17:50
Palta / hekaýa
PALTA

Gijäň birmahallary aýalym howsala bilen meni ukudan oýardy:
– Gyw, tur! Bir-ä derwezäni ýumruklaýar. Öýüňe tigir dakyp, süýräp gitselerem biljek gümanyň ýok. Tur-a!
Men äm-säm bolup, dikelip oturdym.
– Bar, gör-ä indi. Özüni öldürdi, eşdeňokmy şakyrdysyny?
– Eşidýän… Kim ol?
– Ärim! – diýip, aýalym janyýangynly hüňürdedi. Yz ýanyndan "Äriň bolsa, bar tur-da, özüň aç-da. Maňa nämüçin aýdýaň?" diýerimden çekinýän ýaly, äheňini ýumşatdy. – Men näbileýin kimdigini. Kim bolanda-da, habaryny almaly bor-a.
Derweze dynuwsyz kakylýardy. "Açmalymy, açmaly däl?" diýip pikir etdim. Bimahal çak kimkä? Nämüçin geldikä? Adatça bular ýaly wagt gapy kakýan adam biriniň öldi habaryny getirýär. Kim öldükä? Ýa öýüni tapman ýören serhoşmyka? Behh… Çagyrylmadyk myhman! Garaşylmadyk adam! Giçden soň… I-i-i… Birden başlyk bolaýsa! Aradaky ýaly…
Böküp turdum. "Kim sen? Näme gerek" diýmezden, baryp, derwezäni açdym. Açyşym ýalam tisginip gitdim. Öňümde eli paltaly, çepiksije, nätanyş jahyl haşlap, sojap, gözüni gyrpman, ýüzüme seredip dur.
– Hawa? Näme hyzmat? – diýip, daşky çyranyň yşygyna ony boýdan-başa synladym. Pukara bir ýigide meňzeýär. Eginbaşy köne, aýakgaby ýyrtyk. Özem gaty ýadaw görünýär.
– Neme… Men şu gaýraky ammaryň garawuly. Üç günden bir gün nobatçylyk çekýän. Özümem ýaňyrak öýlendim. Kireýine ýaşaýan.
– Ýeri, onsoň?
– Ýaňy, iş arasynda, edil ýüregim bir zady syzýan ýaly, öýden habar tutaýyn diýip gitdim. Öýe golaýlamda içeriden bir hümürdi eşdilýär. Diň salyp görsem, erkek adamyň sesi. Gelenimi bildirmän, gapa gulak goýup, biraz durdum. Gürrüňlerini aýyl-saýyl eşitdim. Bigäne erkek bilen ikiçäk oturan gelniň düzüw gürrüň etmejegi belli zat. Ýoňsuz bergä batyp, ölüp-ölüp ýeten gelnim azgyn ekeni. Çermeksiz ekeni. Işde mahalym oslanmajak wejeralyga baş goşup ýören ekeni. Ine, onsoň şu paltany nädip elime alanymy bilemok. Haçan aldym, nireden tapdym, bilemok. Ýöne gapa ýetmänkäm paltaly elimiň gowşanyny bilýän. "Häzir ikisinem palta bilen çapsam, bular-a öler gider. Menem ýygnarlar. Basarlar. Iň agyr jezany bererler. Azgynçylyk edýän-ä olar, jebir çekmelem men. Bu karam bolýar-a" diýip pikir etdim. Onda näme etmeli? Titräp, saňňyldap, elim paltaly aýgyt edip bilmän, kän durdum. Ahyry hiç zadam etmeli däl diýen pikire geldim. Aýrylyşyb-a biljek däl, nä günlük bilen öýlendim. Bergim kekirdekden. Bi palta-da gowulygyň üstünden eltjek däl ekeni. Onsoň görmedik, bilmedik bolup gezibermekden başga ýol görmedim…
– Häk, bolmandyr-ow. Gaty gelşiksiz ýagdaý… – diýip, men gynandym. Oglana haýpym geldi. – Indi? Menlik näme hyzmat? – diýip, oňa nädibem bolsa, kömek etmek isledim.
Ol gara-ört ýüzüni gizläp:
– Sen meni tanamadyňmy? – diýip sorady.
– Hany ýüzüňi bir galdyr, özüňi tanatjak bolsaň!
Ýüzüni galdyrdy. Dikanlap, mazaly synladym. Bir ýerde gören ýaly. Sudury tanyş. Kimkä bi bedibagt, allajanlarym?!
– Ýok, tanabilmedim. Äý, huş galdymy indi? Özüň nemedäýmeseň…
Ol ýene kesä bakdy.
– Hmm… Ir döwür, ýaňy öýlenip, şähere göçäýen wagtlaryň ýadyňdamy?
– Hawa.
– Kireýine ýaşaýadyň…
– Hawa.
– Gündiz ýatyp, gije ammarda garawulçylyk çekýäniňem bilýäňmi?
– Behh… Hawa. Sen bu zatlary nireden bilýäň? – diýip, men haýran galdym. Sebäbi ondan bäri gaty köp ýyl geçipdi. Hasaplap görsem, kyrk ýyl dagy bolan ekeni. Bu öňümde duran bolsa, ýaňy kyrkyň ýaryny ýaşana çalym edýär.
Ol sowala jogap bermän, ýene özüme soragly ýüzlendi.
– Hany, şo döwri oňatja ýadyňa sal. Men hiç kime meňzämokmy?
Ýene dikanlap, mazaly synladym. Şo döwürde bile işleşen oglanlarymyň biriniň ogly dagysymyka diýip, şunça oýlandym. Kime meňzetjegimi bilmedim.
– Bir gören ýüzüm öz-ä… Teý ýadyma düşenok.
Ol tanalmanlygyna gynandy, kejikdi. Içini hümledip, dymdy.
Bimahal çak eli paltaly syňsyraklap ýören bu ýigidiň aklynyň düzüwdigine şübhäm bolmasa-da, howatyrlanyp, ony tiziräk ugradanymy kem görmedim.
– Sen ol ammary taşlap gaýdyp, ýaman arkaýyn welin…
– Arkaýyn däl. Gitmeli men. Ammarda adam ýok.
"Onda näme müň takal okap dursuň bärde" diýip içimden igendim. Daşymdan bolsa:
– Ammary biri göterip gidibermesin. Sen seresap bol. Iş ýeriňde otursaň gowy bolar – diýdim.
Ol ýuwdundy. Ajymtyk ýylgyrdy.
– Behh… Seň meni tanamaýşyňa haýran.
Başga wagt bolsa gyzyklanyp, ony hökman tanajak bolardym. Häzir uky bürüp, heläk edýänligi üçin:
– Tanamadym… Bor onda. Men-ä ýatmakçy. Ukym gelýär – diýip, gönüledim.
– Nememi… Aý, bolýa, tanamasaň zeleli ýok. Aslynda-da men tanyşaýyn diýib-ä gelmedim.
"Onda nämüçin geldiň?" diýip gözüm bilen sorag berdim.
– Şu paltany gowşuraýyn diýip geldim… Gerek bolsa…
Nähili tentek oglan eken-aý bi?! Ýeri, men seň paltaňy başyma ýapaýynmy? Ýa paltany maňa berip, hile gurjak bolýarmyka? Şu palta bilen öýünde bir iş goparyp gaýdyp, indem günäsine meni şärik etjek bolýan bolmasyn? Şuň maksady näme? Açyk pyşgyrybam bilenok welin, niýeti düzüw gümbaş däl. Başymdan bela bolup inmänkä, nädibem bolsa, ugradaýyn.
– Gerek däl. Palta geregme däl. Başga aýtjak zadyň ýok bolsa, men-ä ýatjak – diýip, gödeksi jogap berdim.
Ol seňrigini ýygyrdy-da:
– Hä, bolýa-da. Geregi ýok bolsa, men-ä ýöredim onda. Ammary göterip gitmänkäler iş ýerime baraýyn – diýdi.
– Bolýa, sag bol – diýip hoşlaşdym-da, derwezäni içinden kiltledim. Uludan dem aldym. "Indi bir gitdimikä şü? Henizem paltasynyň sapyny oýnap duran bolmasyn?" diýip, derwezäniň yşyndan yşykladym. Ýok, hanha, paltasyny bir elinden beýlekisine geçirip, çalaja sykylyk atyp, haýsydyr bir aýdyma hiňlenip gidip barýar. Gijäň ümsümliginde onuň sykylygyndaky aýdymyň heňi gulagyma durman gelýär. Öz-ä tanyş ýaly, köne aýdymlaryň birine meňzeýär. Bu gamgyn aýdymy bu çaklarda aýdýan ýok. Onsoň men kem-kemden uzaklaşyp barýan oglan sykylygyna goşup, içimden şol aýdyma hiňlenip gördüm. Heňini tapdym. Diýmek, öň bir ýerde diňläpdirin. Nirede diňledimkäm? Birden ýüregimiň iň bir näzik ýerini pos baglap giden kütek pyçak syhaýan ýaly bolup gitdi. Gaýtadan derwezäniň yşyndan seretdim. Seretdim-de, agyr jeňden ýaradar dolanyp gelen esger ýaly, argyn halda yranyp, ýeňsesini tüňňerdip barýan eli paltaly ýigdekçäni – mundan kyrk ýyl ozalky geçmişde galan özümi tanadym.

14-nji noýabr, 2014-nji ýyl. Mary.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 629 | Добавил: Adalat19 | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Biwepalyk sebäpli dörän ahmyr adam ölýänçä içden çykmaýan bolarly...

0
1 Kitapcy   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: