00:09
Men geldim
MEN GELDIM

Men geldim,
Haýamyñ duşap aýagyn,
Heserlimiñ halyn sormaga geldim.
Duýgulardan galamyma ot düşüp,
Çykdygym ýerlere girmäge geldim.

Sen meñ sogabym,
Meniñ günämsiñ,
Gije mynajatym, saba senamsyñ.
Aýralyga toba etdim, ynansañ,
Göwnüñden gümany syrmaga geldim.

Tylla jamda
Meý içilýä aýazlap,
Seni öz-özümden bilmedim gizläp,
Güýçli gollaryñda saçlarym çözläp,
Seçeläp, seçeläp örmäge geldim.

Men geldim,
Haýamyñ duşap aýagyn,
Heserlimiñ halyn sormaga geldim.
Meni çykmazlara salyp, lowlanyñ
Oduny ölçerip görmäge geldim.

Orazbibi MÄLIKGULY gyzy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orazbibi Mälikguly gyzy | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Arzyman   [Mowzuga geç]
«Men iň ýowuz düýşlerden geldim» diýýä ol gün biri)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: