20:25
Şan-şöhratly Hunlar / Türkmenler
ŞAN-ŞÖHRATLY HUNLAR

TÜRKMENLER
«Owşar türkmenleriniň taryhy»(2008) kitabynyň türk ýazyjysy Adnan Menderes Kaýa özüniň taryhy çeşmelere salgylanan işinde «Türkmen» ady hakynda gyzykly hem gerekli örän möhüm ýazgylary galdyrypdyr. Taryhy çeşme «Türk adynyň hakyky eýesi Türkmenlerdir» diýip tassyklaýar[1]. Töwradyň Ýunança (grek) terjime edilen Septuagenta (Ýetmişler) nusgasynda ady agzalan Togarmalar (Torglar), demirgazykdan gelen haýsydyr bir kowum hakynda ýatlanypdyr. Ilkinji Yslam hadyslaryny rowaýat eden Wehb bin Münebbih: «Türküstanda Zülkarneýniň ýörüşlerinde gabat gelen Torgumanlylar» hakynda aýdypdyr. El-Beýruni Türkmen sözi hakynda: «Oguzlar bu ady Türgüman şeklinde aýdandyklaryny» ýatlapdyr[2]. Mahmyt Kaşgary bolsa Zülkarneýin Türküstana eden ýörüşi wagtlarynda 24 Oguz taýpasynyň Türkmen adyny alandyklary hakynda hekaýat ýazypdyr[3]. Miladydan öňki VI asyrda (m.ö. 525- m.ö. 522 ý.ý.) Müsüre gelen Ahamenit goşunlarynyň arasynda Horezm goşun birlikleriniň arasynda Darkmanlaryň (türkmenler) bardygyny Elefantide (Müsür) tapylan papirusda ýazga geçirlen eken. Bulardan başga-da Günbatar Hun eýýamynda Miladydan öňki V asyrda Aral deňziniň kenarýakasynda ornaşan ýurdyň ady we ol ýerdäki milletiň ady Çyn-maçyn (Hytaý) çeşmelerinde «Tü-kü- mön» diýlipdir[4]. Aýratynam Milady senesiniň 286-330-njy ýyllardaky bolan taryhy wakalary ýazan Rimli Agathangelos, soňra 925-nji ýylda ölen Katolik Ohannes VI çenli bütin iýeroglif basmaçylary häzirki Ermenistan ýurduny we onuň töwereklerini Torkomýan ili we halkyny hem Torkomýan, Aşkenaz asylly bolandyklary hakynda ýatlap geçipdirler[5]. Yslam eýýamynda ilat sanlaryny az bolan Türkmenlerden diňe Mukaddesi ýatlap geçipdir. Isfijap bilen Balasagun arasynda ýaşandyklaryny, hökümdarynyň hem Ordu şäherinde oturandygyny we gorkularyndan ýaňa Musulman bolandygyny ýazypdyr.
Türkmenler musulmanlygy kabul eden ilkinji Türki taýpasydyr. Yslamyýet Orta Aziýada ýaýylyp başlanda Oguzlardan käbir bölümler X asyryň ilkinji ýarymynda musulmanlygy kabul etmäge başlapdyr. Şol asyryň ahyrlarynda bolsa köpçülik yslam dinine giripdir. Oguzlardan Yslam dinini kabul edenlere Yslamy bolmadyk Oguzlardan aýyrmak üçin Mawera musulmanlary tarapyndan Türkmen diýýär ekenler. Türkmenler Yslam din musulmanlygyny ilkinji kabul Türki taýpasy bolandyklary üçin Türkmen ady musulman görnüşinde (Türk iman-iman eden türk) hem atlandyrlypdyr. Şeýdip Oguzlardan Musulman bolanlara Türkmen diýilmäge başlandy. Oguzlar bolsa özlerine «Türkmen» diýip atlandyrmandyrlar. XIII asyryň başlarynda bolsa Türkmen ady her ýerde Oguz adynyň ýerini alypdyr[6].

Salgylanma:
[1] Sümer. ady geçen eserde s. 39.
[2] Z. W. Togan. Umumy Türk taryhyna giriş. Enderun, Stambul. 1971. s.
[3] Sümeriň ady agzalan eserinde s. 39.
[4] Togan «Saklar» BTTD s. 23. s. 30-31. Çynmaçynça (hytaý) «R» sesi ýok. Şol sebäpli bu söz «Türkümön» diýlip aýdylýar.
[5] F. Kırzıoğlu «Dede Korkut Oğuz-Nameler, coğrafyası ve düşünceler» I. Türkolog kongresi, Stambul 1980. s. 289-91.
[6] Faruk Sümer, Oguzlar TDAW. Stambul 1992. s. 59-60. Osman Turan, Selçuklular Zamanında Türkiye. Boğaziçi. Stambul. 1993, s.9.

Aşgabat 一 2015 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 26 | Добавил: Dunya | Теги: Şamuhammet Suwtyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: