23:00
Namyk Kemaly kim öldürdi?
NAMYK KEMALY KIM ÖLDÜRDI?

1872-nji ýylyñ 9-njy apreli.
Şondan üç gün öñ sud edilmezden tussag astyna alnan Namyk Kemal we onuñ dört ýoldaşy sürgüne ugradylýar. Olar gizlinlikde "Müsür" gämisine mündürilýär. Namyk Kemal palubadan iñ soñky gezek Stambula nazar aýlaýar. Onuñ göwnüne bolmasa, tutuş şäheriñ ilaty bu adalatsyzlygyñ öñüni almak üçin aýaga galan ýalydy. Portda adam-gara ýokdy. Ýogsam bolmasa, bir hepde öñ halk Stambulda "Pidaýy Kemal, Pidaýy Kemal!" diýip, tolgunşykly çykyşlary gurnapdylar...
“HÜRRİYET” ("Hurriet") gazetiniñ adyny goýan ýazyjy. Ol mundan başga-da birtopar sözi we düşünjäni türk diline ymykly girizipdi. Watan, millet, wyždan, ynkylap, ihtilal (rewolýusiýa), syýasyýat (syýasat) matbuat (metbugat), hökümet, hyýal, heýjan we ýene nijeme söz...
1840-njy ýylyñ 21-nji dekabrynda dünýä indi.
On dokuz ýaşynda "Tasvir-i Efkâr" gazetinde işläp başlady.
Ýigrimi bäş ýaşynda "Tazminat" we "Yslahat" permanyny ýetersiz hasaplaýan ilkinji gizlin syýasy toparlanşyk bolan "Täze osmanlylar" (“Yeni Osmanlılar Cemiyeti”) jemgyýetiniñ düýbüni tutmaga gatnaşdy. Konstitusiýany güýje girizmese, Soltan Abdylezizi tagtyndan indirmäge taýýarlanýardylar. Aralaryndaky bir ýoldaşynyñ jansyz bolup çykyp, bar işi püçege çykarandygy sebäpli, Zyýa beý bilen daşary ýurda gaçdy. “Hurriet”-i Londonda çykardylar.

MAKALA GADAGANÇYLYGY

1870-nji ýylyñ 24-nji noýabry...
Patyşa günä geçişlik yglan etdi, Stambula dolandylar.
Süleýman Nazyf aýtmyşlaýyn, Ýewropa pyçak bolup gidip, päki (ustura) bolup dolanypdy.
Monteskýeden we Russodan täsirlenipdi, respublika düşünjesi bilen tanşypdy. Dosty Ebuzziýa Tewfikiñ çykarýan “Hadika” žurnalynda işlemäge başlady. Ýazgylarynyñ aşagyna "Baş habarçy" (başmuharrir) manysyny berýän “B.M.” harplaryny goýýardy.
Çünki, bagyşlanmagynyñ ýeke-täk şerti bardy: syýasatdan uzak durmalydy we makala ýazmaly däldi. Emma ol ýazyp bolmaýan durmuşy göz öñüne-de getirip bilenokdy. Öweý daýysy Mahir beý bilen “İbret” gazetini aldylar. “Hadika” we “İbret” döwlet apparatyny tankyt edýän makalalary çap etdi. Iki gazetem "döwletdir hökümetiñ edebine" (“adab-ı devlet-ü hükümet”) garşy çykyş etmekde aýyplanyp ýapyldy. Namyk Kemaly Stambuldan uzaklaşdyrmak üçin Gelibola mutasarryf (gubernator) edip ugratdylar. Emma ol bärde uzak durmady, üç aýyny geçirip, Stambula dolandy. Emma žurnalistlik edere hiç hili mümkinçilik we şert goýmandylar. Elini gowşuryp durmady, sahna eserini ýazdy: "Watan ýa-da Silistra" “Vatan Yahut Silistre”.

ÇYKYŞ GURNALÝAR

1873-nji ýylyñ 1-nji apreli.
Gedikpaşa teatrynda "Watan ýa-da Silistra" pýesasy sahnalaşdyryldy. Watany söýmegiñ ony goramakdygyny aýdýan pýesa halky duýgulandyrdy, heýjana saldy. Halk “Ýaşasyn Watan!”, “Uzak ýaşa, Kemal beý!” diýip gygyrmaga durdy. Şatlykly çykyşlar munuñ bilenem çäklenmedi. Köçä çykyldy. Spektaklyñ afişasynyñ aşagyna pýesanyñ awtorynyñ ady "Pidaýy Kemal" (“Fedai Kemal”) diýip ýazylgydy. Ýaşlar elleri fakelli, dilleri “Pidaýy Kemal” sloganly ýöriş gurnadylar.
Spektaklyñ ikinji görkezilişi hasam şüweleñli boldy. Nury beý, Bereketzada Ysmaýyl Hakgy beý pýesany mazamlap makala ýazdylar. Köşk bolýan zatlardan ynjalyksyzlandy.
Bäş žurnalist - Namyk Kemal, Nury beý, Bereketzada Ysmaýyl Hakgy, Ahmet Mithat, Ebuzziýa Tewfik tussag edildi. Sudam etmediler, olar hakyndaky karar sürgündi. Nämede aýyplanýanlarynam bilenokdylar. Günälerini we berlen jezany 9-njy aprelde “Müsür” gämisine mündürilende müñbaşy (maýor) Bahriden eşitdiler.
Tutaryk “Watan ýa-da Silistra” däldi(!), tutaryk - žurnalistlik etmek we zyýanly habarlary çap etmekdi...

IÑ SOÑKY BAKYŞ

Namyk Kemal berk howpsuzlyk çäreleriniñ astynda gizlinlikde getirilen “Müsür” gämisiniñ palubasyndan iñ soñky gezek Stambula nazar saldy. Hamala bir hepde öñ “Pidaýy Kemal” diýip gygyrşanlar porty dolduryp, bu adalatsyzlygyñ öñüne bent bolaýjak ýalydy. Portda yns-jyns ýokdy... “Müsüriñ” barýan ugruny bilýänem ýokdy.
Ahmet Mithat we Ebuzziýa Tewfik Rodosda düşürildi, olaryñ sürgün ýeri bu adady.
Namyk Kemal Kipre äkidildi, onuñ sürgün ýeri Famagustady.
Beýleki iki žurnalist bolsa Akka galasyna tabşyryldy. Olar üçin Osmanlynyñ çäklerinde at-owazasy ýaýran belli sürgün ýerlerindäki galalar saýlanyp alnypdy. Berlen jezanyñ belli möhleti ýokdy. Ymykly düzelýänçäler dowam etmelidi.

KYNÇYLYKLY GÜNLER

Namyk Kemalyñ Famagusta galasyndaly sürgünlik durmuşy 38 aý dowam etdi. Mazara çalym edip duran kiçijik daş hüjre ýaşar ýaly däldi. Gala topçular üçin salnyp, ýaşamaga niýetlenmedik bolansoñ, çygly we sowukdy. Birnäçe gezek ysytma keseline ýolukdy, ajy guýy suwuny içdi. Iýer-içer ýaly zatlar aşa gymmatdy.
Adada bir kawaler kapitan, dört kawaler we iki topçy rýadowoýdan ybarat ýedi adamlyk howpsuzlyk wzwody bardy. Gapynyñ öñünde iki nobatçy durýardy. Ýekedi. Ýylan-içýanlary, kelpezeleri, syçanlary we bit-büreleri dost tutundy. Garynja saklady.
Famagastada iñ kän zat - wagtdy, şonuñ üçin ol bar wagtyny edebiýata sarp etdi. "Akif beý", "Gülnahal", "Biçäre çaga", "Gara bela" ýaly belli eserlerini şu ýerde ýazdy. Zol-zol maşgalasyna, dost-ýarlaryna hat ýazdy. Onuñ bar tesellisi hatlar we kitaplardy. Edebiýat onuñ gaýgy-gamyny biraz ýeñledýärdi. Birem agy, ahy-nala gatyşykly (pessimistik) goşgulary ýazdy. Başyndan geçýän görgüdir horluklaryna gynanýardy, maşgalasyndan, dost-ýarlatyndan we žurnalistlikden alysdady. Maşgalasy dargapdy, maddy ýeter-ýetmezçilikleri bardy. Ýöne... çekýän horluklary, gaýgy-hasratlary onuñ ynanyp ömrüni bagyş eden ýolundaky güýjümi we aýgytlylygyny berketdi. Özüne bolan ynamyny artdyrdy. Iñ oppozision häsiýetli eserlerini şu döwürde ýazdy. Hiç haçan puşmanlyk duýgusyny göwnüne getirmedi. Ruhuny belent tutdy. Azatlyga barýan ýoluñ kynçylykly geçjegini ol gowy bilýärdi. Ýurdunda bolup geçýän zatlara biperwaý garasy gelmedi. Hut şonuñ üçinem azmlydy. Ömrüniñ ahyruna çenli şahsy bähhidi üçin, diñe özi aman galmak üçin hereket etmedi, muny añyna-oýuna-da getirmedi, ol beýtmegi bigaýratlyk saýýardy.

SÜRGÜNDE ÖLÜM

1876-njy ýylyñ 23-nji noýabry.
101 gezek zalply top atyşy arkaly Konstitusiýa yglan edildi. Tagta Soltan Myrat V geçdi. Namyk Kemalyñ sürgün jezasy gutardy.
Emma...
Stambulda kän durup bilmedi, tagta çykan Soltan Abdylhamyt II mejlisi dargadyp, konstitusiýany ýatyrdy.
Namyk Kemal bu gezek Midillä sürgün edildi.
Onuñ sürgünlik durmuşy Rodosda dowam etdi we... 48 ýaşynda bakyýete göç etdi.
Onçakly gartaşmadyk ýaşda ýaş ölmeginiñ sebäbi-de sürgünlik ýyllarynda başdan geçiren horluklarydy.
Şindi haýsyñyz aýdyp bilersiñiz: Namyk Kemaly kim öldürdi?
Adamyñ janyna kast etmek diñe ýarag güýji bilen, bomba bilen bolýandyr öýtmäñ...
Namyk Kemal jenaýatyñ pidasy boldy.
Öz wesýetine eýerip, Balaýyrda jaýlandy. Mazaryny Tewfik Fikret oñardy. Ölüminiñ öñ ýanynda ýazan setirlerini şol wagt hiç kim mazar daşyna ýazmaga bogny ysmady:

“Öläýsem görmänkä, halka arzuwlan feýzimi,
Ýazylgy sengi-gabrymda "Watan mahzun, men mahzun"

(Ölürsem görmezden millete ümid ettiğim feyzi;
Yazılsın seng-i kabrimde; Vatan mahzun, ben mahzun.”)


Namyk Kemal okady, türmä atyldy.

1905-nji ýylyñ ýanwary. Stambul.
Sirkejide bir öýe harbylar bir operasiýa gurnady. Öýde kireýne ýaşaýan Harby akademiýanyñ uçurymy bolan iki sany ýüzbaşy (kapitan) tusag astyna alyndy. Ikisi-de 24 ýaşyndady.
Operasiýa gatnaşýan harbylaryñ ünsüni öýdäki kitaplar çekdi. Ýewropada çap edilen dürli žurnallardan we gazetlerden kesilip alnan hapa-paýyş sözli tekstlerem az däldi. Hapa sözleriniñ gyrasynda şol bir ofiser tarapyndan ýazylan bellikler bardy. Aýratynam kitaplar howpludy - olar Namyk Kemalyñ eserleridi! Hemmesini aktlaşdyryp, halta gapgardylar.
Ofiserlerden birinuñ konferensiýa nutuklaryny ýatladýan ýazgylaryna-da el uruldy.
Iki ofiser öý döküşlik gutaransoñ, "Bekiraga bölügi" diýilýän, şol wagtyñ syýasy tussaglarynyñ saklanýan (häzirki Beýazitdäki Stambul uniwersitetiniñ baş kampusynyñ (şäherçesiniñ) içinde ýerleşýän) türmä salyndy.
Içerdäki ofiserleriñ biriniñ ady Ysmaýyl Hakgydy. Beýlekisi bolsa golagasy Mustapa Kemal...

MUSTAPA KEMAL "BEKIRAGA" ZYNDANYNDA

Tussag astyna alnan ofiserleriñ sany dörtdi. Şolaryñ biri-de Aly Fuat (Jebesoý) diýilýändi. Mustapa Kemal we Aly Fuad harby gimnaziýadan (liseýden) bäri ýakyn dostdy. Mustapa Kemalyñ Selanikdäki maşgalasy hepdäniñ ahyrynda ýygy-ýygydan dosty Aly Fuadyñ Salajakdaky öýlerine görme-görşe giderdi. Aly Fuadyñ kakasy Ysmaýyl Fazyl paşa döwrüniñ tanymal harby gullukçylaryndandy. Ol Mustapa Kemaly diýseñ gowy görýärdi. Ol bir gezek Aly Fuady Mustapa Kemal ýaly adam bilen dostdugy üçin sagbolsun aýtdy. Çünki Ysmaýyl Fazyl paşa Mustapa Kemal bilen özara pikir çekişmesine girip heziller edýärdi. Mustapa Kemal bilen Aly Fuat kitap okamaga, dünýäde nämeleriñ bolup geçýändigini bilmäge höweslidiler. Iki dost "Bekiraga" zyndanynyñ oñaýsyz şertlerinde-de kitap okamaklaryny dowam etdirdiler. Ot minderleriñ üstünde ýatdylar, sowuga, açlyga döz geldiler.
Ahyrsoñy nämüçin tussag edilendiklerini bildirler: Soltan Abdylhamyt II-ä bombaly terakty amala aşyrmagy meýilleşdirmek!
Bildirilýän aýba özleri haýran galdy...

ŞUGUL GULLUKÇYNYÑ ZABTY

Birnäce gün geçensoñ Mustapa Kemal soraga çekildi.
Derñewçiniñ ýanyndaky öñki gullukçy aýyplamalary eşdip, haýran galdy.
Çünki bu öñki işgär harbylykdan çykarylan biridi. Ýatmaga ýeriniñ, iýmäge döwüm çöreginiñ ýokdugyny aýdyp özüne gyýyldyryp, olaryñ arasyna sümülipdi.
Bu köne işgär jaýdaky toplanşyklara işjeñ gatnaşyjy, hatda wagtal-wagtal öýde ýatymlaýyn galýan, dost sanylan Fethidi.
Fethi indi operatiwnikdi, "Ýyldyz" köşgüniñ gizlin gullugyna alnypdy.
Mustapa Kemalyñ öýde egindeşleri bilen geçirýän toplanşyklarynda nämeleri ara alyp maslahatlaşýandyklaryny ýüzüne durupdy.
Ýeri, Mustapa Kemal öýde nämeleri ara alyp maslahatlaşypdylar?
- Taryhda ynkylaplaryñ ilkibaşda progressiw kişileriñ serinde pikir halynda döräp, wagtyñ geçmegi bilen jemgyýet gaplap almagy.
- Başga halklaryñ ýazyjy-şahyrlary, progressiw adamlary gije-gündiz işläp halklaryny oýarmaga çalyşýarkalar biziñ akyldarlarymyz we ýazyjy-şahyrlarymyz nirede?
- Biziñ ýekeje Namyk Kemalymyz bar. Ol türk halkynyñ asyrlarboýy garaşýan sesini ýañlandyrdy. Emma onuñ ne şygyrlaryny, ne çykyşlaryny okap bilýäris. Bu halkyñ taryhynyñ bir ugruny kesgitleýän "Watan ýa-da Silistra" pýesasyny-da arkaýyn sahnalaşdyrmaga goýmadylar.
- Türk-grek urşunda bu flotiliýany Haliçden çykman saklamak jenaýat dälmidir? Halk patyşasyndan nämüçin hasap sorap bilenok? Barypýatan hyýanat bolan bu çemeleşmeleri eden adama Fatih Soltan Mämmetleriñ, Ýowuz Selimleriñ nesli hökmünde garamak mümkinmi?
Mustapa Kemalyñ öýdäki çykyşlarynda ýurduñ we goşunyñ bialaç ýagdaýy bilen baglanyşykly günäkär hasaplaýan adamy Abdylhamyt II-di.
Şol sebäpli şugul Fethi Mustapa Kemalyñ we onuñ egindeşleriniñ patyşany bombalajak bolýandyklary barada ýalan habary şugullapdy.
Hamala Mustapa Kemal "Hyrkaýy-şerife" (Pygamberimiziñ (s.a.w) dony) zyýarat edýän wagtynda Abdylhamyt II-niñ awtoulagyna bomba atmalydy!
Anyk senesi-de bellidi. Remezan aýynyñ 15-i!
Aslynda ortada ne bomba bardy, ne-de beýle çykyş. Öýde iki “delil” bardy:
Biri öýdäki watany halas etmäge çagyrýan çykyşlar we...

GAZET ÇYKARYPDY

Mustapa Kemalyñ Abdylhamyt II-ä garşy bombaly terakt amala aşyrjagyna ynanylmagynyñ ikinji subutnamasy - onuñ Harby Akademiýada okap ýörkä gazet çykarypdy!
Bu “gazet” aslynda golýazma usuly bilen ýaýradylan çaklañja we bir sahypalyk broşýurady. Ýazgylary köplenç Mustapa Kemal ýazýardy. Makalalar azatlyk, watan we Namyk Kemalyñ respublikan düşünjeleri baradady. Sülçüler karara geldi:
Öýde ýurduñ gelejegi barada pikir alyşan, heniz mekdepde okap ýörkä azatlyk talap edýän ýazgylary ýazan Mustapa Kemal hakyky terrorçydy!..
Mustapa Kemalyñ we Aly Fuadyñ gelejegi, döwrüñ garañky kontrrazwedkasynyñ kölegesi astyndady. Bu diñe olaryñ kärlerine däl, ömürlerine-de palta salyp biljekdi. Şübhesiz, başlaryna bir “bela” inip biljekdigini, çünki, olaryñ birnäçe egindeşleri azatlyk talap edendikleri, gazetdir kitap okaýandyklary üçin okuwdan kowlup, sürgüne gönderilipdi. Emma şindi Mustapa Kemal we Aly Fuat terrorçylykda aýyplanýardy. Kyn ýagdaýdadylar...

OKUW JAÝYNYÑ KOMENDANTY HALAS ETDI

Hawa, olar azatlyk isleýärdiler.
Hawa, olar ýurtlarynyñ ýykylyp weýran bolup we dargap barýandygyny görýärdiler.
Emma olar terrorçy däldi.
Muña iki kişi ynandy:
Biri Aly Fuadyñ kakasy Ysmaýyl Fazly paşa - "Erkân-ı Harbiye-i Umumiye"-niñ (Baş goranyş) görnükli ofiserlerdinden. Beýlekisi Harby akademiýanyñ serkerdesi Aly Ryza paşa.
Iki paşanyñ ara girmegi bilen Mustapa Kemalyñ we Aly Fuadyñ "Bekiraga" zyndanyndaky bendiligi iki aýdan soñ gutardy.
Çünki aýyplamalar hiç hili subutnamasy bolmadyk we karýera hantamaçylygynda gezýän habarçy Fethiniñ toslamalaryndan ybaratdy. Ortada bomba diýen zadyñ ady-eseri ýokdy.
Muña garamazdan iki ýüzbaşy-da sürgüne gönderildi. Mustapa Kemal Şama, Aly Fuat Beýruta gitdi.
Gynansak-da, Harby akademiýany 5-lik we 8-lik baha bilen tamamlan iki ukyply ýüzbaşy sap azatlyk isläp, mähriban ýurdunyñ gelejegi barada pikir alyşandyklary üçin kärlerine sürgün bilen başlamaly boldular.
Ýöne azatlyk talaplaryndan hiç haçan el çekmediler, tä ölýänçäler...

Soner ÝALÇYN.

"HÜRRIYET" gazeti, 13.03.2011 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 39 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 1
0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
*Haliçden çyk(ar)man saklamak...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: