20:07
Şadilli mukamy
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

◼ŞADILLI MUKAMY

1860nji ýylda Ahalyň hany Nurberdi hanyň  häkimligi ýokary göterilýär. Häli‐şyndy çozup, talap  duran alamançylaryň aýagy kesilýär. Çünki Türkmeni talamak üçin uly güýç bilen gelmeseň, indi  ol ýüz atla, iki ýüz atla eýgertjek däldi. Şonuň üçin bolsa gerek, Eýranyň Bejnurt hanlygynyň häkimi Ybraýym han hem Nurberdi han bilen birek‐biregiň üstüne dökülmezlik, birek‐ biregi talamazlyk dogursunda ylalaşyga gelýärler. Bu syýasy waka, goňşy ýaşaýan iki halkyň,  ýagny Eýranyň Şadilli taýpasy bilen Türkmeniň Ahal ilatynyň arasyndaky parahatlyga güwä  geçýärdi. Köpetdagyň güneş tarapynda ýaşaýan Şadilliler bilen Köpetdagyň kölege  tarapynda ýaşaýan Türkmenleriň arasynda indi öňki ýaly häli–şyndy çakynyşyk bolup durmaýardy. Şonuň üçin il içine asudalyk aralaşdy. Emma welin, özüne göwni ýetýän Dykma  serdar bir gün öz ýigitlerini daşyna ýygnap, olara şeýle diýýär:
— Ýigitler, Nurberdi han bilen Ybraýym han şertnama baglaşypdyr. Ỳöne biz şonda‐da Nurberdi  gyzyldan gizlin alamançylyga gitmeli bolýarys. Ynha, dänimim, öňümiz gyş. Gyş güni hurşlyk mal, palowa atar ýaly kişmiş, hurma ýaly zatlar edinmeli. Busup ýatsaň zat  bolmaz. Şertanama baglanyşsa Nurberdi han baglaşypdyr. Biz baglaşamyzok.
Ynha, şol maslahatdan soňra Dykma serdar atlylary bilen Eýranyň Bejnurt hanlygynyň çetki  obalarynyň biriniň üstüne dökülýär. Emma Dykma özüniň 10‐12 nökeri bilen ýesir  düşýär. Ybraýym han Dykma serdar dagyny zyndana taşlaýar. Köp wagtlap olaryň  yzyndan baran adam bolmandyr. Çünki, öň öz aralarynda  şertnama Nurberdi han Ybraýym hana hiç hilli sala salmaýa. Özüniň äsgermänligi  üçin Dykma serdara käýinýär. Ahyry Nurberdi han Şükür bagşynyň ýanyna baryp şeýle diýýär:
‐‐ Bagşy, bolmasyz bir iş bolupdyr.Ötki, Dykma serdar kakabaşlyk edip alamana  gidipdir. Üstesine‐de ýesir düşüpdir.Meň‐ä ýüzüm ýok  töwella gitmäge.sebäp öň  barmak  basyp  şertnama  baglaşypdyk,  Ybraýym  han  bilen  indi  men  nädip  oň  gözüne  görneýin.Ol  maňa  :  “ heý,  keçe  telpek  Türkmen,  sizde  hey  ykrar  bolmazmy? düýn dälmidi birek  – biregiň üstüne dökülmeli däl diýip, şertnama  baglaşanmyz. hany  o  şertiň  nire  gitdi?“  diýer.  Şeýdibem  üstümden  güler. Şoň üçinem  men‐ä  hanyň  gözüne  görünmäge  utanýan,  nä ýüzüme baraýyn.Gepiň küle ýeri, name diýsene, Şükür bagşy, men senden towkga edýän,Bejnurda  sen  töwella  gidäy.Ỳogsa‐da  sen  öňem  käte  Ybraýym  hana  saz  çalyp  berip  gaýdýarsyň  ahyryn. Geçen  ýaz  Bagdat  gyzyna  öylenen‐de,  seni  toýuna çagyrypdy.Seň  ýüzüňden  geçip  bilmez.Howa  Dykmany  şeýdip  boşadaly.Ỳogsam  zeýili zyndanda gözüni garaldyp oturandyr o peläket.Gaýrat et‐de,olary boşadyp
alyp  gel.Nätse‐de  özüňki‐dä.Ỳogsam‐ä  ylalaşyk  barka  beýdeni  üçin  garagyň  çyksyn diýäýmeli welin ….. Hany gaýrat et‐de bu gün – erte ugra bakaly.
Ine şu maslahatdan soň Şükür bagşy Bejnurt hany Ybraýym hanyň üstüne gidýär. Baryp,  habaryny  aýdanda  Ybraýym  han  ör‐gökden  gelýär.Iki  sany  beýik  hanyň  ylalaşygyny  bozup,  talaňa  geleni  üçin  Dykma  serdara  agyr  jeze  berjek  digini
aýdýar. Nurberdi hana gatyganýar.Galmagal edýär. Şükür  bagşy  tä  han  köşeşýänçä  sesini  çykarman  oturýar.Ahyry  ardynjyrap  ýuwaşja gepleýär:
‐‐Ybraýym han diýýän‐ä, meň‐ä zarym bar,zorum ýok.sebäp günä bizde.wadany  bozan biz.Ỳöne name, Dykma serdaram bir yňdyrma adam‐da.Ỳogsam iliň hany  möhür basyp,äht edensoň her kim edenini edip ýörse bolmaz ähbetin.Ỳöne indi  bolmasyz iş bolupdyr.Nätse‐de ylalaşykly çözmeli bor bi düwüni.
‐‐  Ylalaşykly,  çözmeli  bolsa,  bagşy  ýigit,  Dykmaňyzy  zyndandan  boşatmak  üçin  agyr salgyt tölemeli bolarsyňyz.
‐‐ Aý, han aga, salgyt meseläňizi goýaweri.Öňem ilde zat ýokur.
‐‐ Onda sen nähilli çözmekçi bi meseläni, hany aýt‐da, meň ýerime özüň bolsaň  näderdiň ?
‐‐ Nätjegimi  bilemok  han  aga,  ýöne men  bir  temsal aýdaýyn.Şolam  saňa  ýarasa  gerek.
Han bilesigelijikli bilen owsundy.
‐‐ Hany aýt, o nä tymsalmyş?
‐‐Aýtsam bejnurt soltany, men seň adyňy kyýamata ahyry boýunça ýytmez ýaly  etjek. Ynsanyýet näçe ýaşasa, seň adyňam şonça ýaşar ýaly etjek.
‐‐ O nähilli meň adymy müdümlik ýaşar ýaly etjek?
‐‐  Omy,  seň  adyňa  bir  saz  döretjek.Ana,şolam  seň  adyňy  ömürbaky  il  içinde  tutular  ýaly  eder. Ỳöne  maňa  biriki  gün  puryja  ber.özünem  asuda  bolsun. Adam  maňa päsgel bermesin.
Han töweregine göz aýlady‐da:
‐‐ Bolýa, seň diýeniň bolsun.—Diýidi
Üç günden soň Şükür bagşyny hanyň huzuryna getirdiler.
‐‐ Ỳeri, Şükür bagşy, hany, üç günde name iş bitirdiň. Aýt, göreýli.
‐‐ Han aga, öňat saz döretdim.Adyna‐da Ybraýym şadilli diýdim.Hawa, Ybraýym‐a  öz  adyň. Şadilli  seň  taýpaň  ady. Ybraýym  han  diýsemem  bolardy  weli,  ýöne  Ybraýym şadilli bolanda has gowy bolar. Hemmä mälim bolýar.
Han ähli aýallaryny, çagalaryny ýanyna çagyrdy‐da, durşy bilen gulaga öwrüldi.
‐‐ Hany, çal onda sazyňy.
‐‐  Han  aga,  sazy  gowy  diňle,  bi  sazda  seň  Nogaý  aýalyň  öýmudykläp  ýörişide,  Kürt  aýalyň  tans  edişi‐de,  Pars  aýalyň  näz  kereşmesi‐de,  Gülkamar  gyzyň  şadyýanlygy‐da,  Bagdatdan  ýaňrak  alan  gyzyň  näzeninligide,  çar  bagyňda  saýraýan bilbilliň owazy‐da bardyr bu sazda.— diýip, “ Ybraýym şadillini “ çalyp berýär. Bu saz hanyň aýallaryna‐da, çagalaryna‐da, özünede diýseň ýaraýar. Bejnurt  hany  Ybraýym  han  öz  adyna  döredilen  sazy  özüniň  köşk  sazandasyna  öwredenden  soň,  nökerleri  bilen  Dykma  serdary  ýesirlikden  boşatýar. Şükür  bagşa bolsa, halat, serpaý ýapyp yzyna ugradýar.
Hawa, bu sazy biz  günde‐günaşa Radiodan “ Ybraýym şadilli “ diýip diňleýäris.

Allaberdi DURDYÝEW
Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 62 | Добавил: Gurgencli | Теги: Allaberdi Durdyýew Arne Goli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 10
0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jûrjanly, makalalary-da yalñyş goyyañ, aydym-saz sungaty we onuñ taryhy b.n baglanyşykly makalalar û.n saýtyñ yorite "Aydym-saz sungaty" bölümi bar

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Durdiýewmi Durdyýew?

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Arne Goli hä Durdiýew diýip ýazypdyr.

0
5 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Dogry Durdyýew bolmaly, üns bermändirin. Arne Goliň eserlerinde harp ýalňyşlary juda kän, başardygymdan görenlerimi düzedýän.

0
6 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Bäh Indi öňki goýulanlaram düzetmeli bolarmyka, Has aga?

0
7 Dunya   [Mowzuga geç]
Kömek gerekmi ekem? smile

0
9 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Gerek dälä diýmerin, elbetde smile . Eger ýaltanmasaň kitabyň öňki goýulan bölümlerini sen düzedäý smile

0
1 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Gaty gyzykly gördüm makalaňy. Öň eşitmändim muny. Arne Goliniň başga näme kitaby bar bolsa elektron poçtadan paýlaşaý Gürgençli dost.
dovletmyrat.nurmedov@gmail.com

0
4 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Pdfdriweň üsti bilen poçtaňa ugratdym. Mb az gidýärda şeýtseň:)

0
10 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Köp sag bol. Aldym.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: