12:21
Amerikanyñ ýigrimi gün öñ kesgitlän çaknyşyk sebitlerinde Eýran detaly
AMERIKANYÑ ÝIGRIMI GÜÑ ÖÑ KESGITLÄN ÇAKNYŞYK SEBITLERINDE EÝRAN DETALY

✔ Amerikanyñ daşary syýasatyny şekillendirýän CFR 2019-njy ýylyñ 18-nji dekabrynda pikir soralşyk geçirdi.
✔ Hünärmenlerden "2020-nji ýylda çaknyşyk nokatlary haýsy ýurtlar bolar?" diýip soraldy.
✔ Eýran bilen çaknyşyklaryñ boljagy çaklandy!


Ýagny... ABŞ taýýarlygyny görüpdi.
Ilki gysgaça beýan...
2019-njy ýylyñ 27-nji dekabrynda Eýran ABŞ-nyñ harby bazasyna hüjüm etdi. Goşunyñ peýdasyna işleýän bir amerikaly wepat boldy. ABŞ muña jogap edip Eýranyñ Yrakdaky we Siriýadaky nokatlaryny urdy hem-de "Hizbullahyñ" brigadalaryna hüjüm etdi. Soñra...
ABŞ-nyñ Bagdatdaky ilçihanasy eýran tarapdarlary tarapyndan çozuşa uçrady...
We... 3-nji ýanwarda Eýranyñ iñ görnükli serkerdesi Kasym Süleýmanynyñ janyna kast edildi... Düýn... Eýran ABŞ-nyñ iki harby bazasyna hüjüm etdi…
"Alynyñ ala meýdanynda" bolup geçýänler şular...
Eýse, tegelek stollaryñ başynda nämeler bar?
Ýigrimi gün öñ... 2019-njy ýylyñ 18-nji dekabrynda ABŞ-nyñ daşarky syýasatyny kesgitleýän "düşünje guramasy" Council on Foreign Relations - CFR (Daşarky gatnaşyklar geñeşi) 2020-nji ýylda bolup biläýjek çaknyşyklar boýunça hünärmenlerden maglumat aldy. Olar munuñ üstünde 2008-nji ýyldan bäri işläp gelýärler!
Daşarky gatnaşyklary utgaşdyryjy hereket merkezi (EBM) daşary syýasat boýunça hünärmenlerden gelejek ýyl bolup biläýjek we ABŞ-na edäýjek täsirlerini seljerip biljek çaknyşyklary klassifikasiýalaşdyrmagy towakga etdi.
EBM-niñ direktory Pol Staresiñ we agza general Jon Uilýam Wessiniñ ýolbaşçylyk edýän hünärmenler topary "2020-nji ýyl üçin gaýragoýulmasyz öñüni alyş işleri pikir soralşygyny" geçirdi.
Yragyñ paýtagty Bagdatda ABŞ-nyñ ilçihanasy basylyp alnypdy.

ANKETADA TÜRKIÝE HEM BAR

Pikir soralşykda otuz çaknyşykdan ikisiniñ bolup geçme ähtimallygynyñ juda pesdigi nygtaldy.
We gelýäris ABŞ-nyñ turuwbaşdan 13 çaknyşykdan ähtimallyk berýänlerinden üçünjisine...
Hünärmenler “Eýran we ABŞ ýa-da onuñ ýaranlarynyñ arasynda ýaragly çaknyşyga” garaşýandygyny aýtdylar! Anketada şuña-da ünsi çekildi:

“Yrak'da barha artýan syýasy durnuksyzlyk, aşakky gatlaklaryñ arasyndaky mezhepçi agzalalyklar we ýaramazlaşýan ykdysady şertler bilen hasam erbetleşdi!”

Beýleki çaknyşyljak ugurlaram şular ýaly:

“ABŞ-na garşy kiber hüjüm... Ýadro ýaraglardan el çekme baradaky gepleşikleriñ we täzelenen uzak aralykly dikuçarlaryñ synagynyñ çöküşiniñ yzysüre Koreý ýarymadasynda bolup geçen düýpli krizis...
Hytaýyñ, Bruneýanyñ, Indoneziýanyñ, Malaýziýanyñ, Filippinleriñ, Taýwanyñ we Wýetnamyñ arasynda Günorta Hytaý deñzindäki jedelli deñiz zolaklarynyñ üstünde turjak ýaragly çaknyşyklar…”


CFR-niñ anketasyna görä "bolma ähtimallygy has ýokary" çaknyşyklara-da ünsi çekildi!.. Meselem... “Türkiýe bilen Türkiýedäki ýa-da Siriýadaky kürt ýaragly toparlarynyñ arasyndaky gapma-garşylyklaryñ artmagy...”
Ýagny... PKK we ÝPG terrorçylykly guramalar bilen 2020-nji ýylda çaknyşyklaryñ hasam artmagyna garaşylýar!
Dowam edeliñ...
ABŞ-nyñ Goranmak ministri Donald Ramsfeldiñ "Gizlin Pentagon" beýannamasynda nämeler bardy?
Buş, Tramp, Obama... Kim kürsä geçse geçsin, tapawudy ýok...
Üýtgeýän zat ýok! 19 ýyl öñem ABŞ-ny şu topar dolandyrýardy:
Prezident Jorj W.Buş, Prezidentiñ kömekçisi Dik Çeýni we Goranmak ministri Donald Ramsfeld...

■ BUŞ DOKTRINASY TÄZEDEN[/b]

Dünýä 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda ABŞ-da bolup geçen "Ekizekler" binasyna edilen hüjümden soñ "Buş doktrinasy" diýilýän düşünje bilen tanyşdy. ABŞ-nyñ Prezidenti J.Buş 2002-nji ýylyñ 21-nji martynda "Taryh bizi mukaddes wezipä çagyrýar. Biz dünýäni has parahat we erkin mekana öwürmek üçin dörän pursaty gaçyrmaly däldiris" diýdi.
Şeýle-de, Buş "Amerika satyn almalara boýun egmejek we gerdenine ýüklenen ahlak borçlarynyñ ugry bilen dolandyrylýan ylahy döwletdir" diýip çykyş etdi!
Doktrina-da şuña görä şekillenipdi: "Öñüni alyjy zarba, öñüni alyş urşy"... Ýagny... haýsydyr bir operasiýa amala aşmanka, şol operasiýany amala aşyrjak bolýan ýurduñ howp salma mümkinçiligi artmazdan howpuñ düýp çeşmesine gönükdirilen öñüni alyş hüjümi.

SYÝASAT AGDARLYŞYGY...

ABŞ 2002-nji ýylda täze "Döwlet strategiýasynyñ maglumatnamasyny" kabul etdi we 49 sahypalyk maglumatnamada şu jümleler geçdi: “Köpçülikleýin gyryjy ýaraglary ulanyp ediljek bir hüjümiñ diýseñ ýykgynçylykly bolma ähtimallygy üstümize abanyp durka, biz elimizi-aýagymyzy gowşuryp garaşyp biljek däl."
Otstawkadaky general we NATO-nyñ baş komanduýuşisi Uesli Kenn Klark 2007-nji ýylda San-Fransiskoda bir forumda çykyş etdi. Ol nutugynda Çeýniniñ we Ramsfeldiñ "syýasat agdarlyşygyny" edendiklerini aýtdy. Men muny öñem ýazypdym.
Ýadyñyza salaýyn...
Frederik Uulýam Engdalyñ "Sumat bolan gegemoniýa" kitabyndan okalyñ:

“…Uesli Klark toslama "Arap baharyndan" on ýyl öñ 2011-nji ýylyñ sentýabrynda özüne Goranmak ministri Donald Ramsfeldiñ galamyndan çykan gizlin Pentagon hat alyşmasynyñ ugradylandygyny aýtdy…
Ýazgyda Klark (bäş ýylyñ içinde ýedi ýurduñ hökümetine hüjüm edip, ýoguna ýanarys. Bu hereketimize Yrakdan başlap, Siriýa, Liwan, Liwiýa, Somali, Sudan we Eýran bilen dowam ederis diýilýärdi) diýip mälim etdi. 2001-nji ýylyñ sentýabrynda Pentagonyñ gizlin meýilnamasy şular ýalydy.”

Bülent Ejewiti häkimiýetden kim düşürdi?

Hernä "Hürriyet" gazetiniñ žurnalisti Sedat Ergin iki gün öñ maña bir gowy fakty ýatladaýdy. Şol wagtyñ premýer-ministri 2002-nji ýylyñ 16-njy ýanwarynda Waşingtonda Prezident J.Buş bilen duşuşandan soñ "Milliyet" gazetiniñ žurnalistleri Derýa Sazak we Fikret Bila dagylara şeýle diýipdi:

“Biz bolalyñ ýa-da bolmalyñ, tapawudy ýok, Yraga garşy gurnaljak operasiýanyñ hemmelerden beter bize ýaramaz täsir etjekdigini aýtdym. Munuñ sebitde durnuksyzlyk döretjegini, netijede öñüni alyp bolmajak heläkçilige iterip biljekdini ýañzytdym. Elbetde, meniñ derdim Saddam däl, men muny Yragyñ çäk bitewiligini göz öñüne tutup aýtdym…”

Bülent Ejewit Yragyñ okkupirlenmegine garşy çykypdy.
Dört aýdan soñ näme boldy? Ejewit 2002-nji ýylyñ 4-nji maýynda ýarawsyzlyk tapynyp, "Başkent" uniwersitetiniñ Ankara hassahanasyna ýerleşdirildi. Ejewit tegelek elli sekiz günläp hassahanada ýatmaly boldy. Bejergi döwri saglyk ýagdaýy gowulaşmagyñ deregne, barha ýaramazlaşansoñ, hassahanadan çykarlyp öýüne getirildi. Gysga wagtda sagaldy. Ejewitiñ ýaraman ýaran wagtynda hökümete gönükdirilen çekişmeler we möhletinden öñki saýlaw talaplary syýasy ünsüñ merkezine oturdy. Ejewit wezipesine dowam edensoñ, premýer-ministriñ kömekçisi Hüsametdin Özkan 2002-nji ýylyñ 8-nji iýunynda öz islegi bilen wezipesinden el çekdi we partiýanyñ hataryndan çykdy. Partiýa ikä bölündi.
2002-nji ýylyñ 3-nji noýabrynda referendum geçirildi!
AKP bir başyna häkimiýete geldi we Mejlisde oppozision kürsüde diñe JHP bardy!
Sorag şu:
Bülent Ejewiti häkimiýetden kim düşürdi?

Aýtunç ERKIN.

"SÖZCÜ" gazeti, 09.01.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 44 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýtunç Erkin | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: