18:40
Kararsyzlyk. Sen bolsaň näme karar bererdiň?!
KARARSYZLYK. SEN BOLSAÑ NÄME KARAR BERERDIÑ?!

Bir zat ýazmak isledim. Ýöne näme?! Bilmedim. Nämedir bir zat.
Gel gowsy özüm barada ýazaýyn:

Geçmişi unudup, täze ýerde hemme zady täzeden başlamakmy añsat?!
Ýa-da geçmişde bolan ýalñyşlyklary düzedip, geçmiş bilen iç-içe öñki ýeriñde ýaşamak?!

Diýeli, täze ýerde hemme zady täzeden başladyñ, bir gün bolmasa bir gün geçmişden bir pursat aklyñy çelmezmi, seni geçmişe dolamazmy?!
Ýa-da ýalñyşlyklary düzedip, geçmiş bilen iç-içe öñki ýeriñde ýaşañda, her ädimde öñki ýalñyşlyklaryñy görüp ýalñyşmajak bolup ýalñyşmazmyñ?!

Geçmişiñi taşlap hemme zady täzeden başga ýerde başlajak diýip gaçyp gaýtmaklyk, gorkaklyk dälmidir eýsem?!
Başgalaryna mert görünjek bolup, özüñe eziýet berýänligini bilibem geçmişiñ bilen ýaşajak bolmaklyk nä derejede dogry?!

Awtor: Akif TÜRKMEN.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 81 | Добавил: Allaberdi | Теги: Akif TÜRKMEN | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 12
0
12 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Elbetde, türkmen dili baý dil. Şirin sözli gora baý dil. (Bilýäne).

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Belki, bu aýdýanymdanam has kämil terjime edip bolardy. Türkmen dili baý dil. Hiç bir dili küýsetmeýän şireli, mañyzly baý söz gory bar (yerlikli ulanyp başarana)..

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Terjime häzirki türk diliniñ täsirinden çykyp bilmändir . Türkmençe ys berjek bolsañ, meselem, şeýleräk terjime etmeli: "Kararsyzlyk" däl-de, "Näalajedeýinlik"... "Sen bolsañ näme karar bererdiñ..." däl-de, "sen bolsañ (ýa-da "özüñ bolsañ" näme karara gelerdiñ (ýa-da "näme netijä gelerdiñ")" we ş.m...

Tema giribem durjak däl. smile

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Terjime häzirki türk diliniñ täsirinden çykyp bilmändir . Türkmençe ys berjek bolsañ, meselem, şeýleräk terjime etmeli: "Kararsyzlyk" däl-de, "Näalajedeýinlik"... "Sen bolsañ näme karara gelerdiñ..." däl-de, "sen bolsañ (ýa-da "özüñ bolsañ" näme karara gelerdiñ (ýa-da "näme netijä gelerdiñ")" we ş.m...

Tema giribem durjak däl. smile

0
8 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Haweran, awtordan rugsat aldym.

0
7 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Düşünen bolsam arap bolaýyn

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Paýlaşyjy diñe eseriñ hakyky awtorundan rugsat alan ýagdaýynda islendik yerde ýayradyp bilýär.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şeýle-de, bärde paýlaşan bloguñy başga saýtlarda paýlaşma, ýa-da başga saýtlarda paýlaşanyñy bärde paýlaşma. Beýtmäge diñe eseriñ hakyky awtorynyñ hukugy bar (ýagny ol öz ýazan zadyny islän ýerinde paýlaşyp bilýär). Paýlaşyjynyñ bu hereketi awtorlyk hukugynyñ bozulmalaryna girýär.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Allaberdi, aýyplaşma, hili pes, terjimesi gowşak bloglary paýlaşýarsyñyz..

0
3 jumagylyjovao   [Mowzuga geç]
"Öz-özüňden nirä gaçyp bolar?" diýen ýaly bolupdyr.

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
Soragy kim berya, kim jogaplayar? Duşuner yaly dal.

0
1 Dunya   [Mowzuga geç]
Awtoryň adynyň ýerine başga zat ýazypsyňyz

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: