20:23
Dünýäni heýjana salan waksina!..
DÜNÝÄNI HEÝJANA SALAN WAKSINA!..

Iki türk alymy - medisina ylymlarynyñ doktory Özlem Türeji we medisina ylymlarynyñ doktory professor Ugur Şahin bütin dünýäde uly umyt bilen garaşylýan şatlykly habary berip, adamlary kowid-19-dan goramaga ukyply waksinany taýýarlandyklaryny mälim etdiler.
Olar özleriniñ "BioNTech" hususy şereketinde taýýarlanan we synag tejribelerinde 90% netijeli waksina bilen adamzadyñ we ylmyñ taryhyna häzirden atlaryny ýazdyrdylar.
Bu aýratynam türkler üçin-de çäksiz buýsanç çeşmesi boldy.
"Pfizer" halkara derman önümçilik kärhanasy bilen bilelikde öndürilen waksinanyñ şu aýyñ içinde rugsatnama almagyna we Germaniýa bilen Angliýada dekabr aýyndan başlap dolanşyga girizilmegine garaşylýar. Angliýa hepdede bir million raýatyny, kyrk hepdäniñ dowamynda bütin ilatyny waksinasiýa geçirmegi meýilleşdirýär.
Iki ýurtda-da waksinanyñ talap edýän taýýarlyk işlerine başlandy diýen ýaly.
Çünki arasyna üç hepde salnyp iki gezek sanjymy uruljak waksinanyñ satyn alynyş we getiriliş wagtynda -79° gradusda saklanmagy gerek. Munuñ üçin şäherlerde ýörite waksinasiýa merkezleri gurulýar.
“Ýörite” diýýärin, sebäbi ABŞ-da koronawirus ýygymlarynyñ toplanýan Jop Hopkins uniwersitetiniñ Saglyk howpsuzlygy merkeziniñ ýolbaşçylaryndan Ames Adalja sowuk zynjyr sistemasynyñ üpjün edilmeginiñ waksinany daşama işinde iñ kyn etapdygyny aýdýar.
Dünýäniñ meşhur "Mayo Clinic" hassahanasynyñ ýolbaşçylary bolsa hassahanalarda heniz waksinany saklar ýaly şertleriñ ýokdugyny aýdýarlar.
Türkiýä, iki türküñ bütin dünýäde uly joşgun döreden üstünligine we waksina nähili garalşy barada aýdylanda:
Germaniýada we Angliýada barha ýygjamlaşýan taýýarlyk işlerine meñzeş işleriñ başlamagy beýlede dursun, professor Ugur Şahiniñ çykyşyndan soñ, saglygy goraýyş ministrligimiziñ onuñ bilen gepleşik geçirjegem bolmandygy belli bolýar!
Ugur Şahin 9-njy noýabrdaky çykyşynda "Türkiýe üçinem saglygy goraýyş ministrligi bilen gepleşik geçirmeli bolar. Ylalaşyk baglaşylan ýagdaýynda ýanwar-fewral-mart aýlarynda waksina kapsulasyny getirme mümkinçiligi dörär. Saglygy goraýyş ministrligi näçe kapsula gerekdigini aýtsa, Türkiýe üçinem gerekli waksinany bermek isleýäris" diýdi.
Wagtynda gerekli meýillnamalaýyn işler edilmändigi üçin dümewiñ waksinasyny ýeterlik mukdarda getirdip bilmeýän saglygy goraýyş ministrliginiñ birnäçe ýurduñ satyn almak üçin ýaryşýan kowid-19 waksinasy üçin Özlem Türeji we Ugur Şahin bilen henizem ylalaşyk baglaşmandyklaryna gaty bir geñirgenibem duramok.
Çünki waka we hassa sanyny az görkezjek bolup alnyp barylan ýadawsyz tagalladan ýaña muña wagt tapan däldirler!..

P.S. Ýazgymy gazetiñ redaksiýasyna ugradanymdan soñ saglygy goraýyş ministri professor Fahretdin Koja waksinany taýýarlan professor Ugur Şahin bilen telefon arkaly habarlaşandygyny mälim etdi.

Ugur DÜNDAR.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.11.2020 ý.
Категория: Medisina | Просмотров: 50 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Dündar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: