işewüriñ aýaly Sinýorina Sofiýa familiýalarynyñ nämüçin Turkodygyny şeýle gürrüñ berdi:
" - Menem, ärimem Lo Turkolardan. Aslyna seredende 30-35 müñ ilatly Gela şäherçesiniñ dörtden biri şu maşgaladan gelip çykan.
Gela şäherçesi Sisiliýa adasynda ýerleşýär we biziñ añrymyz türk garakçylaryna baryp direýär.
Gela şäherçesinde häzirem türk garakçylarynyñ döwründen galan ýerasty geçelge we bir gala bar."

Rimiñ telefon sprawoçnigine seredenimde familiýasy Turko, del Turku, Lo Turlo, Turçetti we ş.m. atlar bolan ýüzlerçe at gördüm.
Italiýada müñlerçe türk kökenli italýan bar.
Italiýanyñ Sosialist hereketiniñ liderlerinden Luigi Turçi-de familiýasyndan görnüşi ýaly ýa türk garakçylarynyñ ýa-da türk basmaçylarynyñ neslinden gelýär.
Terrorçylar tarapyndan gaçyrylyp öldürilen Italiýanyñ öñki premýer-ministri Aldo Moronyñam aslynyñ türkdügi aýdylýar.
Görşüñiz ýaly, ata-babalarymyz Italiýada diñe atlaryny däl, yzlarynda döllerini-de goýup gaýdypdyrlar.”

Aldanan aýalyñ ar alşy!

Adamsy täze ýogalan jöhit aýal gazetlere bildiriş berenmiş:
“10 müñ lira lýuks awtoulag. Kim birinji gelse, şolam alar.”
Dañ atyp-atmanka iki sany ýaş ýigit gelip gapyny kakanmyş we nagt 10 müñ lirany berip, 500 müñ liralyk awtoulagy alyp gidenmişler.
Aýaldan awtoulagy nämüçin arzan satandygyny soranlarynda, ol şeýle diýenmiş:
- Ärim wesýet edipdi. Maña äht etdirdi. Menem onuñ isleýşi ýaly äht etdim, söz berdim. Ol ýogalansoñ awtoulagyny satyp, puluny-da oýnaşyna bermelidim. Menem özümçe oýun oýnadym-da, ärimden üstüme oýnaş bilen gezmäniñ aryny aldym. Şeýdip içim sowatdym!
Iki gün geçensoñ, awtulagy satyn alan ýañky ýaş ýigitler jañ edenmiş:
- Biz kim, bilýäñmi?
- Kim?
- Ölen äriñ oýnaşynyñ doganlary!

GÜNÜÑ SÖZI

Saraý maña… Atylan çaý saña… Uçar maña… “Askıda çörek” saña!

Rahmi TURAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.11.2020 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 60 | Добавил: Gökböri | Теги: Rahmi Turan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Gurgencli   [Mowzuga geç]

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Enesi ýalamadyk italýanlaryñ üçden biri ýegenoglan eken-ä.. wacko

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
* Lo Turlo - Lo Turko

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
* "Asgyçdaky çörek" saña - bolmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: